Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Türkmenistan harasatdan ejir çekýän wagty merkezi hökümet dymyşlygy saklaýar


27-nji aprelde Lebapda bolan weýrançylykly harasatyň netijeleri.
27-nji aprelde Lebapda bolan weýrançylykly harasatyň netijeleri.

Metbugat arhiwlerinden çen tutulsa, mundan ozal hem türkmen ýolbaşçylary tebigy heläkçiliklerden soň belli bir wagt dymyşlygy saklaýardy.

Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde, hususan-da Lebap welaýatynyň çäklerinde 27-nji aprelde agşamara güýçli tupan turdy. Welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabatda, Farap etrabynda, Seýdi şäherinde we beýleki käbir etraplarda durmuş infrastrukturalary, elektrik sütünleri bölekleýin hatardan çykdy, aragatnaşyk ulgamlary kesildi we sebitiň suw üpjünçiliginde bökdençlik ýüze çykdy. Ilat agyr güne duçar boldy, oba hojalyk ekinleri zelel gördi, adam ýitgileri barada habarlar bar, binalaryň üçekleri zyýan çekdi.

Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri güýçli howa hadysasynyň yzýany habar berdiler. Sebitden düşürilip sosial ulgamlara syzyp çykan wideolarda tupanyň güýjüne hatardan çykan ýollary, köki bilen goparylan äpet agaçlary, sandan çykan elektrik diňlerini, ýere gaçan üçekleri görmek we käbir wideolarda alňasaýan adamlaryň aljyraňňy seslerini eşitmek bolýar.

Gündogar Türkmenistanda güýçli tupan turýan wagty, döwlet media we metbugat serişdeleri, merkezi hökümet, galyberse-de ejir çeken welaýatlaryň, şäherleriň ýa-da etraplaryň ýolbaşçy düzümleri tebigy heläkçilik barada dymyşlygy saklaýar. Zyýan çeken halka ynsanperwerçilik ýardamlarynyň berlip berilmeýändigi, olaryň häzirki ýagdaýy, döwletiň edýän adamçylyk aladalary barada maglumat berilmeýär.

Döwlet metbugaty 30-njy aprelde harasatyň yzýany Türkmenistanyň Owganystana goýberýän ynsanperwerçilik ýardamlary barada habar berse-de, Lebap halkyna iberilýän ýardamlar barada kelam agyz gürrüň etmeýär.

Ýöne şeýle heläkçilikleriň edil yzýany türkmen hökümeti ilkinji gezek dymýarmy?

Metbugat arhiwlerinden çen tutulsa, mundan ozal hem türkmen ýolbaşçylary tebigy heläkçiliklerden soň belli bir wagt dymyşlygy saklaýardy.

Ýatlasak, geçen ýylyň mart we aprel aýlarynda Türkmenistanyň aşaky sebitlerine, Ahal, Balkan, we Mary welaýatlarynyň çäklerine güýçli sil geldi. Ýerli ýaşaýjylar gelen siliň täsirinden zyýan çekdi, oba hojalyk ekinleri zaýa boldy, ter gowaçalar gapaklady. Ýöne türkmen hökümeti çekilen zyýan, ony aradan aýyrmak boýunça görlen çäreler barada asla dil ýarmady.

Ýöne bu ýyl Lebap welaýatyna gelen tebigy harasatdan tapawutlylykda geçen ýyl Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sil gelmegi bilen baglanyşykly öňüni alyş çärelerini öz wagtynda guramak boýunça zerur işleri geçirmändigi üçin, goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe “duýduryş”, goranmak ministriniň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy Döwran Durdyýewe “käýinç” yglan edipdi, ýöne şolardan başga, silden soňky dikeldiş çäreleri barada, galyberse-de yglan edilen käýinçleriň we duýduryşlaryň adaty halkyň durmuşyna ýetiren oňyn täsiri barada habar berilmedi.

Geçen ýylyň aprelinde regiona gelen sil we suw joşmalary goňşy Owganystanda we Eýranda adam ýitgilerine getiripdi.

Şonda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň güýçli çabga ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan edipdi.

Ýöne geçen ýyldaky sil joşgunyndan tapawutlylykda bu ýyl Lebaba inen tupanyň netijesinde, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň deslapky maglumatlaryna görä, azyndan 10 adam heläk boldy, köp zyýan çekildi. Türkmenistanyň hökümeti heniz ne öz halkyna gynanç bildirip beýanat ýaýratdy, ne döwlet baştutany betbagtçylygyň bolan ýerine baryp, halka duýgudaşlyk bildirdi, ne-de Türkmenistanda heläkçilikde pida bolanlaryň hatyrasyna bir günlük ýa-da birnäçe günlük matam güni yglan edildi, ne-de Türkmenistanyň parlamentiniň deputatlary heläkçilikde pida bolanlaryň hatyrasyna ör turup, hormat dymyşlygyny yglan etdiler.

Ýadyňyza düşýän bolsa, 2011-nji ýylyň 7-nji iýulynda Büzmeýin (şol wagtky Abadan) şäheriniň eteginde ýerleşýän ýarag ammarynda partlama ýüze çykypdy. Partlamanyň netijesinde şäherde ençeme adam ýitgileri boldy, harby ammar bilen bir hatarda, durmuş maksatly desgalar, mekdepler, çagalar baglary agyr zyýan çekdi. Ýöne şonda-da türkmen hökümeti we döwlet köpçülikleýin habar serişdeleri belli bir wagt dymypdylar.

Aradan üç gün geçip, haçan-da maglumat halkara habar serişdelerinde giňden ýaýrandan soň, 10-njy iýulda Türkmenistanyň döwlet mediasy resmi çeşmelere salgylanyp, partlamada birnäçe adamyň wepat bolandygy barada hem-de dikeldiş işleri hakda habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG