Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda turan tupandan soňky maglumat elýetersizligi ilaty başagaýlyga sezewar etdi


Illýustrasiýa suraty. 27-nji aprelde Lebap welaýatyna inen tupan Özbegistanyň Buhara welaýatyna-da güýçli täsir etdi. Farap etraby bilen serhetleşýän Buharanyň Alat etrabynda jaýlaryň üçekleri ýykyldy.

27-nji aprelde agşamara Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde ýüz beren güýçli tupandan soň, Lebabyň merkezi Türkmenabatda başagaýlyk boldy.

Şäherde mobil we internet aragatnaşygy heniz täzeden dikeldilmedi. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary şäher ilatynyň tupandan soň, 28-nji aprelde maglumat elýetersizligi sebäpli dowla düşendigini, häkimiýetleriň tebigy harasadyň netijeleri bilen gyzyklanmaýandyklaryny hem-de şäheriň käbir dükanlarynda talaňçylyk hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi. Farap etrabynda ilatyň elektrik, tebigy gaz we suw üpjünçiligi gaýtadan dikeldilmezliginde galýar.

“28-nji aprelde bütin gün başagaýlyk boldy. Adamlar näme etjeklerini bilenokdylar. Häkimiýetler, hamala, ýitirim bolan ýalydy, hiç kim çäre görmedi. Tupanyň yzda galdyran netijelerini aýyrmaýarlar, adamlara hiç zat aýtmaýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy çarşenbe güni habar berdi.

Ol tupanyň we ýagşyň binalara uly zyýan ýetirendigini, köp sanly jaýlaryň üçekleriniň weýran bolandygyny aýtdy.

“Tutuş şäher uruşdan soňky harabaçylyk ýaly bolup görünse-de, adamlar agşama golaý birneme köşeşdiler” diýip, habarçy maglumat elýetersizligi sebäpli ilatyň alasarmyk ýagdaýda galandygyny gürrüň berdi:

“Şäherde maglumatyň ýoklugy sebäpli, tupandan soň ýer titremesine we suw joşmasyna garaşylýandygy barada “myş-myşlar” ýaýrady. Şonuň üçin köp adam bütin güni belent ýerlerde geçirdi” diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de habarçy, galagoplygyň yzýany şäherde talaňçylyk hadysalarynyň ýüze çykandygyny, esasan mebel we hojalyk harytlary satylýan dükanlaryň, hatda hususy azyk haryt dükanlarynyň talanandygyny, galyberse-de suw joşmalaryndan gorkup, öýlerini terk eden adamlaryň öýlerine-de girilendigini habar berdi.

“Şäher bilen aragatnaşyk kyn. Gaz, suw we elektrik üpjünçiligi bölekleýin dikeldildi. Ilatyň köp bölegi öz ykbalyna terk edildi” diýip, habarçy maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Ol welaýatyň Farap etrabynda ýagdaýlaryň has agyrdygyny, ol ýerde elektrik, gaz we tok üpjünçiliginiň heniz täzeden dikeldilmändigini habar berdi.

Daryo.uz garaşsyz özbek neşiriniň maglumatyna görä, sebite inen sil Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Alat we Garaköl etraplaryna-da güýçli täsir etdi. Özbegistanyň Alat etraby Lebap welaýatynyň Farap etraby bilen araçäkleşýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň habaryna görä, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 28-nji aprelde Buhara welaýatynyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän Alat etrabyna sapar edip, güýçli howa hadysalaryndan ejir çeken halkyň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Onuň regiona eden saparynyň ýaňy serhediň Türkmenistan tarapyndan eşidildi:

“Ilat arasynda prezident Mirziýoýewiň Buhara eden sapary ara alyp maslahatlaşylýar: ‘Biz bolsa Arkadagymyzyň ýadyna-da düşemizok. Hatda bolan zatlar barada habar hem bermediler’ diýip, Lebapda käbir adamlaryň başdan geçirýän lapykeçligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy çarşenbe güni habar berdi.

28-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy irden sagat 9:00-11:00 aralygynda paýtagtda Internetiň kesilendigini, Türkmenabat bilen aragatnaşyga geçmegiň tas mümkin däldigini habar berdi.

Şeýle-de, onuň maglumatlaryna görä, bir-iki günlükde Aşgabada ýagan ýagşyň we öwsen ýeliň netijesinde Parahat – 7 etrapçasynda bir awtobus duralgasy zyýan çekdi.

Türkmenistanyň hökümeti Lebapda dörän güýçli howa hadysasy barada, onuň netijeleri, ölen ýa-da ýaralanan adamlaryň bardygy ýa-da ýokdugy, çekilen zyýan we beýleki ýagdaýlar barada ýurt raýatlaryna maglumat bermedi.

Türkmenistanyň ne döwlet eýeçiligindäki ne-de ýarym resmi habar serişdeleri howa hadysasynyň netijeleri, Lebap halkyna ýetirilýän ýardamlar we beýlekiler barada heniz habar bermedi.

Bu aralykda, 29-njy aprelde Azatlyk Radiosyna gowşan hatdan mälim bolşuna görä, daşary ýurtlarda janlanýan türkmen oppozisiýa toparlary Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenme kabul edip, güýçli howa hadysasy bilen baglylykda Lebap welaýatynda adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmegini talap etdiler.

“Türkmenistanyň hronikasynyň” “Meteožurnal” neşirine salgylanyp habar bermegine görä 27-nji aprelde Lebapda tizligi sekuntda 40 metre (sagatda 144 kilometre) ýetýän güýçli ýel öwüsdi.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigi “Howa maglumatynda” sebite inen tupandan bir gün öň, Lebapda 27-nji aprel güni sekuntda 5 metrden 16 metre çenli ýeliň öwüsmegine garaşylýandygyny habar berdi.

GOŞMAÇA 1: 29-njy aprelde Azatlyk Radiosynyň habarçysy güýçli howa hadysasynyň netijeleri bilen bagly welaýatdaky soňky ýagdaýlar boýunça goşmaça habar berdi:

"Farapda, Türkmenabatda we Seýdide heniz hem suw ýok, elektrik ýok. Adamlar zeýrenýär, näme etjeklerini bilenok. Seýdide esasy podstansiýa hatardan çykdy. Ýollar weýran boldy. Hereket etmek mümkin däl" diýip, habarçy aýtdy.

GOŞMAÇA 2: Bu maglumatyň çap edilmeginden soň, 29-njy aprelde Aşgabat wagty bilen sagat 20:00 töwereklerinde Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy Lebapda ýüz beren güýçli howa hadysasynyň öwezini dolup bolmajak adam ýitgilerine getirendigini, tupanyň netijesinde 10-dan gowrak adamyň heläk bolandygyny habar berdi. Azatlyk Radiosy bu maglumaty beýleki garaşsyz çeşmelere tassykladyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG