Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetde atyşyk boldy: dört serhetçi öldürildi, onlarça adam ýaralandy


Batken serhedindäki konflikt, 17-nji sentýabr, 2019.
Batken serhedindäki konflikt, 17-nji sentýabr, 2019.

Gyrgyz-täjik araçäginiň golaýyndaky Leýlek etrabynda bolan atyşykda gyrgyz serhetçisi wepat boldy, 13 adam, şol sanda çaga hem ýaralandy. Täjigistanyň raýatlaryndan 12 adam ejir çekdi diýip, resmi guramalar habar berdi.

Şu aralykda täjik tarpyndan üç serhetçiniň öldürilendigi habar berildi. Azatlyk radiosynyň Täjik gullugynyň Täjigistanyň Sugdi regionynyň metbugat gullugyndan alan maglumatyna görä, öten agşam gyrgyz-täjik araçäginde bolan hadysada Täjigistanyň üç serhetçisi öldürilipdir. Olaryň biri leýtenanat, ikisi esger diýip, Sugdi regionynyň metbugat sekretary Muzaffar Ýunusow aýtdy.

Gyrgyzystanyň Döwlet serhet gullugynyň (DSG) maglumatlaryna görä, 16-njy sentýabrda täjik tarapyndan Gyrgyzystanyň “Maksat” serhet birikmesi oka tutuldy, soňra Batken oblastynyň Leýlek raýonyndaky wagtlaýyn “Saý” posty hem oka tutuldy.

Netijede bir gyrgyz serhetçisi öldürildi. Sagat 21:30-a golaý atyşygyň bes edilendigi barada maglumat peýda boldy.

DSG ýörite maksatly “Boru” otrýadynyň harby gullukçysy, döwlet araçäginiň gyrgyz-täjik böleginde bolan atyşykda öldürilen Rawşan Muminowyň garyndaşlaryna gynanç bildirdi.

Serhetçi esgeriň “gulluk borçlaryny berjaý edýän wagtynda, Maksat obasynyň golaýynda bolan hadysada täjik tarapyndan atylan granatamýot okundan ölendigi” aýdyldy.

Rawşan Muminow 1978-nji ýylda Daşkentde doguldy. Onuň yzynda aýaly, üç çagasy we garry ejesi galdy.

Häzirki pursatda iki tarapyň serhet güýçleriniň wekilleri ýagdaýy kadalaşdyrmak we konfliktiň ýitileşmegine ýol bermezlik üçin gepleşik geçirýärler.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, hadysa “Maksat” postunyň golaýynda, “Futbol meýdançasy” diýilýän uçastokda boldy.

Biraz öň sosial mediada wideo peýda bolup, kadryň arkasyndaky ses gyrgyz-täjik araçäginde atyşygyň barýandygyny aýtdy. Wideo ýazgynyň awtory atyşyk sesiniň fonunda ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, adamlaryň çagalaryny alyp, obany terk edýändiklerini aýtdy.

Wepat bolan serhetçiden başga, Gyrgyzystanyň 13 raýaty ýaralandy. Bu barada Gyrgyzystanyň Saglyk ministrligi habar berdi. Guramanyň maglumatyna görä, ejir çekenlerLeýlek raýonyndaky ýerli hassahana ýerleşdirildi. Olaryň arasynda ýedi sany harby gullukçy, 12 ýaşynda bir çaga hem bar.

Şu aralykda Täjigistanyň Serhet goşunlary serhetdäki ýagdaýyň gyrgyz tarapynyň günäsi bilen ýitileşendigini, bolan waka netijesinde Täjigistanyň 12 raýatynyň ejir çekendigini habar berdi.

Guramanyň maglumatyna görä, “ozal baglaşylan ylalaşyga garamazdan, gyrgyz tarapy 2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda 18:45-de Sogdi oblastynyň Bobojon Gafurow raýonynyň Owçi-Kalaça oba jemagatynyň Bahor mähellesiniň sport meýdançasynyň çäginde näbelli bir desganyň gurluşygyna başlapdyr”.

Resmi habarda bellenmegine görä, “Bahor mähellesiniň ýaşaýjylary Gyrgyzystan respublikasynyň ýaşaýjylarynyň bikanun hereketlerine garşy çykdylar we olardan gurluşyk işlerini bes etmeklerini talap etdiler”.

Täjigistanyň serhet goşunlary “gyrgyz tarapynyň ikitaraplaýyn jedelli ýerlerdäki serhet çäklerini kesgitleýän ylalaşyga garaman hereket edendiklerini, wakanyň bolan ýerine 250-300 adamdan ybarat goşmaça harby güýçleri mobilizländigini” aýtdy.

“Soňra olar prowokasion hereketlere ýüz urdular we sagat 19:00-da Bahor mähellesiniň ýaragsyz ýaşaýjylaryna tarap ok atdylar, netijede Täjigistan respublikasynyň birnäçe raýaty ok ýarasyny aldy” diýip, guramanyň beýanatynda aýdylýar.

Häkimiýetleriň reaksiýasy

Gyrgyzystanyň premýer-ministri Muhammedkalyý Abylgaziýew 16-njy sentýabr agşamy serhetdäki ýagdaý boýunça güýç gurluşlary bilen gyssagly maslahat geçirdi.

Hökümetiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ularbek Şarşeýew maslahatda çykyş edip, döwlet serhediniň gyrgyz-täjik böleginde bolan waka hakynda maglumat berdi.

Premýer-ministr serhet ýakasyndaky raýonlaryň ýaşaýjylarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çäre görmek zerurlygyny belledi we serhet goragyny güýçlendirmegi tabşyrdy.

Muhammedkalyý Abylgaziýew “gyrgyz tarapynyň döwletara derejesinde ozal gazanylan ylalaşyklary berk berjaý etjekdigini we serhetýaka meselelerine seredilende konstruktiw çemeleşmeden ugur aljakdygyny” aýratyn nygtady.

Hökümet başlygynyň tabşyrmagy boýunça wise-premýer-ministr Ženiş Razakow we serhet goşunlarynyň başlygy Ularbek Şarşeýew Batken oblastyna ýollanyldy. Muhammedkalyý Abylgaziýewiň özi hem 17-nji sentýabrda wakanyň bolan ýerine gitdi.

Şu aralykda gyrgyz DIM-i Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekowyň Täjigistanyň DIM-niň başlygy Sirojiddin Muhriddinow bilen telefonda gürleşendigini habar berdi.

Gyrgyzystanyň prezidenti Soronbaý Žeenbekow 17-nji sentýabrda serhetdäki ýagdaý boýunça iş maslahatyny geçirdi. Ol wepat bolan serhetçiniň maşgalasyna gynanç bildirdi we ýagdaýyň mundan aňryk gyzdyrylmagyna ýol bermezlik zerurlygyny nygtady, ilat arasynda düşündiriş işleriniň geçirilmegini tabşyrdy. Žeenbekow zerur bolsa, ýaraly bolanlaryň Bişkekdäki hassahanalarda bejerilmelidigini hem sözüne goşdy.

Gyrgyz-täjik serhedindäki ýagdaý

Batken oblastynda, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň araçäginde eýýäm iki gün bäri dartgynly ýagdaý saklanýar.

Täjigistanyň raýatlary 14-nji sentýabrda serhediň belgä alynmadyk böleginde, Leýlek raýonynyň maksat obasynyň Täjigistan respublikasynyň Owçy-Kalaça obasy bilen araçäkleşýän ýerinde gurluşyk işlerine başladylar.

Bu ýagdaýdan nägile bolan ýerli ýaşaýjylar bu ýeriň golaýynda toplanmaga başlady. Ýagdaýyň ýitileşmegine ýol bermezlik maksady bilen, iki tarapyň serhet gullukçylary hem serhedi goramagyň güýçlendirilen düzgünine geçirildi. Iki respublikanyň serhet gulluklarynyň wekilleri ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin gepleşik geçirýärler.

Şu aralykda Täjigistan gyrgyz tarapynyň Isfarin raýonyny Woruh jemagaty bilen birleşdirýän ýoluň boýunda serhet-geçelge nokadyny gurmaga başlandygyny habar berdi. Olaryň sözlerine görä, Gyrgyzystan bu ýerde gurluşyk işlerine naşlamk üçin dört wagon ýerleşdirdi.

Döwlet serhediniň gyrgyz-täjik araçäginde wagtal-wagtal oňşuksyzlyk bolup durýar. 2019-njy ýylyň başyndan bäri Batken raýonynyň Ak-Saý obasynyň golaýynda toprak dawalary turmaga başlady.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekow bilen Täjigistanyň prezident Emomali Rahmon 26-njy iýulda hut Ak-saýdaky we Woruhdaky araçäklerde duşuşyk geçirdi, iki ýurduň ýerli ýaşaýjylary bilen gürleşdi

XS
SM
MD
LG