2-nji aprelde NATO-nyň daşary işler ministleri öz ýurtlarynda global koronawirus pandemiýasyna berilýän gaýtawuly ara alyp maslahatlaşýar hem-de ýaranlygyň islendik howpa garşy özüni goramaga taýýardygyny nygtaýar.
Duşuşyk NATO-nyň 70 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek wideokonferensiýa arkaly geçirilýär.
Koronawirusyň öňüni almak üçin girizilen syýahat we fiziki aragatnaşyk çäklendirmeleri sebäpli duşuşygy wirtual usulda geçirmek kararlaşdyryldy.
30 agzalyk güýçli ýaranlyga wekilçilik edýän daşary işler ministrleri pandemiýa garşy gaýtawul tagallalaryny utgaşdyrmagyň ýollaryna içgin baha bererler hem-de islendik agressiýa hereketlerine garşy NATO-nyň tutanýerliligini we taýýarlygyny nygtarlar.
“Biziň baş maksadymyz bu saglyk krizisiniň howpsuzlyk krizisine öwrülmezligini üpjün etmekdir” diýip, 1-nji aprelde NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg aýtdy.
Ýaranlyk köpleriň Russiýa we Hytaý bilen ilteşdirýän pandemiýa bilen baglanyşykly galp maglumatlaryň öňüni almakda iş alyp barýar.
Şeýle-de, NATO-nyň daşary işler ministrleri ýaranlygyň Yrakda alyp barýan işleri barada karar kabul ederler, Owganystandaky wakalary gün tertibine alarlar hem-de geçen hepde Günbatar bileleşigine goşulan 30-njy ýarany, Demirgazyk Makedoniýany garşylarlar.