Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ilatyndan barlaglaryň çykdajylary üçin maddy goşant talap edilýär


Aşgabat

Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirus bilen kesellänleri gözläp tapmak boýunça çärelerini dowam etdirýärler. Ýollarda, şäherlere girilýän ýerlerde, wokzallarda we jemgyýetçilik ýerlerinde adamlaryň gyzgyny köpçülikleýin barlanýar, indi mekdeplerde we çagalar baglarynda COVID-19 keseliniň testleri geçirilýär. Bu barlaglaryň netijeleri köpçülige mälim edilmeýär. Üstesine, ýurduň ilatyndan barlaglaryň çykdajylary üçin maddy goşant talap edilýär.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärlerinden sensorly gyzgyn ölçeýjileri satyn almak talap edilýär. Şeýle gural her bir polisiýa işgärinde hökman bolmaly edilipdir.

"Lebabyň ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärlerinden sensor gyzgyn ölçeýjileri öz hasabyna satyn almak talap edildi. Her bir guralyň bahasy 300 manada durýar. Indi bu gural her bir polisiýa işgärinde bolmaly" - diýip, Lebap welaýatyndaky habarçymyz 14-nji aprelde aýtdy.

Ilatyň gyzgynyny ölçemek boýunça çäreler ýollarda we jemgyýetçilik ýerlerinde bir aýa golaý wagt bäri amala aşyrylýar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, 16-njy aprelde welaýatlaryň arasyndaky hereket çäklendirmeleriniň biraz gowşamagyna garaşylýar. Häzirki wagtda ýurduň içinde hereket etmek üçin ýörite rugsatnama edinmek talaby ilat köpçüligi üçin uly kynçylyklary döredýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda COVID-19 keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreler üçin ähli serişdeler bilen üpjünçiligiň doly berjaý edilýändigini mälim edipdi.

Muňa garamazdan, mugallymlardan derman serişdeleri üçin pul tabşyrmak talap edilýär, mekdep okuwçylary bolsa dezinfeksiýa serişdelerini mekdebe öz ýany bilen alyp barmaga we mekdepde tütediljek üzärlik üçin pul tabşyrmaga mejbur bolýarlar.

Şol bir wagtda-da ýurduň mekdeplerinde çagalarda COVID-19 keselini anyklamak boýunça test geçirilýär.

Habarçylarymyz Aşgabadyň mekdeplerinde şeýle testleriň 10-njy aprelde geçirilip başlanandygyny, Lebapda bolsa dynç gün bolmagyna garamazdan, 12-nji aprelde geçirilendigini habar beripdi.

Ýarym resmi Orient websaýty 13-nji aprelde Türkmenistanda tutuş ilatyň saglygyny barlamak boýunça işleriň başlanandygyny we munuň orta mekdeplerden başlanandygyny habar berdi. Maglumata görä, mekdeplerde ýörite otaglar döredilip, enjamlar oturdylypdyr. Şeýle-de, mekdeplerdäki şertleri barlamak boýunça çäreleriň 25-nji maýa çenli dowam etdiriljekdigi aýdylýar.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty COVID-19 degişli maglumatlary bermekden saklanýar, dünýädäki ýagdaýlar barada hem habar bermeýär. Şu aralykda dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 2 milliona golaý boldy, ýogalanlaryň sany 114 müňden aşdy.

Türkmenistanda dünýäniň uly habar beriş serişdeleriniň ençemesiniň websaýtlary we ABŞ-nyň kesellere gözegçilik boýunça merkeziniň hem Döwlet departamentiniň websaýtlary petiklendi. 14-nji aprelde ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň websaýty hem petiklendi.

Saýtlaryň bloklanmagynyň sebäpleri belli däl. ABŞ-nyň kesellere gözegçilik boýunça merkeziniň hem Döwlet departamentiniň websaýtlarynyň petiklenmegi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Türkmenistana berlen amerikan kömegi barada sanlary çap etmegine garşy çykmagynyň yzýanyna gabat geldi. ABŞ Türkmenistana 20 ýylda 201 million dollar möçberde maliýe kömegini beripdir. Ýene bir million dollar Türkmenistana koronawirusa garşy göreş üçin çykarypdyr.

Şu günler çözülmän galýan agyr meseleleriň biri türkmen raýatlarynyň ýurduna dolanyp bilmän daşary ýurtlarda çykgynsyz ýagdaýda galmagyna degişli.

Koronawirusyň pandemiýasy bilen baglylykda uçar reýsleriniň ýatyrylmagy sebäpli Türkmenistanyň ençeme raýaty daşary ýurtlarda, şol sanda Orsýetde, Türkiýede, Gürjüstanda, Azerbaýjanda, Hindistanda galýarlar.

Köpüsiniň puly ýok, üstesine türkmen hökümetiniň girizen maliýe çäklendirmeleri sebäpli olaryň bank kartlaryndaky pullar we Western Union pul geçirmek boýunça hyzmatlar elýeterli däl.

Türkmenistanyň resmi çalyşyk kursunyň 1 amerikan dollaryna 3,5 manat derejesinde üýtgewsiz saklanýan wagtynda ýurduň içindäki gara bazarda dollaryň nyrhy birnäçe günde üýtgäp durdy, 23 manata çenli ýokarlandy we ýene 20,5 manata çenli pese düşdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG