Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler mejbury pileçiligi agzaman, ýüpekçileriň 2262 tonna çig pile öndürendigini yglan etdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň ýüpekçileri ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, döwletiň dokma senagaty üçin çig malyň 2 müň 262 tonnasyndan gowragyny tabşyrdylar.

Bu barada wise-premýer Mämmethan Çakyýew 11-nji iýunda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň maglumatyna görä, şu ýyl ýurduň ähli sebitleri pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň hötdesinden abraý bilen gelip, bu meýilnama 111,5 göterim berjaý edildi.

Türkmenistan 2019-njy ýylda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan 2030 tonna çig pile öndürmegi göz öňünde tutýardy. Bu baradaky karara prezident Berdimuhamedow 11-nji ýanwarda gol çekipdi.

Habarda şu ýyl dürli oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, piläniň satyn alnyş nyrhynyň ep-esli ýokarlandyrylandygy aýdylsa-da, onuň öňki we häzirki bahalary barada maglumat berilmedi.

Şol bir wagtda-da, türkmen mediasy piläniň döwlet tarapyndan satyn alnyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagynyň “daýhanlaryň has-da ruhubelentlik bilen zähmet çekmegine ýardam berendigini” hem nygtaýar.

Ýöne pagta ýygymy babatda bolşy ýaly, pileçilik hem Türkmenistanda mejbury zähmet bolmagynda galýar. Bu barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ne söz açýarlar, ne-de mesele gozgaýarlar.

Azatlyk Radiosy oba ýerlerinde edara-kärhanalaryň işgärleri bilen deň hatarda, mekdep mugallymlarynyň we saglyk işgärleriniň hem ýüpek gurçuklaryny idedip, pile öndürmäge mejbur edilýändigi barada soňky ýyllarda ençeme gezek habar berdi.

26-njy aprelde Lebap welaýatyndaky kärendeçiler özleriniň ýüpek gurçugyny ýetişdirmäge mejbur edilýändiklerini we mundan ýüz öwrenlere kärende ýerleriniň elinden alynjakdygy barada haýbat atylýandygyny gürrüň berdiler.

“Kärendeçi daýhanlar pile öndürmek üçin, ýüpek gurçugyna ideg etmek islemeýärler. Ýöne häkimiýetler olary mejbur edýärler we olara kärende ýerini almak barada haýbat atýarlar. Daýhanlar tabşyrygy nalaç ýerine ýetirmeli bolýarlar” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan lebaply kärendeçi gürrüň beripdi.

Mart aýynyň ikinji ongünlüginde Mary welaýatynyň häkimiýetleriniň býujet işgärlerine, aýratyn-da oba mekdepleriniň mugallymlaryna mejbury pile öndürmegi tabşyrýandygy habar berildi.

Häzirki wagtda Mary welaýatynyň oba mekdeplerinde mugallymlara eýýäm 5-10 gramdan gurçuk paýlap berdiler diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri 20-nji martda çap eden habarynda aýtdy.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri ýurtda pudagyň maddy-enjamlaýyn we iýmit binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýändigini wagtal-wagtal tekrarlaýarlar. “Sebitlerde tut ýetişdirilýän meýdanlaryň giňeldilmeginiň hem ýerlerde ekologiýa ýagdaýyna oňaýly täsir edýändigi bellärliklidir” diýlip, TDH-nyň 11-nji iýunda çap eden habarynda aýdylýar.

Emma türkmen daýhanlarynyň ençemesi ýüpek gurçugyny saklamak we idemek bilen bagly kynçylyklaryň hem saklanyp galýandygyny, munuň üçin özleriniň zerur şertler bilen üpjün edilmeýändiklerini hem aýdýarlar.

“Ýüpek gurçugyny saklamak üçin ýörite jaýlar gerek. Munuň üçin öz ýaşaýan jaýyňdaky birnäçe otagy bir aýlap boşatmaly bolýar. Munuň üstesine-de, ýüpek gurçuklary tut agaçlarynyň ýapragy bilen iýmitlenýär. Tut ýapraklary hem ýetmezçilik edýär” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan lebaply kärendeçi 26-njy aprelde gürrüň beripdi.

Şeýle-de, ol satyn alnyş nyrhlarynyň hem öňküligine galandygyny aýdyp, häkimiýetleriň pile önümçiligi bilen meşgullanýan hojalyklara döwletiň 1 kilogram piläni olardan 7 manatdan satyn aljakdygyny aýdandygyny hem belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG