Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň döwlet dükanlarynda un we ýag paýoklary kadalaşdy, Lebapda paýok üçin adamlardan dirilik subutnamasy talap edilýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Un ýetmezçiligi sebäpli apreliň başlarynda Mary şäherinde onlarça aýalyň gatnaşmagynda geçirilen protest çäresinden soň, bu welaýatyň döwlet dükanlarynda aýlyk un we ýag üpjünçiligi ýola goýuldy. Aşgabadyň döwlet dükanlarynda iýmit önümlerini satyn almak üçin adamlar bir gün öňünden nobata ýazylýarlar. Lebapda döwlet tarapyndan adam başyna ýeňillikli satylýan un we ösümlik ýagyny almak üçin raýatlardan özleriniň diridigi barada tassyknama talap edilýär. Bularyň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.

“Welaýatda protest bolanyndan soň, döwlet dükanlarynda aýda berilýän paýok uny we ýagy yzygiderli berilýär. Käbir adamlaryň ‘ýanwar aýyndan bäri hiç hili un almadyk’ diýýänleri bar. Dükanlaryň işgärleri şol adamlary dükanlara çagyryp, paýok unlaryny berýärler” diýip, Azatlygyň Baýramalydaky çeşmesi 14-nji aprelde maglumat berdi.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda her aý adam başyna kesgitlenen möçberde un we arassalanmadyk pagta ýagy ýeňillikli bahadan raýatlara satylýar. Mundan ozal Azatlyk Radiosyna mälim bolan maglumatlara görä, ýurtda adam başyna her aý 5 kilogramdan satylýan ýeňillikli unuň 1 kilogramy 1 manat, 1 litrlik arassalanmadyk pagta ýagynyň döwlet bahasy 2 manat 60 teňňe.

14-nji aprelde Azatlygyň Baýramalydaky çeşmesi pagta ýagynyň 1 litriniň döwlet dükanynda häzirki wagtda 10 manatdan satylýandygyny, çöregiň 1 manatdan bahalanýandygyny habar berdi.

“Ýöne dükanlaryň öňündäki nobatlar azalmaýar” diýip, çeşme maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Döwlet azyk dükanlarynyň öňündäki uly nobatlar, Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysynyň 15-nji aprelde habar bermegine görä, Aşgabadyň dükanlarynda-da saklanyp galýar.

“Eger-de irden sagat 5-de nobata durmak üçin barsaň, eýýäm öňüňde 50-60 adam nobata durandyr” diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şu günler paýtagtyň ýaşaýjylary towuk buduny, ösümlik ýagyny, şeker we towuk etini satyn almak üçin döwlet dükanlarynda nobata durýar.

“Hususy dükanlarda bir näçe esse gymmat. Bu harytlary almaga köp adamlaryň güýji ýetmeýär” diýip, Baýramalydan habarlaşan çeşme unuň we ýagyň gytçylygy barada goşmaça maglumat berdi.

“Şonuň üçin halk ertesi gün üçin 20 sagat öňünden nobat belleýär” diýip, aşgabatly habarçymyz bir gün öňünden nobat bellenýän birnäçe döwlet dükanynyň belgilerini ugratdy.

Ösümlik ýagynyň we unuň gymmat bahasy hususy söwdada üýtgäp durýar. “Günebakar ýagynyň 1 litri hususy dükanlarda 40 manatdan satylýar” diýip, çeşmämiz aýdýar.

Türkmenistan soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri, synçylara görä, 29 ýyllyk taryhynda iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirip gelýär. Ýurt içindäki habarçylarymyzyň we çeşmelerimiziň maglumatlaryna görä, koronawirus global pandemiýasynyň fonunda ýurtda azyk üpjünçiligi soňky wagtlarda has-da agyrlaşdy. Galyberse-de, ýokanjyň ýaýramagyny haýallatmak çäreleriniň çäginde ýurduň serhet geçelgelerinde ýük gatnawy täzeden düzgünleşdirildi, şeýle-de welaýatlaryň arasynda raýatlaryň hereketi çäklendirildi.

“Lebapda karantin çäreleri hem-de etraplaryň arasyndaky hereketiň çäklendirilmegi şu günler dowam edýär. Bu azyk harytlarynyň gytçylygyna täsir ýetirdi” diýip, 15-nji aprelde beýleki bir habarçymyz Lebapdan habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynda-da ilata döwlet tarapyndan adam başyna ýeňillikli satylýan un we ýag normalary boýunça talaplar güýçlendi.

“Indi raýatlar döwlet tarapyndan berilýän un we ýagy almak üçin hojalykdaky adamlaryň sanawyny hem-de ol adamlaryň diridigi barada tassyknama almaly edildi. Lukmanlardan güwähat alyp etrabyň durmuş üpjünçilik edarasyndan hat almaly we bu hatlary etrap söwda edarasynda tassyklatmaly” diýip, habarçy aýtdy.

“Soňra şol raýata 3 kilogram un we 1,5 litrlik arassalanmadyk ýag berler aýda bir sapar” diýip, habarçy maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Şu wagta çenli un paýogynyň möçberi Türkmenistanda adam başyna 5 kilogramdan kesgitlenýärdi.

“Halk aýda berilýän adam başyna 5 kilogram un we ýag üçin proteste çykmaly boldy, sebäbi aýda berilýän paýogy hem bermän başlapdylar” diýip, Maryda täzeden ýola goýlan kadaly paýok üpjünçiligi barada habar beren çeşmämiz sözüni jemledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG