Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýurtda COVID-19 ýok diýýär we öz tejribesini paýlaşmak isleýär, ilat zor bilen karantine salynýar


Aşgabat
Aşgabat

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugyny resmi derejede yglan etdiler we pandemiýa bilen baglylykda dünýä ykdysadyýetini dikeltmek üçin öz tejribelerini paýlaşmaga taýýarlyk bildirdiler. Resmileriň bu çykyşlary ilatyň tutulyp, zor bilen karantine salynýan wagtyna we ýurduň toý-baýramlaryna taýýarlanýan pursadynda ýüze çykýar.

«Eger-de tassyklanan ýekeje ýagdaý bolan bolsa, biz tizden-tiz habar bererdik... Bütindünýä saglyk guramasyna biziň borçlarymyzyň esasynda" diýip, daşary işler ministri Reşit Meredow 22-nji aprelde brifingde BMG-nyň resmileri bilen bilelkde eden çykyşynda aýtdy.

Reuters we Aljazeera habar agentlikleriniň maglumatlaryna görä, "biz hiç zady ýaşyrmaýarys" diýip, Meredow nygtapdyr.

Koronawirusyň bar bolmagyny ret edýän sanlyja dünýä ýurlarynyň biri Türkmenistan öz maglumatlarynyň hakykata gabat gelýändigini öňe sürýär.

Şeýle-de, şol brfingde çykyş eden saglygy saklaýyş ministri Nurmuhammet Amannepesow ýurtda 30 müň testiň bardygyny we ýene 40 müň testiň Orsýetden, Türkiýeden we Germaniýadan zakaz edilendigini mälim edipdir. Türkmen resmisi ýurtdaky karantinleri agzap, karantin zonalarynda 151 adamyň galýandygyny, olaryň köpüsiniň Türkmenistanyň raýatlary bolup, ýük ulag sürüji we gämi ekipažlarynyň agzalary bolup işleýändigini aýdypdyr.

Şol bir wagtyň özünde-de, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary şäher ýaşaýjylarynyň saklanmagyna we zor bilen karantine ugradylmagyna degişli ýagdaýlary habar berýärler.

Ýaňy-ýakynda bolan wakalaryň biri Aşgabadyň etegindäki barlag nokadynda bolup, gyzgyny tapylan ulag sürüji şol ýerde saklanyp, Çoganlydaky ýokanç keseller hassahanasyna karantine ugradylypdyr.

- Babarabyň garşysynda wirus barlagyny geçirýän bir punkt bar. Ol köpriniň aşagynda ýerleşýär. Yssy howada we ulagyna ýük ýüklän sürüjä agram düşdi, onuň gyzgynyny barlanlarynda 38 gradus bolup çykdy. Ony dessine Çoganydaky ýokanç keseller hassahanasyna 15 günlük karantine saldylar" diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri 23-nji aprelde habar berdi.

Onuň sözlerine görä, barlag nokady Bäherdenden Aşgabada barýan ýoluň ugrunda, paýtagta Babarap tarapyndan girilýän ýerde ýerleşýär.

- Bu ýerde brezentden çadyr dikdiler, awtoulaglary ýol gözegçilik polisiýasy saklaýar. Ýeňil ulag bolsa, lukmanlar sürüjileri ulagyň içinde aýnasyndan barlaýarlar. Eger awtobus bolsa ähli ýolagçylar çykmaly bolýar we bir-birden çadyra girýär, soňra çykyp, ýene ulagyna münýär.

Habarçylarymyz köp sanly barlar nokatlarynyň Çoganlydaky ýokanç keseller hassahananyň töwereginde ýerleşýändigini aýdýarlar.

- Köçäniň ugrunda üç ýerde çadyr dikipdirler. Içinde ýol gözegçilik polisiýasy, lukmanlar, MHM-niň we häkimligiň işgärleri bar. Awtoulaglary saklaýarlar, sürüjiniň we ýolagçylaryň gyzgynyny barlaýarlar.

Türkmenistanda soňky aýyň dowamynda ilatyň gyzgyny jemgyýetçilik ýerlerinde, ýollarda, wokzallarda köpçülikleýin barlanýar.

Soňky maglumatlara görä, Aşgabadyň töweregindäki gözegçilik postlarynda koronawirus bilen baglylykda gyzgyn barlaglary ýene-de güýçlendirilipdir. Şol bir wagtda-da, transporty dezinfeksiýa etmek işi formal görnüşde alnyp barylýar.

- Haçan-da awtobuslar aeroporta baranlarynda iň soňky duralgasynda olary arassalamaly. №1,18, 99, 22 awtobuslar baranlarynda ýörite geýimli, ellikli we elinde suwuklyk pürkýän gaply işgär awtobusa münýär, emma başdaky oturgyçda oturýar we hiç zady arassalamaýar. Her gezek şeýle bolýar" - diýip, habarçymyz gürrüň berýär.

Häzirki wagtda ​COVID-19 keseliniň barlaglary ýurduň mekdeplerinde we çagalar baglarynda geçirilýär, emma netijeler barada köpçülige habar berilmeýär. Munuň bilen bir wagtda-da soňky hepdäniň dowamynda türkmen habar beriş serişdeleri ýurtda geçirilýän barlaglaryň "möwsümleýin dümew keselleriniň" öňüni almak üçin alnyp barylýandygyny habar berýärler.

Häkimiýetler ilata koronawirus barada geplemegi gadagan edýärler. Lukmanlara edilen bu gadagançylyk bilen bir wagtda köpçülik içinde koronawirusy agzan adaty raýatlar tussag edilýär. Mekdep okuwçylaryna öz saglygy barada şikaýat etmeli däldigi duýdurdylar.

Indi bolsa türkmen hökümeti öz tejribelerini dünýä paýlamaga isleg bildirýär.

"Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda dünýä ykdysadyýetini dikeltmek üçin öz tejribesini paýlaşmaga taýýar" diýip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji aprelde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Gutteriş bilen dünýädäki COVID-19 pandemiýasy barada geçiren telefon söhbetdeşliginde aýdypdyr. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berdi.

BMG-nyň resmi maglumatyna görä, 21-nji aprelde Aşgabatda guramanyň we türkmen hökümetiniň COVID-19 Türkmenistana sosial-ykdysady täsiri boýunça bilelikdäki işçi toparynyň maslahaty geçirlipdir. 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde döredilen bu topar BMG-niň Baş sekretarynyň koronawirus pandemiýasynyň ilata ýetirýän täsirlerini gowşatmak barada halkara jemgyýetçiligine eden çagyryşy sebäpli esaslandyrylypdyr.

Ýatlatsak, Türkmenistan koronawirusa garşy alyp barýan öz çäreleri barada ilkini gezek halkara jemgyýetçiligine 5-nji martda habar beripdi. Türkmen häkimiýetleriniň şonda ýurtda koronawirusyň düýpden ýokdygyny aýtmagynyň yzýany Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmeleri we habarçylary ýurtda koronawirusyň tapylmagyna degişli wakalaryň ençemesi barada habar beripdi. Şeýle ýagdaýlar, hususan-da, Aşgabadyň Çoganlydaky ýokanç keseller hassahanasynda, Eýran bilen serhetdeş Etrekde, we Türkmenistana Azerbaýjandan baran paromda ýüze çykandygy mälim bolupdy.

Türkmenistanyň koronawirus barada berýän resmi maglumatlaryna daşary ýurtlaryň hökümetleri şübhe bildiripdi. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy COVID-19 keseliniň ýurtda ýokdugyny aýdýan türkmen hökümetiniň keseliň anyklanan ýagdaýynda-da muny tassyklamakdan boýun gaçyrmaga ýykgyn etjekdigini belläpdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň 22-nji aprelde eden çykyşynda ýurduň serhet geçelgeleriniň köpüsini açandygyny we Eýran bilen serhediniň galan böleklerini-de açmaga taýýarlanýandygyny habar berdi.

Global pandemiýanyň fonunda we Türkmenistanyň içinde ilatyň hereket azatlygynyň çäklendirilýän wagtynda türkmen häkimiýetleri köpçüligiň gatnaşdyrylmagyndaky toý-tomaşalary dowam etdirdiler. Nowruz baýramyny belläp, ýowar geçiren, soňra saglyk gününi belläp, futbol ýaryşyna başlan Türkmenistan indi bedew baýramyna taýýarlanýar.

Ýarym resmi "Orient" neşri döwlet sirkiniň bedew baýramyna gabatlap "Galkynyş" atly toparyň täze programmasynyň taýýarlanýandygyny habar berdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG