Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farapda apy-tupandan soň ilatyň elektrik we gaz üpjünçiligi dikeldilmedi. Jaýlary sil suwlary basdy


Türkmenistanyň dürli künjeklerinde turan apy-tupandan soň, Lebap welaýatynyň Farap etrabynda ilatyň elektrik we tebigy gaz üpjünçiligi heniz gaýtadan dikeldilmedi. Adamlar köçede ojakda nahar bişirýärler. Bu barada "Turkmen.news" neşiri habar berýär.

27-nji aprelde giçlik Azatlygyň Lebapdaky habarçylary welaýata apy-tupanyň gelendigini, munuň netijesinde güýçli ýeliň jaýlaryň üçeklerini goparandygyny we aragatnaşyk ulgamyna zyýan ýetirendigini habar berdiler.

Neşir Farapdaky çeşmelerine salgylanyp, 28-nji aprelde çap eden habarynda Amyderýanyň suwunyň joşmagy netijesinde onuň kenaryndaky obalaryň birnäçesini sil suwlary basandygyny hem aýdýar. Ýerli ýasaýjylar öýlerini terk edip, Türkmenabat şäherindäki dogan-garyndaşlarynyň ýanyna gidýärler.

"Köçelerde ýekeje-de adam ýok. Üçekleriň, daşlaryň we beýleki zibilleriň galyndylaryny hemme ýerde görse bolýar. Oba post-apokaliptik filmlerden kadrlary ýatladýar" diýip, neşir öz çeşmesiniň sözlerini getirdi.

Neşiriň maglumatyna görä, bu sebitde apy-tupan we sil suwlarynyň gelmegi sebäpli köp maşgala ep-esli zyýan çekdi. Olaryň öýleri bölekleýin zaýalandy ýa-da suw basdy. Mebeller, enjamlar we ulaglar zaýalandy. Şeýle-de, Farap etrabynda hem, hususy jaýlaryň we döwlet edaralarynyň birnäçesini suw basdy.

Bu maglumatlary Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy hem tassyklap, Farapda elektrik we beýleki simli aragatnaşyklaryň üpjünçiliginiň heniz dikeldilmändigini aýtdy. Şeýle-de, ol müňlerçe gektara uzap gidýän ekin meýdanlaryna zyýan ýetendigini hem belledi.

"Müňläp gektar pagta, bugdaý we gök-bakja ekinleri zyýan çekdi. Şu gün Farapda 25 töweregi mekdep we çagalar bagy işlemedi. Tok simleri ýerde ýatyr" diýip, habarçy 28-nji aprelde giçlik sagat 18:00-dan soň beren maglumatynda aýtdy.

Ol goňşy welaýatlaryň elektrik aragatnaşyk we gurluşyk edaralaryndan kömekçi toparlaryň gelmegine garaşylýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

"Türkmen.news" neşiri tebigy harasatda adam ýitgileriniň hem bolandygyny, ýöne olaryň takyk sany barada maglumatyň ýokdugyny hem belledi.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy hem, apy-tupanda azyndan 10 adamyň, şol sanda polisiýa işgärleriniň heläk bolandygy barada maglumatlaryň bardygyny aýtdy. Ýöne Azatlyk Radiosyna bu maglumaty türkmen häkimiýetlerine we garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady.

Bu aralykda, 28-nji aprelde daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanly bloggerleriň birnäçesi özleriniň Instagram ulgamyndaky sahypalarynyň hekaýalar bölüminde Türkmenistanyň gündogar we demirgazyk welaýatlarynda güýçli apy-tupanyň bolandygyny aýtdy.

Olar daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenlere özleriniň Türkmenistandaky dogan-garyndaşlary bilen habarlaşyp, olaryň hal-ýagdaýyny soramagy maslahat berdiler.

Şeýle-de, Facebook sosial ulgamynda Türkmenistan barada maglumatlary çap edýän "Turkmenistan TODAY" sahypasynda Lebapda adamlaryň sil suwlarynyň gelmeginden alada edip, ulaglary bilen beýik depelere çykýandygyny öňe sürýän wideo çap edildi.

Lebapdan Mara gidýan awtoulag ýolunyň 49-njy kilometrinde surata düşürilendigi aýdylýan bu wideoda onlarça ulagyň we adamyň beýik depelere çykyp durandygyny görse bolýar.

Türkmenistanyň resmi häkimiýetleri, mediasy, şeýle-de türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan ýarym-resmi internet neşirleri hem bu tebigy harasat, onuň netijeleri barada häzirlikçe maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG