Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda harby tehnikalary garawullaýan ýaş esger welaýatyň harby hassahanasynda aradan çykdy


Illýustrasiýa suraty. Esgerler ýer sübseleýär.

Marynyň harby hassahanasyna getirilen ýaş esger aradan çykdy diýip, Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky habarçysy 11-nji fewralda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, waka 7-nji fewralda bolup geçdi. Esgeriň ölüminiň anyk sebäpleri nämälim. Onuň ölümi bilen baglylykda Marynyň harby hassahanasy saglygy seljeriş işleriniň netijelerini mälim etmeýär.

Habarçy bu ýagdaý barada dolurak maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, aradan çykan ýaş esger welaýatyň çäginde ýerleşýän harby bölümleriň birinde harby tehnikalara sakçylyk edýän wagty onuň saglygy ýaramazlaşyp, saglyk nokadyna ýatyryldy.

Azatlyk Radiosy degişli harby maksatly desgalaryň, şol sanda harby tehnikalar saklanýan harby bölümiň ýerleşýän ýeri barada anyk maglumatlary öwrenmäge synanyşýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, harby tehnikalary garawullaýan wagtynda ýaş esger birden özüni erbet duýup başlapdyr, ony dessine harby bölümiň saglyk nokadyna ýerleşdirýärler.

“Medisina nokadynda ilkinji kömegiň wagtynda berilmändigi üçin esgeriň ýagdaýy ýaramazlaşýar. Şol sebäpden esgeri Mary şäherinde ýerleşýän harby hassahana ugradýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

“Fewral aýynyň 7-sinde, esgerleriň gözüniň öňünde ýaş esger pajygaly ýagdaýda aradan çykdy” diýip, ol sözüne goşdy.

Harby tehnikalary garawullaýan ýaş esger nähili ýagdaýda, nämäniň täsiri bilen özüni birden erbet duýup başlady? Ýaş esgere haýsy şertlerde harby tehnikalar garawullatdyryldy? Ol harby kasam kabul edipdimi? Ýaş esger sakçylyk üçin zerur bolan tälim-türgenleşikleri tamamlapdyrmy?

Habarçy şeýle soraglary hem-de wakanyň takyk sebäplerini öwrenmäge synanyşýar. Onuň wakadan habarly gürrüňdeşleriniň biri anonim şertlerde habarça beren maglumatynda ýaş esgeriň “menengit keselinden” ölendiginiň öňe sürülýändigini aýdypdyr.

Ýöne Azatlyk Radiosy öňe sürülýän bu maglumaty beýleki garaşsyz çeşmelere tassykladyp bilmeýär.

“Gymmatly wagtyň elden gidendigi sebäpli esger biwagt aradan çykdy” diýip, Azatlygyň habarçysy esgeriň harby bölümindäki saglyk nokadynda oňa ilkinji medisina kömeginiň berilmändigini nygtady.

Esgeriň ady familiýasy, ýaşy we ýaşaýan ýeri ýaly maglumatlar häzirlikçe Azatlyk Radiosyna elýeterli däl. Onuň diňe ýaş esger bolandygy habarça mälim.

Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän raýatlar harby gulluga başlan gününden başlap, ilkinji alty aý töweregi wagtyň dowamynda köplenç hatarly çininde ýaş esger harby statusyna eýe bolup, sakçylyk ýa-da garawulçylyk nobatlary üçin we beýleki harby borçlary ýerine ýetirmek üçin zerur bolan tälim-türgenleşiklere gatnaşdyrylýar.

Mary welaýatynyň çägine girýän Serhetabat we Tagtabazar ýaly etraplar Demirgazyk Owganystan bilen araçäkleşýär.

Soňky günlerde serhetabatly we tagtabazarly käbir ýaşaýjylar Türkmenistanyň Owganystan bilen araçäkleşýän sebitlerinde serhetden aşan eli ýaragly owgan jeňçilerine ýygy-ýygydan duşup başlandyklaryny Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna we çeşmelerine gürrüň berýärler.

Galyberse-de, habarçylarymyzyň we çeşmeleriň mundan ozalky maglumatlaryndan mälim bolşy ýaly, türkmen goşunynda esgerler, hususan-da harby gulluga ýaňy başlan ýaş esgerler “dedowşina”, “esgerleriň arasyndaky agalyk bilen bagly problemalardan” ejir çekýär.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri soňky üç ýyl töweregi wagt bäri ýurtda ykdysady krizisiň ýitileşmegi bilen dürli regionlardaky harby bölümlerde esgerleriň iýmit ýetmezçiliginden kösenýändiklerini habar berip geldiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG