Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus, Türkmenistan COVID-19 garamazdan, 9-njy maýy parad bilen bellemekçi


Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamow (ç) we Aleksandr Lukaşenka (s)
Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamow (ç) we Aleksandr Lukaşenka (s)

Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka koronawirusyň ýaýramak howpuna garamazdan, 9-njy maýda Ýeňiş baýramy mynasybetli parad geçirjegini yglan etdi.

“Biz parady ýatyryp bilmeýäris, biz muny edip biljek däl" diýip, Lukaşenka 3-nji maýda aýtdy. Ol nasistlere garşy göreşenleriň hem käbiriniň wiruslardan ýa-da başga kesellerden ýogalandygyny öňe sürdi.

Bütindünýä saglyk guramasy COVID-19 keseliniň pandemiýasy wagtynda ýurtlary sosial distansiýa saklamaga we köpçüligiň üýşmegini göz öňünde tutýan çärelerden saklanmaga çagyrdy.

Belarusda 16 705 adam COVID-19 bilen hasaba alyndy.

BSG-niň rekomendasiýalaryna garamazdan şu ýyl 9-njy maý baýramyny uly üýşmeleňler bilen Türkmenistan hem bellär. Türkmen resmileri harby parad we weteran garrylara sylag gowşurmak ýaly dabaralary planlaşdyrýarlar.

Türkmenistan koronawirusyň ýurtda hasaba alynmandygyny aýdýan sanlyja dünýä ýurtlarynyň biri.

XS
SM
MD
LG