Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ilçihanasy türkmen DIM-iniň amerikan hemaýaty baradaky habarlaryň ‘nädogrudygy’ baradaky beýanatyna jogap berdi


"ABŞ dünýä boýunça COVID-19 pandemiýasyndan goranmaga hemaýat bermek üçin $274 millionlyk hemaýaty goýberdi, munuň takmynan $920 müňi Türkmenistana niýetlenen"

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ tarapyndan 20 ýylyň dowamynda köpmillionlyk ykdysady kömegiň bölünip berilendigi baradaky habarlary ret edip, birdenkä beýanat bilen çykyş etdi. Türkmen DIM-niň 7-nji aprelde ýaýradan beýanatynda “bu habarlaryň nädogrudygy” aýdylýar. ABŞ-nyň ilçihanasy Birleşen Ştatlaryň Türkmenistan bilen 25 ýyllyk, şol sanda ösüş proýektleriniň üsti arkaly alyp barýan hyzmatdaşlygyna “buýsanýandygy” barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkmen DIM-iniň beýanatyna ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň 6-njy apreldäki pres-relizinde berlen maglumatlara salgylanyp çykan habarlar sebäp boldy. Şol beýanatda, amerikalylaryň Türkmenistanyň şu ýylyň 28-nji martynda “Türkmenistandaky onlarça amerikan raýatynyň ABŞ-a dolanmagyna ýardam etmegine” minnetdarlyk bildirýändigi aýdyldy. Bu beýanatda, dünýädäki koronawirusa garşy göreşe berilýän hemaýatyň çäklerinde “Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistana laboratoriýa ulgamlaryny taýýarlamak, hadysalary tapmagy we epidemiologiki gözegçiligi güýçlendirmek, tehniki hünärmenleri jogap bermek we taýýarlyk görmek üçin goldamak, howplar barada duýdurmak we beýleki meselelerde goldaw bermek üçin 920 000 amerikan dollaryndan gowrak kömek edendigi” hem bellenildi. Şeýle-de, ilçihana “Birleşen Ştatlaryň soňky 20 ýylyň dowamynda Türkmenistana ykdysady goldaw hökmünde 201 million dollardan gowrak, şol sanda saglygy saklaýyş pudagyna 21 million dollar möçberinde maýa goýandygyny” aýdyp geçdi.


Ilçihananyň beýanatynda türkmen tarapyny anyk nämäniň alada goýandygy belli däl, ýöne munuň ertesi güni Daşary işler ministrligi ABŞ tarapyndan köpmillionlyk hemaýat berlendigi baradaky habarlary ret edip, “köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat” ýaýratdy. “Türkmen tarapy bu maglumatlaryň nädogrudygyny hem-de Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň özarabähbitlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny tassyklaýar” diýip, Türkmenistanyň DIM-niň beýanatynda aýdylýar.

Türkmen DIM-iniň maglumatyna görä, “Türkmenistanyň döwlet edaralary we ykdysady birlikleri ABŞ-nyň kompaniýalary bilen bilelikde elektroenergetika, raýat awiasiýasy, howa-älem ulgamynda, oba hojalykda we strategiki taýdan ähmiýetli bolan beýleki ençeme ugurlarda umumy bahasy $3,5 milliard barabar bolan 167 sany taslamalary (şertnamalary) durmuşa geçiripdiler”.

“Türkmen tarapy elektroenergetiki desgalarynyň gurluşygynyň, awiasiýa, oba hojalyk, gurluşyk-ýol tehnikalarynyň getirilmeginiň, şeýle-de amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işleriň hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginiň buýrujysy bolmak bilen, ýokarda görkezilen taslamalaryň çäklerindäki degişli tölegleri özüniň hususy pul serişdeleriniň hasabyna amala aşyrandyr” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda bellenilýär.


Azatlyk Radiosy türkmen tarapynyň beýanaty barada kommentariýa sorap, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutdy. Ilçihana amerikan tarapynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýtdy.

“Birleşen Ştatlar Türkmenistan bilen 25 ýyldan gowrak wagt bäri birnäçe ugurda, şol sanda kärhanalarymyzyň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygy, C5+1 regional çarçuwasy, köpugurly guramalar we, dünýädäki öňdebaryjy halkara ösüş agentligi bolan, Birleşen Ştatlaryň Halkara Ösüş Guramasy arkaly hyzmatdaşlyk edýändigine buýsanýar” diýip, ilçihananyň beýanatynda aýdylýar.

Ilçihananyň maglumatynda ABŞ-nyň dünýä boýunça COVID-19 pandemiýasyndan goranmaga hemaýat bermek üçin 274 million dollarlyk hemaýaty goýberendigi, munuň takmynan 920 müň dollarynyň Türkmenistana niýetlenendigi hem nygtalýar.


Ilçihananyň wekili hat üsti bilen iberen jogabynda ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) arkaly Türkmenistana berlen hemaýat baradaky maglumatlary görkezýän websaýtyň salgysyny hem ugratdy. Ondaky maglumatlara görä, 2001-nji ýyldan bäri Türkmenistan USAID arkaly 197 million dollardan hem aşa hemaýaty alypdyr.

Bu soňky ýylyň dowamynda türkmen häkimiýetleriniň ABŞ babatynda nägilelik bildirmegi bilen bagly ýüze çykan ilkinji ýagdaý däl. Şu ýylyň başynda häkimiýetler “Ýerasty altylyk” çeper filminden soňra, Türkmenistanyň dürli regionlarynda Birleşen Ştatlara garşy “wagyz-nesihat işlerini” geçirdiler. Filimde wakalar Türkmenistany ýada salýan toslama bir ýurtda bolup geçýär. Mundan öň, geçen ýylyň awgustynda hem köpçülikleýin ýygnaklarda anti-amerikan propogandalary geçirildi. Muňa amerikan satira gepleşiklerinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünden edilen degişmeler sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG