Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda häkimiýetler Günbatara, şol sanda ABŞ-a garşy wagyz işlerini täzeden güýçlendirdi, baş tema – “Ýerasty Altylyk”


"Ýerasty Altylyk" filminden bir sahna.
"Ýerasty Altylyk" filminden bir sahna.

6-njy ýanwarda türkmen häkimiýetleri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hem-de Çärjew we Darganata etraplarynda Günbatar döwletlerine, şol sanda ABŞ-a garşy “wagyz-nesihat ýygnaklaryny” geçirdi. Ýygnaklarda häkimleriň medeniýet boýunça orunbasarlary, Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň hem-de Prokuratura edaralarynyň wekilleri çykyş etdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurt içinden habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, şeýle ýygnaklar mekdeplerde we etrap hem-de şäher medeniýet öýlerinde geçirilýär. Olara ýerli býujet işgärleri bilen bir hatarda mekdepleriň 11-nji klas okuwçylary gatnaşdyrylýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, döwlet guramaçylygynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň baş temasy golaýda Birleşen Ştatlaryň Netflix media üpjünçisi tarapyndan tomaşaçylara ýetirilen “Ýerasty Altylyk” filmi bolup durýar.

Ýerli habarçynyň sözlerine görä, türkmen hökümetiniň wagyzçylary ýygnaklarda Amerika garşy duşmançylyga çagyryş edýän beýanatlar bilen çykyş edýär.

“Ýygnakda çykyş edenler: ‘Amerika türkmen döwletiniň duşmanydyr. ABŞ biziň döwletimizi ýok etmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Olaryň nämedir bir zatlary edip, halkyň närazyçylygyny oýarmak isleýändikleri anyk’ diýen ýaly sözleri aýdýarlar” diýip, ýerli habarçy ýygnaga gatnaşyjylaryň ençemesine salgylanyp habar berdi.

“Köp sanly lebaply golaýda peýda bolan “Ýerasty Altylyk” filminiň türkmen emeldarlaryny gaty gorkuzandygyny çak edýär” diýip, habarçy gürrüňdeş bolan ýaşaýjylarynyň sözlerine salgylandy.

Onuň maglumatlaryna görä, ýurtda bu filmiň ýerasty prokatyna isleg bildirilýän wagty, Döwlet salgyt gullugynyň işgärleri häzirki wagtda Türkmenabatda hereket edýän wideo prokatlaryň tas ählisini wagtlaýyn ýapypdyr. “Haçan açyljagy nämälim” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol 7-nji ýanwarda Azatlyga goşmaça maglumat iberdi. Habarçynyň soňky maglumatlaryna görä, türkmen häkimiýetleri Lebapda Günbatar döwletlerine, şol sanda Birleşen Ştatlara garşy duşmançylyk mazmunly ýygnaklary geçirmäge sişenbe güni hem dowam etdiler.

Azatlyk Radiosy Birleşen Ştatlaryna garşy türkmen resmileriniň girişen duşmançylykly wagyzlary barada 7-nji ýanwarda Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Ýatlasak, 13-nji dekabr anna güni Birleşen Ştatlaryň Netflix kompaniýasynyň howandarlygynda düşürilen “6 Underground”, ýagny “Ýerasty Altylyk” filmi tomaşaçylara ýetirildi. Çeper filmiň esasy sýužet-kompozisiýasynda Türgistan diýlen toslama ýurtda Rowaç Alimow atly diktatoryň tagtdan agdarylyp, onuň ornuna Rowajyň inisi Murat Alimowyň oturdylyşy gürrüň berilýär. Kinofilm synçylary filmde Türgistany suratlandyrmak üçin ulanylan döwlet simwollarynyň, adam atlarynyň we kompozisiýanyň beýleki möhüm elementleriniň Türkmenistany ýada salýandygyny aýtdylar. Belli režissýor Maýkl Beýiň ýolbaşçylygynda düşürilen filmde Raýan Reýnolds (Ryan Reynolds) we Melani Laurent (Mélanie Laurent) ýaly meşhur kino ýyldyzlary oýnaýar.

Toslama Türgistanyň pul birligi manat, döwlet dili türkmen dili, döwlet baştutanyň ady Rowaç. Rowaç türkmen adam adydyr. Galyberse-de, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öňki içeri işler ministri Isgender Mulikowyň 2019-njy ýylyň başynda sowgat beren taýçanagynyň ady hem Rowaçdyr.

Türkmenistanda geçen ýylyň dowamynda-da Günbatar ýurtlaryna, hususan-da ABŞ-a garşy häkimiýetleriň howandarlygynda guralan duşmançylykly wagyzlar möwç alypdy. Ýatlasak, awgustda Birleşen Ştatlaryň Comedy Central telewizion kanalynda belli satiraçy Trewor Noanyň hem-de HBO kanalynda Jon Oliweriň türkmen prezidentini ýaňsylap taýýarlan gülküli gepleşikleriniň fonunda, awgustyň başynda türkmen häkimiýetleri Günbatara garşy duşmançylykly wagyzlara girişipdi.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda söz azatlygynyň ýagdaýyny yzygiderli tankyt edýär.

Synçylar “Ýerasty Altylykdaky” toslama ýurdy Türkmenistana meňzedýän wagty, Türkiýäniň “Takvim” we “Aydınlık” ýaly belli-meşhur neşirleri kinofilmdäki Türgistany Türkiýä meňzedip, maglumat çap etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG