Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Bedew baýramy ‘giňden’ bellenildi, zerur dermanlar gytalýar


Türkmenistanda daşary ýurtlarda öndürilen dermanlaryň gytylmagy bilen, dermanhanalarda olaryň deregine ösümlikler hödürlenip başlandy.
Türkmenistanda daşary ýurtlarda öndürilen dermanlaryň gytylmagy bilen, dermanhanalarda olaryň deregine ösümlikler hödürlenip başlandy.
  • Türkmenistan koronawirus pandemiýasynyň fonunda köpçülikleýin çäreleri geçirmegini, adamlary tomaşaçy hökmünde mejbury gatnaşdyrmagyny dowam etdirýär.
  • Lebap welaýatynyň köp ugurly hassahanasynda zerur derman serişdeleriniň ýetmezçilik edýändigi aýdylýar.
  • Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirus näsagynyň resmi hasaba alynmandygyny aýdýarlar.

Bedew baýramy we ýüzlerçe tomaşaçy

Türkmenistan dünýäde dowam edýän koronawirus aladalarynyň arasynda köp adamyň gatnaşmagynda guralýan dabaraly çäreleri, sport ýaryşlaryny, at çapyşyklary geçirmegini dowam etdirýär.

25-26-njy aprelde ýurt boýunça Bedew baýramy bellenilip, Aşgabadyň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolsa, ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda giň gerimli dabara geçirildi.

Toplumda guralan dabaralara prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi hem gatnaşdy. Ol öz şanyna aýdylýan aýdymlary, alkyş sözlerini diňledi, öňünde, gyrmyzy halylaryň üstünde tans edýän tansçylary synlady we sowgat berlen atlary uly minnetdarlyk bilen kabul etdi.

Dünýäde koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça köpçülikleýin, şol sanda sport çäreleriniň ýatyrylýan, adamlaryň arasyndaky sosial aralygyň möhümdigine üns çekilýän pursady, türkmen telewideniýesiniň reportažlarynda dabaralaryň ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilendigini synlasa bolýar.

Ýurtdaky köpçülikleýin çärelerinde adatça bolşy ýaly, bu gezekki dabaralara hem býujet işgärleriniň, studentleriň tomaşaçy hökmünde mejbury gatnaşdyrylandygy barada maglumatlar gowuşdy. Emma dünýädäki pandemiýanyň fonunda bu sapar girelgelerde adamlaryň gyzgynynyň barlanandygy we elleriniň dizinfeksiýa edilendigi bellenilýär. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, häkimiýetler çärelere gatnaşdyrylýanlaryň ýanynda mobil telefonlarynyň bolmazlygyny hem berk tabşyrypdyrlar.

Türkmenistanda Bedew baýramy 1992-nji ýyldan bäri her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenýär. Türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurtda ahal-teke atlarynyň Berdimuhamedowyň şahsyýet kultuny ösdürmeginiň guralyna öwrülendigini aýdýarlar.

Türkmenistanda köpçülikleýin çäreleri bilen bir hatarda beýleki sport, şol sanda futbol ýaryşlary hem dowam etdirilýär.

Ýatlatsak, Bütindünýä Saglyk Guramasynyň ekspertleri, koronowirus näsagyny resmi hasaba almadyk Merkezi Aziýanyň iki döwletine, ýagny Türkmenistana we Täjigistana sapar eder.

Maglumat üçin aýdylsa, geçen hepde Täjigistan ýurt boýunça mekdepleri ýapýandygyny, futbol ýaryşlaryny togtadýandygyny yglan etdi.

Derman ýetmezçiligi

BSG-nyň missiýasynyň Türkmenistana etmeli saparynyň öňüsyrasy, Azatlygyň ýurduň saglyk pudagyndaky ýagdaýlardan habarly çeşmeleri keselhanalarda dermanlaryň ýetmezçilik edýändigine ünsi çekýärler.

Türkmenabatdaky Lebap welaýatynyň köpugurly lukmançylyk merkezinde ilkinji kömegi bermek, hatda hassanyň gyzgynyny düşürer ýaly analginiň, parasitamol sanjymynyň hem ýokdugy aýdylýar.

“Keselhanada iň zerur dermanlar ýetmezçilik edýär. Bar bolanlarynyň hem tas ählisi diýen ýaly Türkmenistanyň özünde öndürildi. Iň bärkisi ýüregi köşeşdiriji korwalol hem hassanyň spazmasyny aýyrmaýar” diýip, Türkmenabatdaky köpugurly lukmançylyk merkezindäki ýagdaýlardan habarly çeşme Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol BSG-nyň missiýasynyň öňýany ýetmezçilik edýän serişdeleriň dermanhanalardan ‘karz alnyp, hamana, bar ýaly edilip görkezilip bilinjekdigine’ hem alada bildirdi. Ýatlatsak, Azatlyk barlag döwri ýurduň dürli sebitlerindäki keselhanalarda şeýle tejribelere baş goşulandygy barada ozal-da maglumat beripdi.

Türkmenabatdaky Lebap welaýatynyň köpugurly lukmançylyk merkeziniň özünden derman ýetmezçiligi barada kommentariý almak başartmady.

Türkmenistanda daşary ýurtlarda öndürilen dermanlaryň gytalmagy bilen, dermanhanalarda olaryň deregine ösümlikler hödürlenip başlandy. COVID-19 global pandemiýasynyň fonunda bolsa, türkmen häkimiýetleri we mediasy prezidentiň kitabyndaky ösümlikleri, şol sanda ýüzärligi hem ölüm howply wirusa garşy çykalga hökmünde öňe sürüp başladylar.

Bellesek, türkmen häkimiýetleri ýurtda giňden mahabatlandyrylan bu emleriniň koronawirusa garşy netijeli göreşýändigi ýa-da onuň öňüni alýandygy barada hiç hili ylmy delil görkezmeýärler. Türkmen mediasy, umuman, koronawirus sözüni giňden ulanmakdan we onuň global derejede ýetirýän täsirleri barada maglumat bermekden saklanýar.

Dünýäde koronawirusa ýoluganlaryň resmi sany 3 million adama golaýlan, wirusdan heläk bolanlaryň sanynyň hem 200 müňden aşan wagty, Türkmen häkimiýetleri ýurtda wirus bilen bagly ýeke ýagdaýyň hem hasaba alynmandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, Türkmenabadyň etegindäki, çölüň içindäki karantin sebitinde häzir bäş adamyň galyp, galanlarynyň goýberilendigi aýdylýar. Ýagdaýdan habarly çeşme, bu ýerde ilki başda Hytaýdan Türkmenistana getirilen 486 studentiň saklanandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG