Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Siriýany, Orsýeti we Eýrany “ýüzlerçe müň” adamy öldürmezlige çagyrdy


Idlibdäki gozgalaňçylar
Idlibdäki gozgalaňçylar

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp ýüz müňlerçe adamyň ölmegi ähtimal diýip, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada, şeýle hem onuň ýaranlary Eýrana we Orsýete Siriýada gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky iň soňky welaýata edilmegi mümkin “oýlanyşyksyz hüjüm” hakda duýduryş berdi.

Tramp 3-nji sentýabrda Twitterde sosial ulgamynda: “Ruslaryň we eýranlylaryň bu mümkin adam pajygasyna gatnaşmagy agyr gumanitar ýalňyşlyk bolar. Ýüz müňlerçe adamyň ölmegi mümkin. Bu işe ýol bermäň” diýip ýazdy.

Siriýa Türkiýe bilen serhetdeş Idlib welaýatyna giň gerimli hüjüme taýýarlyk görýär. Idlib Assada we ýedi ýyl bäri barýan raýat urşunda ony goldamakda esasy rol oýnan orsýetli we eýranly güýçlere garşy söweş alyp barýan gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky iň soňky welaýatdyr.

Idlibiň töwereginde hökümetiň müňlerçe güýçleri bilen ýaran söweşijiler ýerleşdirildi.

Çak edilişine görä, Idlibde 3 million çemesi parahat ilat bar. Birleşen Milletler Guramasy hökümetiň agyr hüjümi netijesinde 800 müň adamyň öý-öwzaryndan jyda düşmegi mümkin diýip, duýduryş berdi. Siriýada barýan uruş eýýäm 400 müňden agdyk adamyň başyna ýetip, millionlarça adamyň hem janyndan gorkup, dogduk mekanyny taşlap gitmegine sebäp boldy.

Abanyp duran hüjümiň alamatlary peýda bolanyndan soňra, Waşington bilen onuň ýaranlary Assady, käte hem onuň himiki ýaraglary ulanmak ýaly zabun taktikalaryny goldaýan Orsýet bilen Eýrany üns merkezine getirdiler.

ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Nikki Haleý Trampyň ýazan tweetinden sanly minut soňra Twitterde: “Ähli gözler Assadyň, Orsýetiň we Eýranyň Idlibdäki hereketlerinde. Himiki ýarag bolmaly däl” diýip ýazdy.

Birleşen Ştatlar bilen onuň ýaranlary bu beýanatlary Eýranyň, Orsýetiň we Türkiýäniň liderleriniň Idlib barada pikir alyşmak üçin 7-nji sentýabrda Tähranda geçjek sammitinden öň we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 3-nji sentýabrda Damaska eden saparynda Idlibiň söweşijilerden “arassalanmagyna” çagyranynda soňra ýaýratdylar.

“Ýaraşyk prosesine we bosgunlaryň yzlaryna dolanmagyna, şeýle hem Siriýada gaýtadan dikeldiş işlerine başlamak üçin ilki Idlibiň terroristleriň kontrollygyndaky bölekleri arassalanmaly” diýip, Zarif aýtdy.

Eýran, Orsýet we Siriýa özleriniň ýaragly garşydaşlarynyň ählisini “terroristler” diýip atlandyrýarlar.

Çak edilişine görä, Idlibde “Al-Kaýda” bilen ilteşikli “Haýat Tahrir al-Şam” toparyna degişli 10 müň jeňçi bar. Welaýatdaky gozgalaňçylaryň arasynda bu toparyň jeňçileriniň agdyklyk edýändigi aýdylýar. Orsýetiň harbylary bu güýçleri Türkiýäniň ýarany bolan toparlardan tapawutlandyrýarlar. Moskwa Ankara bilen ýaran toparlary aram “oppozision” toparlar diýip häsiýetlendirýär.

Orsýetiň döwlet degişli “TASS” habar gullugy 3-nji sentýabrda ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Oleg Syromolotowa salgylanyp, Idlibde “hiç kim parahat ilaty öldürjek duşmançylygy islänok. Çözgüt tapmak üçin tagalla edilýär, her zatdan öň, oppozisiýany [Hayat Tahrir al-Shamdan] aýyrmaly. Belki, esasy zat şoldur. Bu iş edilse, onda çözgüt tapylar” diýdi.

Idlib hüjüminden öň Türkiýe öz goldaýan gozgalaňçy toparlaryny beýlekilerden aýryp, olary goramak boýunça Orsýet we Eýran bilen gepleşikleri geçirmek tagallalaryny artdyrdy. Ankara gözegçilik missiýasynyň bir bölegi hökmünde welaýatda käbir güýçleri hem ýerleşdirdi.

Zarifiň Siriýa eden saparyndan bir hepde öň Eýranyň goranmak ministri Damaska bardy. Ol Birleşen Ştatlaryň Eýran öz harby geňeşçilerini we jeňçilerini Siriýadan çykarmaly diýýän çagyryşlaryny äsgermän, goranyş hyzmatdaşlygy boýunça bir ylalaşyga gol çekdi.

XS
SM
MD
LG