Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TN: Özüni heläklän esgeriň derňewi tamamlandy, onuň özünden başga 'günäkär' tapylmady


Saparmyrat Jumabaýew. "Turkmen.news" neşiriniň suraty
Saparmyrat Jumabaýew. "Turkmen.news" neşiriniň suraty

"Derňew diňe birnäçe adamyň: esgeriň garyndaşlarynyň, gullukdaşlarynyň we ofiserleriň, hassahana lukmanlarynyň sorag edilmegi bilen tamamlandy: durmuşsöýer ýigidi bu ädime iteklän esgerleriň, ofiserleriň hiç biri jogapkärçilige çekilmedi" diýip, "Turkmen.news" habar berýär.

Türkmenistanda harby gullukda özüni heläklän esgeriň işi boýunça derňew tamamlandy, hiç kim günäkär bolup çykmady diýip, "Turkmen.news" habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, geçen ýylyň noýabrynda harby gulluga çagyrylan Saparmyrat Jumabaýew 8-nji fewralda, Daşoguzdaky psihiki-newrologiýa keselhanasynda özüni heläkledi.

Aşgabatdaky Halkara Ynsanperwerlik we Ösüş Uniwersitetini üstünlikli tmamlan ýigit bu hassahana harby bölümde janyna kast etmäge synanyşyk edeninden soň ýerleşdirilýär.

Ol öz pajygaly ölüminden öň garyndaşlaryna gullukdaşlary we ýokary derejeli ofiserler tarapyndan yzygiderli urlup-ýenjilişini, harby bölümiň ýolbaşçylarynyň bu hili hadysalara baş galdyrmaýandygyny gürrüň beripdir.


"Derňew diňe birnäçe adamyň: esgeriň garyndaşlarynyň, gullukdaşlarynyň we ofiserleriň, hassahana lukmanlarynyň sorag edilmegi bilen tamamlandy: durmuşsöýer ýigidi bu ädime iteklän esgerleriň, ofiserleriň hiç biri jogapkärçilige çekilmedi" diýip, "Turkmen.news" habar berýär.

Neşiriň çeşmeleri mundan öň Goranmak ministrliginiň we harby prokuraturanyň bu işi bassyr-ýussur etmäge çalyşýandyklaryny habar beripdiler.

Azatlyk radiosy bilen anaonimlik şertinde gürleşen ozalky esgerleriň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, ol ýa-da beýleki esgeriň harby bölümde yzygiderli urlup-ýenjilmegi köplenç ofiserleriň göni ýa gytaklaýyn gatnaşmagynda, goragsyz hasaplanan esgerden ýa onuň ene-atasyndan pul almak üçin ýörite gurnalýar.


Şeýle-de esgerler harby bölümlerdäki pajygaly ýagdaýlaryň Goranmak ministrliginde hem, harby prokuraturada-da gowy bilinýändigini, emma ýolbaçşylaryň öz kürsülerini saklamak üçin ähli zady bassyr-ýussur etmäge çalyşýandyklaryny gürrüň berdiler.

Azatlyk radiosy geçen ýylyň awgustynda 18 ýaşyndaky esger Öwezaly Ekaýewiň Balkanabatda harby gulluk edýärkä dedowşinanyň, agalygyň pidasy bolandygyny, ol ýerde ýene bir esgeriň ölendigini habar berdi.

20-nji awgustda ölen iki esger öňden gulluk edip ýörenleriň kemsitmeleri we özara urşulmagy netijesinde wepat boldy diýip, Azatlygyň habarçysy Ekaýewiň jesediniň garyndaşlaryna jaýlamaga berlendigini, emma ölümiň sebäbini düşündirmändiklerini we derrew jaýlamagy tabşyryp, bu barada hiç kime hiç zat aýtmazlyk hakynda dilhaty alandyklaryny hem sözüne goşdy.


Şu hili ýagdaýda, esgeriň pajygaly ölümi barada daşary ýurt guramalaryna ýa neşirlerine habar berilmese, bu fakt köplenç bilinmän galýar we esgeriň ene-atasyna hiç bir kompensasiýa tölenmeýär.

Emma habar çykan ýagdaýynda, häkimiýetler esgeriň garyndaşlaryny kämahal nähilem bolsa köşeşdirmek synanyşygyny edýärler.

Aýdaly, Serhetabatda, türkmen-owgan araçäginde gulluk eden Süleýman Orazowyň yzynda galan ýalňyz ejesine, 12 we 9 ýaşlaryndaky doganlaryna, Azatlykda habar çykandan soň, merhumyň kyrkyny sowmak üçin az-owlak kömek edildi we 20 müň manat möçberinde kömek beriljekdigi aýdyldy.

Türkmenistanda esgerler diňe gyrak-bujakdaky harby bölümlerde däl, eýsem paýtagt Aşgabatda, prezidenti goraýan polkda hem her dürli agyr ýagdaýlara sezewar bolýar.

Şeýle hadysalaryň biri 2018-nji ýylyň noýabrynda boldy we gullukdaşlarynyň kemsitmelerine çydaman özüni heläklän lebaply esger baradaky habar Azatlyga dekabryň başynda geldi.

Harby gullukda bidüzgünçiligiň pidasy bolýan esgerler hakynda dymýan diňe häkimiýetler däl, eýsem, gorky-howatyr zerarly, ejir gören esgerleriň özleri, garyndaşlary hem köplenç dymmagy saýlap alýarlar.

Emma muňa garamazdan, kerkili Annagül Çöliýewa ýaly, öz ýüwürjisiniň ölüminiň derňelmegini berk talap edýänler hem iki-ýeke tapylýar. 1988-nji ýylda doglan Çöliýewanyň Azatlyga beren interwýusyndan soň, onuň harby gullukda pul üçin urlup öldürilen ýüwürjisi Ygtyýar Hydyrowa kast edenleriň käbiriniň jogapkärçilge çekilendigi belli boldy.

Türkmen häkimiýetleri, adatça bolşy ýaly, 1996-njy ýylda doglan Saparmyrat Jumabaýewiň pajygaly ölümi barada çykan habarlary ne inkär edýär, ne-de tassyklaýar.

Türkmenistanyň metbugaty, şol sanda esgerleriň durmuşy, ýurtdaky kanunçylyk barada habar bermeli gazet-žurnallar, radio-TW gepleşikleri harby gullukda bolýan pajygaly hadysalar, esgerleriň urlup maýyp edilmegi, öldürilmegi bilen bagly habarlary bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG