Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow gowaça ekişiniň üstünlikli tamamlanandygyny diňledi. Lebapda harasatdan ejir çeken ekinlere mör-möjekler hüjüm edýär


Ekin meýdany
Ekin meýdany

Türkmenistanyň gündogarynda bolan apy-tupanyň müňlerçe gektar oba hojalyk meýdanyna zyýan ýetirendigi baradaky habarlaryň fonunda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ähli welaýatlarynda, şol sanda Lebapda gowaça ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy baradaky hasabatlary diňledi. Ýöne tebigy harasatdan zyýan çeken oba hojalyk ekinleri barada hiç zat aýdylmady. Şeýle-de, bu hasabatlar Lebapda harasatdan ejir çeken oba hojalyk ekinlerine mör-möjekleriň hüjüm edýändigi we daýhanlaryň bu ýyl hasylyň pes boljakdygyny duýdurýan mahalyna gabat geldi.

6-njy maýda türkmen prezidenti Ministrler Kabinetiniň başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Lebabyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatyň pagtaçy kärendeçileriniň gowaça ekişini tamamlandyklary barada habar berdi.

"Häkim sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, şaly ekişine taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi" diýlip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Döwlet baştutanyň hasabaty diňläp, welaýatda galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek üçin ähli zerur taýýarlyk işleriniň geçirilmelidigini, gowaçalara edilýän ideg işleriniň agrotehniki kada laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini aýdandygy hem, resmi habarda bellenilýär.

Ýöne TDH-nyň maglumatynda Lebap welaýatynda 27-nji aprelde bolan apy-tupandan we 4-nji maýdan ýagan güýçli ýagyndan zyýan çeken ekinler barada kelam agyz söz aýdylmaýar.

Azatlygyň habarçylary bu tebigy harasatlaryň ikisinde hem beýlekiler bilen bir hatarda, müňlerçe gektar meýdana uzap gidýän oba hojalyk ekinlerine güýçli zyýan ýetendigini habar berdiler. Ejir çeken ilat harasatlar barada dymyşlygyny dowam etdirýän häkimiýetlerden häzirki güne çenli hemaýatyň ýokdugyny aýdyp gelýärler.

Bu aralykda, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ençeme daýhan birleşiginde tebigy harasatlardan ejir çeken oba hojalyk ekinlerine, indi mör-möjekleriň, şol sanda çekirtgeleriň hüjüm edýändigi habar berilýär.

"Kerkiniň Çekir, Daşlyk, Mukrýaryk we Lebap daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlaryna, ýetişip oturan bugdaýlara, kartoşkalara we baglara günorta-günbatar sebitden çekirtgeler, mör-möjekler hüjüm edýär. Bu ýagdaý indi iki-üç gün bäri dowam edýär" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçy 6-njy maýda gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan kärendeçi daýhanlar ilkibada dürli, şol sanda kömelek keselleri zerarly ençeme gektar meýdanda oba hojalyk, bugdaý ekinlerini ýitirendiklerini aýdýarlar. Soňra-da olar apy-tupandan hem-de güýçli ýagyndan zyýan çekendiklerini we bulardan aman galan ekinlerini mör-möjekleriň zaýalaýandygyny belleýärler.

"Soňky birnäçe günüň dowamynda ortaça 35 müň gektar ekin meýdany zaýalandy" diýip, lebaply daýhanlaryň biri gizlinlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.​

Türkmenistanda kärendeçi daýhanlar şertnama esasynda gowaça, bugdaý, ýeralmasy we şugundyr ýaly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirip, döwlete hasyl tabşyrýarlar. Döwlet hem öz gezeginde, daýhanyň tehnika, dökün we suw üpjünçiligine ýardam bermäge borçlanýar.

Ýöne lebaply kärendeçiler döwlet resmileriniň özlerinden habar almaýandygyny we daýhan birleşiklerinden soraýan kömekleriniň-de netijesiz galýandygyny aýdýarlar.

"Ýeterlik derman serişdeleriniň ýokdugy bu meseläni çylşyrymlaşdyrýar. Tehnika onusuzam ýetmezçilik edýär. Döwlet resmileri halymyzy soramaýar. Häzir daýhanlar çykgynsyz ýagdaýda. Bu ýyl hasylyň öňki ýyllardakydan hem juda pes boljagy ikuçsyz" diýip, lebaply daýhan gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Kerki etrap häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Bu harasat we daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary ýurtda azyk gytçylygynyň ýitileşen mahalyna gabat geldi.

Munuň bilen bir wagtda, Azatlygyň habarçylary Türkmenabat şäherinde öňden hem gyt bolan azyk harytlaryny tapmagyň has hem kynlaşandygyny, olaryň bahalarynyň-da barha gymmatlaýandygyny habar berdiler.

Bazarlarda çöregiň bahasynyň 10 manada, 2 litrlik ýagyň bahasynyň 80 manada we 1 kilogram unuň bahasynyň 10 manada ýetendigini, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň gündogar, günorta we günbatar sebitlerine geçen ýyl hem güýçli sil suwlary gelipdi. Şonda daýhanlaryň ençemesi müňlerçe gektar meýdany öz içine alýan oba hojalyk ekinlerine zyýan ýetendigini, ýöne döwlet tarapyndan hemaýat berilmeýändigini aýdypdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG