Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň “Gök bazarynda” arassalanmadyk pagta ýagy bir hepdäniň dowamynda tas 3 esse gymmatlady


illyustrasiýa

5-nji oktýabrda Mary şäheriniň Mollanepes köçesinde ýerleşýän “Gök bazaryň” ýerzeminlerinde ýerleşýän iýmit dükanlarynda irden sagat 5:00-7:30 aralygynda arassalanmadyk pagta ýagy satuwa çykaryldy. Ýöne ondan bir hepde ozal 1 litri 2 manat 60 teňňeden satylan arassalanmadyk pagta ýagy şenbe güni 1 litri 7 manat 60 teňňeden satyldy.

Alyjylardan arassalanmadyk pagta ýagynyň gapdaly bilen ýaramlylyk möhleti geçen mesge ýagyny satyn almak talap edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 8-nji oktýabrda habar berdi.

“Mary şäheriniň “Gök bazarynyň ýerzemininde şenbe güni irden sagat 5:00-7:30 aralygynda arassalanmadyk pagta ýagy satyldy. Onuň ýany bilen wagty geçen mesge ýagyny satyn almak talap edilýär, bolmasa arassalanmadyk ýag berlenok. 5 litrlik arassalanmadyk pagta ýagyny geçen hepde 13 manat berip satyn alyp bolýardy, indi 38 manat bermeli” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, satyjylar müşderilerden ýagyň gapdaly bilen ýaramlylyk möhleti geçen mesge ýaglaryny satyn almagy talap edýär. Habarçy esasy haryda goşulyp satylýan mesgäniň ýakymsyz ysynyň bardygyny aýdýar.

Habarçy arassalanmadyk pagta ýagyny 5-nji oktýabrda daň bilen sagat 5:00-de “Gök bazaryň” ýerzemininde ýerleşýän söwda nokatlaryndan satyn almak üçin Marynyň uzak künjeklerinden ýörite gelen adamlaryň bolandygyny aýdýar.

Onuň maglumatyna görä, daş ýerlerden gelen adamlar ýagyň bir hepde mundan ozalky bahasyny göz öňünde tutup, şol baha esasynda ýanlary bilen pul getiripdirler.

Ýatlatsak, bir hepde mundan ozal arassalanmadyk pagta ýagy Marynyň “Gök bazaryndaky” ýörite söwda nokatlarda irden 5 litri 13 manatdan satylýardy.

“Ýanlaryna 15 manat alyp, daş ýerlerden ýag satyn almaga gelen adamlar elleri boş yzlaryna dolandy. Öňki 13 manatlyk 5 litrlik arassalanmadyk pagta ýagy üçin indi 38 manat talap edilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Onuň maglumatyna görä, 5-nji oktýabrda Marynyň “Gök bazarynda” irden sagat 5:00-de dörän pagta ýagynyň nobaty 7:30-a ýetmän dargady.

“Sebäbi köp adamlaryň ýanlarynda ýeterlik pullary ýokdy” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda arassalanmadyk pagta ýagynyň 1 litriniň döwlet dükanlaryndaky bahasy 2 manat 60 teňňedir. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysynyň 19-njy sentýabrda habar bermegine görä, hususy söwdada arassalanmadyk pagta ýagynyň 1 litriniň bahasy 6 manat, arassalanan pagta ýagynyň 1 litri 12 manada deňdi.

8-nji oktýabrda iberen maglumatynda Azatlygyň habarçysy Mary welaýatynyň bazarlarynda hususy söwdada ýumurtganyň bahasynyň 20 teňňe gymmatlandygyny habar berdi.

“Mary welaýatynda towuk ýumurtgasy 20 teňňe gymmatlady. Geçen hepde ýumurtga 80 teňňedi, öý ýumurtgasy 1 manat 20 teňňeden satylýardy. Şu gün bazarlarda we hususy dükanlarda ýumurtga 1 manat, öý ýumurtgasy 1 manat 40 teňňe boldy” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, döwlete degişli azyk haryt dükanlarynda ýumurtga asla satuwa çykarylmaýar.

Türkmenistan synçylaryň aýtmagyna görä, soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirýär. Döwlet emeldarlary bu ykdysady kynçylyklary boýun almaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG