Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow oba hojalyk ýolbaşçylaryny 'gurçuk tohumlarynyň gytçylygynda günäkärledi'


Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew hasabat berýär. Arhir suraty
Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew hasabat berýär. Arhir suraty

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen oba hojalyk işgäriniň sözlerine görä, prezident gurçuk tohumlarynyň ýetmezçiligine "gaty gaharlandy", sebäbi bu döwletiň ýüpekden aljak girdejisiniň öňki ýyllardakydan has az boljakdygyny aňladýar.

30-njy martda ýurduň oba hojalygyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe hem-de oba hojalyk ministri Magtymguly Baýramdurdyýewe käýinç we berk käýinç yglan edilmeginiň anyk sebäpleri belli boldy: resmiler bazarlardaky gytçylykdan we gymmatçylykdan başga, ýüpek gurçugynyň tohumlarynyň gytçylygynda hem "günäkär" tapylypdyr.

"Goňşy Eýran bilen aradaky serhet geçelgeleriniň ýapylmagy sogan, kartoşka ýaly önümleriň bahasynyň kesgin ýokary galmagyna getirdi" diýip, radionyň çeşmeleri habar berdiler.

Bazarlardaky gytçylygy gytaklaýyn tassyklap, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlaryny artdyrmagy tabşyrsa-da, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigini tekrarlamagyny dowam etdirýär.


Resmi maglumata görä, geçen ýyl Türkmenistan pile planyny 111,5 prosent ýerine ýetirip, 2 müň 262 tonnadan gowrak pile hasylyny aldy.

"Türkmenistan gurçuk tohumlaryny esasan Hytaýdan satyn alýar we geçen ýylyň dekabrynda Wuhandan uç alan koronowirus aladalary Oba hojalyk ministrliginiň tohum söwdasyna ýaramaz täsir ýetirdi" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme, 45 ýaşyndaky oba hojalyk hünärmeni aýtdy.

Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen iki resminiň tassyklamagyna görä, bu ýyl gurçuk tohumy diňe Lebap welaýatynda ýeterlik paýlansa hem zor boldygy, galan welaýatlarda tohum 80% çemesi ýetmezçilik eder.

"Tohum ýetmezçiligi beýleki welaýatlarda geçen ýyllardaka garanda döwletiň harmanyna piläniň 80% prosent az tabşyryljagyny aňladýar" diýip, oba hojalyk hünärmeni aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu döwletiň kärendeçileriň boýnuna zor bilen dakylýan pile plany esasynda alýan girdejisine uly zyýan bolup durýar.

Azatlyk radiosy 27-nji martda Lebap welaýatynyň Kerki, Köýtendag etraplarynyň daýhan birleşiklerinde kärendeçilerden bu ýyl hem ýüpek gurçuklaryny idetmegiň ýa-da pilä derek pul bermegiň talap edilýändigini habar berdi.

Radio bu meseläni ýyllar boýy yzarlaýar we kärendeçiler gurçuk tohumyny idetmek, pile hasylyny tabşymak işleriniň daşynda korrupsiýanyň, bikanunçylygyň kada öwrülendigini aýdýarlar.


"Pileçilikde daýhanlar esasan öz güýjüne, maşgala agzalarynyň agyr zähmetine daýanýar, jaý tapýar, tut ýapraklaryny tapýar, olary ýygýar we özi gurçuklaryna getirip berýär. Bu ýerde döwletiň berýän kömegi az, ýöne döwlet önümi örän arzan satyn alýar" diýip, ýylda gurçuk tutýan kärendeçi aýtdy.

Aýdylmagyna görä, döwlet 1 kilogram piläni 1 dollar 25 sentden satyn alýar, daşary ýurtlarda 1 kilogram piläniň bahasy 30 dollardan geçýär.

Gurçuk tutmaga razy bolýan adamlaryň azalmagy hökümeti basyş ýa-da höweslendiriş çärelerini ulanmaga mejbur edýär.

Aýdaly, kärendeçini ýeriňi alarys diýip gorkuzýarlar, mekdep mugallymlary bolsa, işini ýitirmekden gorkup, gurçuk tutmaga mejbur bolýar.

Bu işde höweslendirmek çäreleri hem ulanylýar, geçen ýyl ýüpekçilere tabşyran pileleriniň her kilogramy üçin döwlet bahasyndan künjara bermegi wada berdiler. Emma kärendeçiler bu hili wadalaryň köplenç ýarpy ýa-da boş çykýandygyny aýdýarlar.

Eger-de döwlet daýhanlary arzan işçi güýji hökmünde, diňe öz peýdasyna ulanmagy bes edip, arça agaçlaryna derek ýylda 1-2 million düýp tut nahallaryny ekse, piläni hakyky bazar nyrhlaryndan satyn alsa pileçilik garyp düşen oba adamlary üçin möwsümleýin on müňlerçe iş ýeriniň döredilmegine mümkinçilik bererdi, adamlar bu işi höwes bilen ederdiler we has kän hasyl alardylar diýip, 45 ýaşyndaky oba hojalyk hünärmeni Azatlyk radiosyna aýtdy.

"Şonda hiç kime käýinç hem bermeli bolmazdy, adamlar gerek tohumy özleri tapardylar, ýaşaýan jaýlaryny tutuşlygyna gurçuklara berip, daşarda ýatmaga hem razy bolardylar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG