Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda karantine ugratmak haýbaty bilen para almak ýoň boldy


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda COVID-19 keseline garşy görülýän çäreleriň dowamynda lukmanlar we polisiý tarapyndan ilatdan para talap etmek bilen bagly ýagdaýlar köpelýär. Şeýle-de, Azyk krizisi güýçlenýär.

Türkmenistanda ilatyň gyzgynyny barlamak boýunça alnyp barylýan işleriň dowamynda saglygy saklaýyş we polisiýa işgärleriniň ýaşaýlylara karantine ugratmak haýbaty bilen para talap eddýändigini habarçylarymyz gürrüň berýärler.

"Lebapda koronawirus bilen bagly çäklendirmeler sebäpli gözegçilik postralarynda karantine iberjek diýip para soraýanlar köpeldi. ​Adamyň gyzgyny bar bolsa oňa para bermese karantine ugratjakdyklaryny aýdýarlar. Hatda möwsümleýin sowuklamasy bolanlar-da gyzgyny 37 gradusa ýetse, pul bermese, karantine iberiljegini duýdurýarlar" - diýip, habarçymyz 16-njy aprelde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine, talap edilýän paranyň möçberi 1000 manatdan başlanýar.

Häzirki wagtda COVID-19 keseli sebäpli adamlaryň gyzgynyny barlmak işleri jegyýetiçlik ýerlerinde, ýollarda, sol sanda regionlaryň aralarynda we şäherlere girilýän ýerlerde giň derejede alnyp barylýar.

Tutuş ýurt boýunça ýollarda döredilen barlag gözegçilik postlarynda ilatyň dokumentlerini barlamak we gyzgynyny ölçemek boýunça işleri ýokanç keseller boýunça lukmany, sanitariýa epidemiologiýa gullugynyň wekilini we polisiýa işgärini öz içine alýan toparlar alyp barýar.

"Ýokanç keseller boýunça lukmany, sanitariýa-epidemiologiýa gullugynyň wekilini we polisiýa işgärini öz içine alýan toparlar ähli gözegçilik postlarynda ýerleşýär. Indi olar halky talap başladylar. Üzňelik şertlerinde eden-etdilik üçin mümkinçilik köpelýär" - diýip, habarçymyz aýdýar.

Onuň, şeýle-de bellemegine görä, köpler parahorlugyň koronawirus bilen kesellän adamlaryň bejergiden sypmagyna we keseliň ýaýramagyna ýol açýandygyna aladalanma bildirýärler.

Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanyň ýolbaşçylary koronawirusyň we karantinleriň ýurtda bardygyny resmi taýdan aýtmaýarlar. COVID-19 sözüni agzanlary yzarlaýarlar. Döwlet habar beriş serişdeleri ýurtda koronawirusa garşy alnyp barylýan çäreler we dünýädäki pandemiýa barada habar bermeýärler.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanda karantini bozan adamlaryň tutulýandygy Azatlyk Radiosyna mälim boldy.

Şu günki gün Türkmenistanyň içinde COVID-19 keseliniň ýaýramazlygy üçin häkimiýetleriň alyp barýan çäreleri sebäpli ilatyň hereket etmek mümkinçiligi berk çäklendirildi. 20-nji martdan bäri welaýatlaryň, etraplaryň we ýaşaýyş punktlaryň arasynda hereket etmek üçin ýörite rugsat we saglyk kepilnamasy talap edilýär.

Mundan başga, ýurduň daşynda galan türkmenistanlylar hem üzňelige duçar boldular.

Koronawirusyň pandemiýasy bilen baglylykda uçar reýsleriniň ýatyrylmagy sebäpli Türkmenistanyň ençeme raýaty daşary ýurtlarda, şol sanda Orsýetde, Türkiýede, Gürjüstanda, Azerbaýjanda, Hindistanda galýarlar.

Bu aralykda,"Türkmenhowaýolary" COVID-19 pandemiýasy sebäpli martda ýatyran reýslerini ýene 20-nji maýa çenli yza tesdirýändigini mälim etdi. Munuň bilen baglylykda, "Türkmenhowaýollary" satyn alnan biletler üçin maliýe serişdeleriň uçar gatnawynyň dikeldilmeginden soň müşderilerine gaýdyp beriljegini habar berýär.

Dörän ýagdaýyň Türkmenistan awiakompaniýasynyň täsir ýetirmek mümkinçiliginden daşarydygy kompaniýanyň websaýtynda çap bolan maglumatda bellenýär we onuň wauçerleri ýa-da beýleki sertifikatlary müşderilerine bermejegi we pul serişdeleriniň satyn alnan usuly bilen, satyn alnan ýerlerinde yzyna gaýtaryljagy aýdylýar.

Türkmenstanyň pandemiýanyň fonunda görýän çäreleiniň çäginde ýurtda azyk krizisi güýçlenýär. Azyk önümleri, ilkinji nobatda un gymmatlaýar.

"Gazagystanyň ölçenip satylýan 1-nji sort uny ýakynda 8 manada durýardy, indi bolsa 10 manada çykdy. Gazagystanyň iň ýokary hilli uny paketlerde satylýar bir kilogramy 13,5 manata çykdy, öň 10 manada durýardy. Iki kilogramlyk gutusy 25,5 manada durýar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 16-njy aprelde habar berdi.

Şu günler döwlet dükanlarynda un uly nobatlaryň döremeginde satylýar. Adamlar agşamdan nobata durýarlar. ​

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG