Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy 1-2-nji maýda siliň gelmegine garaşylýandygy hakda duýduryş ýaýratdy


27-nji aprelde Lebapda bolan weýrançylykly harasatyň netijeleri.
27-nji aprelde Lebapda bolan weýrançylykly harasatyň netijeleri.

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy 1-2-nji maýda ýurduň Balkan, Ahal we Mary welaýatlarynda sil suwlarynyň emele gelmegine garaşylýandygy barada duýduryş hatyny ýaýratdy.

Azatlyk Radiosynda bu duýduryşyň nusgasy bolup, 04 belgili hata ýurduň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň başlygy B.Miminow tarapyndan 2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde gol goýlupdyr.

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýaýradan duýduryş haty
Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýaýradan duýduryş haty

"Howa hadysasy barada duýduryş" diýlip atlandyrylýan hatda şeýle diýilýär:

"Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de günortada ýerleşýän goňşy döwletleriň dag etek etraplaryna ýagmagyna garaşylýan çabgaly ýagşyň hasabyna, 2020-nji ýylyň maý aýynyň 01-02-sine Balkan, Ahal we Mary welaýatlarynyň çäklerinde ýerleşýän derýalarda suwlulygyň ýokarlanmagyna hem-de sil suw akabalarynda sil suwunyň emele gelmegine garaşylýar".

Azatlyk Radiosyna bu hatyň ýurduň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy tarapyndan bu edaranyň welaýatlardaky bölümlerine iberilendigini tassyklatmak başartdy.

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Marydaky edarasynyň ygtyýarly resmisi 1-nji maýda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda merkezi edaradan gelen duýduryşa garamazdan, sebitdäki ýagdaýlaryň howply görnüşde özgerip bilmek mümkinçiliklerini aradan aýyrdy.

27-nji aprelde Lebapda bolan weýrançylykly harasatyň netijeleri.
27-nji aprelde Lebapda bolan weýrançylykly harasatyň netijeleri.

"Bizde dag etekden diňe Murgap derýa bar. Bu ýerde-de üýtgeşik ýagan zat ýok. Ýaganda hem, ol bize ekin-tikin üçin ätiýaçlyk gor bolýar. Ýagyn köpräk ýagsa, sil gelenok, suw gelýär. Sil diýmek bir başga, suw diýmek bir başga. Murgapdan suw gelmese, Saryýagyz boşap gidýär. Taýýarlykda mesele ýok, hemme gulluklar işläp otyr. Geçen ýyl mundan köp suw gelende-de hiç zat bolmady" diýip, resmi aýtdy.

Bu gullugyň Balkandaky edarasynyň resmisi bolsa, "welaýatyň çäginde suwuň derejesiniň birneme ýokarlanandygyny", ýöne zyýan ýeten ýerleriň ýokdugyny" belledi. Şeýle-de, ol "biz diňe gözegçilik edýäris" hem diýip, taýýarlyklar barada hiç zat aýtmady.

Şol bir wagtda, balkanly resmi, "geçen ýyldaky ýaly köçeleri, ýaşaýyş we edara jaýlaryny sil suwlarynyň basmagy bilen bagly ýagdaý gaýtalanyp bilermi?", şeýle-de "geçen ýyl Balkana gelen sil suwlary barada öňünden duýduryş berildimi?" diýen soraglara jogap bermekden saklandy.

Bu duýduryş haty Türkmenistanyň resmi media serişdelerinde we ýurduň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň websaýtynda çap edilmedi. Bu barada döwlet telewideniýesiniň howa maglumatlary baradaky 30-njy apreldäki gepleşiginde hem hiç zat aýdylmady.

Ýöne bu waka ýurduň Lebap welaýatynda dörän weýrançylykly apy-tupandan birnäçe gün soňa gabat geldi. Şeýle-de, bu duýduryş goňşy Özbegistanyň häkimiýetleriniň Türkmenistandan gelýän yssy howa akymlarynyň netijesinde, 1-2-nji maý günleri Türkmenistan bilen serhetleşýän käbir sebitlerde güýçli ýeliň we ýagynyň ýüze çykyp biljekdigini duýdurýan mahalynda ýaýradyldy.

27-nji aprelde Lebapda bolan weýrançylykly harasatyň netijeleri.
27-nji aprelde Lebapda bolan weýrançylykly harasatyň netijeleri.

Türkmen häkimiýetleri Lebapda bolan tebigy harasatdan bäri dört gün geçse-de, bu barada dymyşlygy saklaýarlar.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosyna 27-nji aprelde agşamara Lebap welaýatynda bolan tebigy harasatyň netijeleri barada habarlaryň gelmegi dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň bu sebitdäki habarçylary we çeşmeleri Türkmenabat şäherinde elektrik üpjünçiliginiň heniz hem gaýtadan dikeldilmändigini, ilatyň toksuz kösenýändigini habar berýärler.

"Şäher Siriýa meňzeýär. Ähli ýerde hemme zat diýen ýaly ýumruldy. Adamlaryň balkonlary opuryldy. Munuň bilen bir wagtda, mekdeplerde 100% gatnaşygy saklamak üçin okuwçylary okuwa barmaga mejbur edýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmämiz 1-nji maýda gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol harasatda dereksiz ýiten adamlaryň, şol sanda çagalaryň köpdügi hem-de adam ýitgileriniň bolandygy barada maglumatlaryň bardygyny hem aýtdy. Ýöne ol anyk sanyň nämälim bolmagynda galýandygyny belledi.

Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary apy-tupanda azyndan 10 adamyň heläk bolandygyny habar beripdiler. Emma Azatlyk Radiosyna bu sanlary garaşsyz çeşmelere we türkmen häkimiýetlerine tassyklatmak başartmady.

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri harasatyň weýrançylykly netijeleriniň Internetde paýlaşylmagynyň öňüni almaga synanyşýarlar. Azatlygyň habarçylary bu synanyşyklaryň çäginde Lebapda mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň kesilendigini, şeýle-de Maryda, Daşoguzda we Lebapda Wi-Fi hyzmatlarynyň işlemeýändigini habar berýärler.

"Bularyň kesilmegi diňe apy-tupanyň ýetiren zyýany bilen baglanyşykly däl, eýsem Internetde weýrançylykly wideolar peýda bolup başlandan soň, mobil telefon we Wi-Fi hyzmatlaryny dolulygyna petiklemek çäreleri başlandy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 1-nji maýda gürrüň berdi.

Ol howpsuzlyk işgärleriniň weýrançylykdan ejir çeken adamlara kömek etmegiň deregine Internetde paýlaşylan wideolaryň awtorlaryny işjeň görnüşinde gözleýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlygyň Daşoguz welaýatyndaky habarçysy bolsa, sebitde diňe ýerli telekanallara tomaşa edip bolýandygyny, özbek telekanallarynyň petiklenendigini habar berýär.

"Ýaşaýjylar muny häkimiýetleriň ilatyň özbek telekanallaryna tomaşa etmezligi üçin edýän çäresi diýip düşündirýärler. Sebäbi olar Özbegistanyň prezidentiniň harasatdan ejir çekenleriň ýanyna baryp, olar bilen duşuşmagyny görkezmek islemeýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 1-nji maýda gürrüň berdi.

Bu aralykda, Lebap welaýatynyň apy-tupandan zyýan çeken ilaty döwlet tarapyndan ýeterlik ýardam berilmeýändigini aýdýan mahaly, türkmen häkimiýetleri Owganystanyň halkyna ynsanperwer kömegini iberýär.

TDH-nyň habaryna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky buýruga 30-njy aprelde gol goýdy we degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna goňşy ýurda azyk önümlerini muzdsuz bermegi tabşyrdy.

"Bu hoşmeýilli we sogaply çäre Türkmenistanyň hem-de onuň halkynyň parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr" diýlip, resmi habarda aýdylýar.

Mundan ozal, has takygy mart aýynda Türkmenistan koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde özünde ýetmezçilikler bar mahaly, bu wirus bilen baglanyşykly Eýrana ynsanperwer kömegini iberipdi.

Şonda ýene prezidentiň gol çeken buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine goňşy ýurda degişli saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de azyk önümlerini muzdsuz bermek tabşyrylypdy.

XS
SM
MD
LG