Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň dermanhanalarynda zerur dermanlar tapdyrmaýar


Türkmenistandaky dermanhanalaryň biri
Türkmenistandaky dermanhanalaryň biri

Lebabyň dermanhanalarynda zerur derman serişdeleriniň ýetmezçiligi emele geldi diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri bu sebitden habar berýär. Bu aralykda, Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Tähranyň Aşgabat bilen saglygy goraýyş we lukmançylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.​

"Dermanhanalaryň tas ählisinde süýji keseli bilen kesellänleriň dermanlary, şol sanda dem alyş ýollaryndaky näsazlyklar üçin niýetlenen dermanlar tapdyrmaýar. Olaryň arasynda "Insulin", "Eufilin", "Aerozol", "Dekzamatozon", "Bekarbon", "Sulfadamol" we şuňa meňzeş dermanlar bar. Şeýle-de, astma- demgysma dermanlary hem tapdyrmaýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy bularyň tas ählisiniň import edilýän dermanlardygyny 30-njy aprelde beren maglumatynda aýtdy.

Habarçy lukmanlaryň we döwlet dermanhanalarynyň işgärleriniň süýji keseli bilen hasapda duran raýatlara insuline derek prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynda agzalan ot-çöpleri demläp içmegi maslahat berýändigini hem belledi.

"Welaýatda kardiologiýa, ýagny ýürek näsazlyklaryna degişli dermanlar hem gytalýar. Bu dermanlara derek hem, narpyz içmegi we gury erik iýmegi maslahat berýärler" diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, ol insulin tapdyrmaýandygy sebäpli süýji keseli bilen kesellän raýatlaryň koma düşmegi bilen bagly ýagdaýlaryň köpelendigini hem belledi.

Mundanam başga, Türkmenabat şäherindäki stomatologiýa merkezleriniň birnäçe işgäri Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde ätiýaçdaky metal we protez diş önümleriniň gutarandygyny hem aýtdy.

"Diş agrylaryny aýyrmak üçin niýetlenen "Lenkomesin", "Ledokain" we "Nowakain" ýaly dermanlar hem gutardy" diýip, diş lukmanlarynyň biri gizlinlik şertinde gürrüň berdi.

Derman gytçylygy we onuň sebäpleri barada welaýatyň häkimiýetleri tarapyndan resmi düşündiriş berilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosyna welaýat häkimliginden we saglyk bölüminden kommentariý almak hem başartmady.

Ýöne ýerli lukmanlaryň we dermanhana işgärleriniň ençemesi koronawirus global pandemiýasynyň fonunda dünýäde karantiniň dowam edýändigini aýdyp, derman gytçylygynyň sebäplerini serhetleriň ýapylmagy we munuň bilen bagly importyň çäklendirilmegi bilen düşündirýärler.

Ýatlatsak, fewral aýynda Türkmenistan koronawirus bilen bagly aladalaryň fonunda, özüniň goňşy döwletler bilen serhetlerini ýapyp, mart aýynda öz territoriýasyndan ýük gatnawyny ýatyrdy. Aprel aýynda bolsa, ýurduň serhet geçelgelerinde daşary döwletlerden gelýän ýük gatnawy täzeden düzgünleşdirildi.

Ýurduň gündogar-demirgazyk welaýaty Lebapda derman gytçylygy geçen hepde emele gelip başlady. 27-nji aprelde Azatlygyň bu sebitdäki habarçylarynyň biri Türkmenabatdaky köpugurly lukmançylyk merkezinde ilkinji kömegi bermek, hatda hassanyň gyzgynyny düşürer ýaly "Analgin" we "Parasetamol" ýaly dermandyr sanjymlaryň hem ýokdugy habar berdi.

Bu aralykda, Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Gholamabbas Arbabkhales Tähranyň Aşgabat bilen saglygy goraýyş we lukmançylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

30-njy aprelde IRNA habar agentligine beren maglumatynda ilçi Eýranyň dürli şäherleriniň, hususan-da, demirgazyk-gündogar Maşad şäheriniň Merkezi Aziýadan gelen syýahatçylara lukmançylyk hyzmatlaryny berip biljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy. Ol arzan bahalaryň we hyzmatlaryň hiliniň Maşady we Eýranyň käbir beýleki şäherlerini saglyk syýahatçylygynyň merkezine öwürendigini hem aýtdy.

Türkmenistanyň dermanhanalarynda we keselhanalarynda derman gytçylygy wagtal-wagtal ýüze çykýar. Şeýle gytçylyk soňky gezek geçen ýylyň bahar we tomus pasyllarynda ýitileşipdi. Şonda ýurduň saglyk işgärleri näsaglara gyt dermanlaryň ýerine ösümlikleri hödürläpdiler.

Şeýle-de, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ilata dermana derek prezidentiň "Türkmenistanyň derman ösümlikleri" atly kitabynda agzalan otlardan çaý demläp içmegi resmi taýdan maslahat beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG