Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gözegçi gurama Siriýany himiki ýarag hüjümlerinde günäkärleýär


Orsýet we Siriýa ýurtda amala aşyrylan himiki ýarag hüjümleriniň bir toparynyň derňewiniň öňüne böwet basmaga synandy.
Orsýet we Siriýa ýurtda amala aşyrylan himiki ýarag hüjümleriniň bir toparynyň derňewiniň öňüne böwet basmaga synandy.

Günbatar döwletleri Siriýanyň hökümetini ýurduň dokuz ýyllyk raýat urşunyň dowamynda pitneçi toparlara we asuda ilata garşy himiki ýaraglary ulanmakda öňden bäri aýyplap gelýärler.

Himiki ýaraglara gözegçilik boýunça bütindünýä guramasy Siriýanyň hökümetini 2017-nji ýylyň mart aýynyň aýagynda Lataminanyň merkezine üç sany hlor we sarin nerw-gaz bombasyny taşlamakda ilkinji gezek göni günäkärledi.

Himiki ýaraglary gadagan edýän guramanyň döreden derňew topary 8-nji aprelde bu ýurdy himiki hüjümlerde günäkärlenýän ilkinji hasabatyny çap etdi. Mundan öň topar himiki hüjümleriň bolup-bolmandygyny diňe günäkärleriň adyny tutmazdan aýdyp bilýärdi.

"2017-nji ýylda Lataminada günäkärlenýänler tarapyndan, himiki ýarag hökmünde, sariniň we hloryň ulanylandygyna ynanmaga delilli esaslar bar, ... olary ulanan şahslar Siriýanyň Arap howa güýçlerine degişli" diýip, täze derňew we anyklaşdyryş toparynyň (DAT) hasabatyna aýdylýar.

Günbatar döwletleri Siriýanyň hökümetini ýurduň dokuz ýyllyk raýat urşunyň dowamynda pitneçi toparlara we asuda ilata garşy himiki ýaraglary ulanmakda öňden bäri aýyplap gelýärler.

Prezident Başar al-Assadyň esasy arkadaýançlary bolan Orsýet we Eýran bu aýyplamalary ret edýär we bu işde pitneçi toparlary günäleýär, ýagny olaryň halkara gahar-gazabyny döretmek we Günbataryň ara goşulmagyny gazanmak üçin himiki ýarag hüjümlerini bilkastdan gurnaýandygyny öňe sürýär.

Orsýet we Siriýa ýurtda amala aşyrylan himiki ýarag hüjümleriniň bir toparynyň derňewiniň öňüne gaýta-gaýta böwet basmaga synandy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo bu hasabatyň çap edilmegine seslenip, "Asadyň Orsýetdäki we Eýrandaky arkadaýançlary näçe köp dezinformasiýa ýaýratsa-da, Assad režiminiň bir topar himiki ýarag hüjümine jogapkärdigini ýaşyryp bilmez" diýdi.

"Himiki ýaraglaryň islendik döwlet tarapyndan garawsyz ulanylmagy döwletleriň ählisine kabul edip bolmajak howp-hatar salýar we jezasyz galdyrylyp bilinmez" diýip, Pompeo sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol Waşingtonyň Siriýanyň hökümetinde ýeterlik derejede sarin gazynyň we hloryň bardygyna, şeýle-de olaryň himiki ýaraglary ulanmak we öndürmek tejribesine eýedigine ynanýandygyny aýtdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas "halkara kanunlarynyň munuň ýaly gödek bozulmagy jezasyz galdyrylmaly däl" diýdi. Germaniýa häzir BMG-nyň 15 agzaly Howpsuzlyk geňeşiniň gezekli başlygy bolup durýar.

Indi mundan aňryk Siriýanyň hökümetine garşy çäre görüljek bolsa, onuň nämedigini kesgitlemek BMG-niň we Himiki ýaraglary gadagan edýän bütindünýä guramasynyň agzalaryna bagly.

Bu täzelige Damask bada-bat reaksiýa bildirmedi, emma Orsýetiň Himiki ýaraglary gadagan edýän bütindünýä guramasyndaky missiýasy çap edilen hasabatyň "ynamdar bolmandygyny" öňe sürdi.

Täze hasabatda Siriýanyň Arap howa güýçleriniň pilotlarynyň Sukhoi Su-22 harby uçarlarynynda uçup, 2017-nji ýylyň 24-nji we 30-njy martynda Hama welaýatyndaky Latamina sarin gazly iki bombany taşlandyklary aýdylýar.

Şol ýylyň mart aýynyň 25-inde bolsa, Siriýanyň harby dikuçary şol bir obadaky hassahana hlorly silindri taşlady diýip, hasabatda bellenýär. Bu hüjüm 100-den gowrak adama zeper ýetirdi.

"Bu üç hüjüm ýaly strategiki häsiýetli harby operasiýalar diňe Siriýanyň Arap ýaragly güýçleriniň ýokary derejelerde berlen buýruklaryna laýyklykda amala aşyrylýar" diýip, hasabatda nygtalýar.

Ýene bir heläkçilikli sarin hüjümi bolsa, 2017-nji ýylyň 4-nji aprelinde Han Şeýhunyň golaýynda amala aşyryldy. Bu hüjüm netijesinde 80-den gowrak adam öldi.

Birleşen Ştatlar günbatar ýurtlarynyň öňüni çekip, Han Şeýhun hüjümine jogap hökmünde, Siriýanyň harby nyşanalaryna garşy howa zarbalaryny urdy.

Himiki ýaraglary gadagan edýän guramanyň derňew toparynyň birazdan 2018-nji ýylda Siriýanyň Douma şäherine garşy edilen hlor hüjümi barada hem hasabat çap etmegine garaşylýar.

Damaskyň etegindäki Ghoutada 1400 adamyň ölmegine sebäp bolan sarin-gaz hüjüminden soň, Siriýa ABŞ bilen Orsýetiň arasynda 2013-nji ýylda baglaşylan şertnama laýyklykda, özüniň himiki ýarag ätiýaçlyklaryndan ýüz öwürmelidi.

XS
SM
MD
LG