Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent bäbekhanasy saglyk işgärleri, eneler we bäbekler bilen karantin astyna alyndy


Bezeg suraty.
Bezeg suraty.

Daşkentdäki 6-njy bäbekhana toplumy saglyk işgärleri, çaga dogran eneler we bäbekler bilen bilelikde karantin astyna alyndy.

Bu barada 9-njy aprelde metbugat üçin guralan brifing wagtynda döwletiň baş sanitariýa inspektory Nurmat Otobekow habar berdi.

Onuň sözlerine görä, bäbekhananyň 14 günlük karantin astyna alynmagyna çaga dogran aýallaryň biriniň COVID-19 ýokuşan näsag bilen aragatnaşyk etmegi sebäp bolupdyr.

“Bellenen wagt içinde kesel alamatlary ýüze çykarylmasa, karantin ýatyrylar” diýip, baş sanitariýa inspektory aýtdy.

Ýatladýarys, martyň ortasynda Daşkentdäki 1-nji şäher kliniki hassahanasy hem karantin astyna alyndy.

Şonda keselhananyň bir näsagyň Türkiýä baryp gelendigini ýaşyrmagy sebäpli doly karantin astyna alnandygy habar berildi.

Ol adam saglyk barlagyndan geçirilende, koronawirusyň ýokuşandygy barada pozitiw, ýany oňyn netije alyndy.

XS
SM
MD
LG