Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbek telekanaly ýene-de Türkmenistandaky problemalar barada habarlary efire berdi


Ilýustrasiýa suraty

Golaýda Özbegistanyň hususy eýeçilikdäki “Sevimli” telekanaly Türkmenabadyň täze metjidiniň açylyş dabarasynyň repetisiýalaryna mejbury çekilen türkmenistanly bir garry ýaşulynyň çärede huşuny ýitirmegi barada habar berdi.

Telekanalyň “Zamon” habarlar programmasynda efire giden bu gepleşik barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 1-nji martda habar berdi.

21-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabada sapar edip, Lebap welaýatynyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri täze metjidiň açylyşyna gatnaşdyrylan ýaşulylaryň 14-nji fewral – 21-nji fewral aralygynda, bir hepdeläp, dabara taýýarlyk çäreleriniň çäginde geçirilen repetisiýalara mejbury çekilendigini habar berdi.

20-nji fewral güni, prezidentiň saparynyň öňýany, açylyşa mejbury çekilen ýaşulylara gije sagat 23:00-e çenli repetisiýa etdirildi. Neşiriň ýazmagyna görä, olara çäräniň dowamynda iýmek-içmek gadagan edildi. Dabara mejbury çekilen gartaşan raýatlaryň hataryndan süýji keselli bir ýaşuly, repetisiýalaryň depginine çydaman, huşuny ýitiripdir.

Bu habara salgylanyp, özbek “Sevimli” kanalynyň “Zamon” habarlar gepleşiginde metjidiň açylyş dabarasynyň repetisiýalarynda türkmenistanly ýaşulynyň huşuny ýitirmegi barada maglumat berildi.

“Özbek hususy kanallary Türkmenistany tankyt edýän habarlaryny köpeltdi. “Sevimli” telekanaly geçen hepde Berdimuhamedowyň Lebapdaky metjit açylyşynda çärä gatnaşan bir garry adamyň huşundan gidip, saglyk problemasynyň döremegi, resmileriň ol gartaşan raýata ýardam bermändigi barada habar berdi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Lebapdaky açylyşyň repetisiýalaryna çekilen bir gartaşan raýatyň huşuny ýitirmegi barada Azatlyk Radiosyna-da maglumat gelip gowşupdy. Ýöne şonda Azatlyk bu maglumaty ikinji çeşmä tassykladyp bilmänsoň, habary çap etmekden saklanypdy.

Türkmen prezidentiň Türkmenabada eden saparynyň öňýany, Lebabyň administratiw merkezinde prezidentiň saparyna güýçli depginde taýýarlyk görüldi. Taýýarlyklaryň çäginde Türkmenabatda jemagat hojalygynyň işgärleri adatdan daşary arassaçylyk işlerine çekildi, olara köçeler we şaýollary arassaladyldy. Arassaçylyk işlerine Türkmenabadyň jemagat hojalygynyň işgärleri bilen bir hatarda welaýatyň Sakar, Saýat, Halaç, Farap, Serdarabat we Garaşsyzlyk etraplaryndan hem işgärler çekildi.

Özbegistanyň hususy eýeçilikdäki “Sevimli” telekanaly mundan ozal hem türkmen häkimiýetleriniň “göwnünden turmajak” habarlary bilen üns çekipdi.

Kanal 21-nji ýanwarda ssenariýasy, kinofilm synçylaryna görä, Türkmenistany ýada salýan “Ýerasty Altylyk” filmini tomaşaçylara ýetirdi. Munuň yzýany, Türkmenisanyň “TurkmenÄlem 52E” milli emeli aragatnaşyk hemrasy Özbegistanyň 12 sany döwlet telewizion kanalyny alyp görkezmegi 10-njy fewralda bes etdi. Aradan iki hepde geçenden soň, Özbegistanyň “Radio-aragatnaşyk, Radio-ýaýlym we Telewideniýe Merkeziniň” metbugat merkezi ýörite beýanat ýaýradyp, özbek kanallarynyň “Türkmen hemrasyndan” aýrylmagyna “Sevimli” kanalynyň sebäp bolup bilmejekdigini belledi.

Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň türkmen-özbek serhedine golaý sebitlerinde ýaşaýan türkmenistanly raýatlar özbek kanallaryna tomaşa etmek mümkinçiligine eýedir. Serhede golaý sebitlerde radio we telewizorlar özbek kanallarynyň efir tolkunlaryny tutýar.

Özbek tarapynyň ýaýradan resmi beýanatynda “Sevimli” kanalynyň türkmen hemrasynda alnyp görkezilmändigi nygtalýar.

Özbegistanyň telekanallary mundan ozal hem Türkmenistanyň raýatlaryny gyzyklandyrýan meseleler barada gepleşikleri efire beripdi. Ýatlasak 2018-nji ýylyň iýunynda “Sevimli” telekanaly Türkmenistanyň Mary we Daşoguz welaýatlarynda çörek gytçylygy sebäpli döwlet dükanlarynyň öňünde uzyn nobatlaryň dörändigini habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG