Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet Ortaýer deňzinde uruş gämilerini üýşürýär, BMG Idlibde heläkçilik howpuny duýdurýar


Rus harby gämisi

Orsýet Ortaýer deňzinde ýene birnäçe uruş gämisini ýerleşdirdi, rus metbugaty muny Moskwa 2015-nji ýylda Siriýanyň raýat urşuna gireli bäri görlen iň uly harby-deňiz çäresi diýip atlandyrýar.

Bu harby goşant Orsýetiň ýarany, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň ýurduň demirgazygyndaky Idlib welaýatyna, pitneçileriň elinde saklanyp galan iň uly künjege hüjüm etmäge taýýarlanýandygyna ynanylýan wagtynda edildi.

Şu aralykda, 28-nji awgustda BMG-niň ynsanperwerçilik direktory bu ýerde uly möçberli hökümet hüjüminiň guralmagynyň Siriýanyň ýedi ýyllyk konfliktinde “şu wagta çenli görülmedik derejedäki ynsanpewerçilik ýagdaýyny döretmek ähtimallygynyň bardygyny” duýdurdy.

Şeýle-de bu çäre Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň we Fransiýanyň 28-nji awgustda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde duşuşyp, ýaragly güýçleri rus harby-howa güýçlerindengoldaw alýan Siriýa Idlibe hüjüm edende himiki ýaraglary ulanmazlyk baradaky duýduryşlaryny gaýtalan wagtyna gabat geldi. Beýle bikanun ýaragyň ulanylmagy Günbataryň gaýtawul çärelerini görmegine alyp geler.

Orsýet soňky günlerde Günbatar döwletleriniň beren duýduryşlaryna salgylanyp, Birleşen Ştatlary Ýakyn Gündogarda öz harby güýçlerini ornaşdyrmakda we Siriýanyň hökümet güýçlerine garşy mümkin bolan zarbalary urmaga taýýarlanmakda aýyplady. Pentagon bu aýdylýanlary ret etdi.

Orsýetiň bu aýyplamalary metbugatyň hatda Orsýetiň Ortaýer deňzinde uly harby deňiz flotuny döredýändigi barada habar berýän wagtynda edilýär. “Roýters” 25-nji awgustda Orsýetiň Admiral Grigorowiç we Admiral Essen gämileriniň Stambuldaky Bosfor bogazyndan Ortaýer deňzine tarap geçişini görkezýän ýük ýazgylary barada maglumat berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, bir gün öň Pytlywiý gämisi we Nikolai Filçenkow gämisi hem Gara deňiz bilen Ortaýer deňzini baglanyşdyrýan türk bogazynda surata düşürildi. Wişniý Woloçek raketa gämisi bolsa bu ýerden şu aýyň başynda geçdi.

Kremle tarapdar “Izvestia” gazeti Orsýetiň 2015-nji ýylda Siriýa konfliktine goşulyp, 400 müňden gowrak adamy öldüren, millionlap adamy ýurdundan bosduran uruşda Assadyň ýakyn ýarany bolaly bäri bu sebitde iň uly harby-deňiz çäresini görýändigini belledi.

Orsýetiň Ortaýer deňzindäki harby-deňiz güýçleri indi 10 gämiden ybarat, olaryň köpüsi uzak aralyga ýetýän Kalibr ganatly raketalary bilen ýaraglanan diýip, “Izvestia” ýazdy we bu ýere ugradylan gämileriň köpüsiniň ýoldadygyny, olaryň içinde iki sany suwasty gäminiň hem bardygyny aýtdy.

BMG-niň ynsanperwerçilik direktory John Ging BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny Idlibde, Siriýanyň Türkiýe bilen serhedinde we 3 milliona çenli adamyň, şol sanda Siriýanyň sünni pitneçileriniň we olaryň maşgala agzalarynyň köpüsiniň galan ýerinde ynsanperwerçilik krizisiniň bolmagyndan sowulmak üçin “ellerinde baryny etmäge” çagyrdy.

Ging soňky hepdelerde, Idlibiň käbir ýerleriniň ýygjam bombalanmagy we topa tutulmagy netijesinde, bu sebitdäki “ynsanperwerçilik ýagdaýynyň öňküsinden-de beter ýaramazlaşandygyny” aýtdy.

Rus mediasy Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň 28-nji awgustda aýdan sözlerini sitirläp, Orsýetiň harbylarynyň Idlibdäki “aram” pitneçi toparlar bilen, Damaskyň etegindäki pitneçiler bilen baglaşylan ylalaşyk ýaly,“parahatçylykly çözgüt” barada gepleşmäge çalyşýandyklaryny habar berdi. Gündogar Ghoutdaky pitneçiler ýaraglaryny tabşyrmak arkaly howpsuzlyk kepilligini alypdylar.

Orsýet BMG-däki duşuşykda ýene Al-Kaýda bilen iltewli Lewant Azat ediş komitetini Idlibde himiki ýarag hüjüm guramaga taýýarlanmakda aýyplady, Moskwa Günbataryň muny Siriýa güýçlerine zarba urmagy delillendirmek üçin ulanjakdygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG