Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Russiýa muzdsuz ýerli önüm iberýär


Turkmenistan. Jebel, workers, railway ,train
Turkmenistan. Jebel, workers, railway ,train

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 5-nji maýda gol çeken buýrugyna laýyklykda Türkmenistanda öndürilen azyk önümleri, harytlary we materiallary “dostlugyň nyşany” hökmünde Russiýa muzdsuz berler. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Degişli önümleri ibermek işleri Lebap, Mary we Ahal welaýatlarynyň häkimliklerine, birnäçe pudak edaralaryna we ministrliklere, şol sanda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine tabşyryldy.

Hökümete ýakyn habarlary çap edýän “Orient” neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistanda öndürilen önümler Russiýanyň Astrahan şäherine ugradylar. Neşir Astrahanda 564 adama koronawirus keseliniň ýokaşandygyny habar berýär.

Russiýa iberilýän ýerli azyk önümleri we beýleki serişdeler Lebapda we Maryda gopan harasadyň yzýany ugradylýar.

Bu regionlaryň harasatdan ejir çeken ilatyna döwlet tarapyndan üpjün edilýän ýardamlar barada resmi maglumat berilmeýär.

Resmi Aşgabat harasatyň sebäp bolan weýrançylygy we adam ýitgileri barada dymýan wagty, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasy tebigy betbagtçylykda türkmen häkimiýetleriniň saklaýan dymyşlygyny tankytlap 4-nji maýda beýanat çap etdi.

Bu aralykda, adam pidalaryna getiren tupandan soň, Lebapda wagtal-wagtal güýçli ýagşyň ýagmagy dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji maýa geçilen gije Lebaba ýene güýçli siliň gelendigini, ep-esli jaýyň üçekleriniň ýene hatardan çykandygyny habar berdi.

Türkmen hökümeti bilen bir hatarda döwlet media we metbugat serişdeleri hem ýurduň çäklerinde bolan güýçli tupan barada habar bermeýärler.

“Orient” türkmen önümleri ugradylýan Russiýanyň Astrahan şäherinde soňky 24 sagadyň dowamynda koronawirus ýokaşanlaryň sanynyň 29 adam köpelendigini, şu wagta çenli bu keselden 6 adamyň heläk bolandygyny aýdýar.

Russiýa ýerli haryt bermeginden ozal, 30-njy aprelde Türkmenistan Oraza aýy mynasybetli Owganystanyň Farýab welaýatynyň halkyna ynsanperwer kömek hökmünde azyk haryt ugradypdy.

TDH bu ýardamlaryň 2-nji maýda welaýatyň dolandyryş edarasynyň baştutanyna hem-de sebit ýaşaýjylaryna gowşurylandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary harasatdan soň Lebap welaýatynda bazarlarda bahalaryň ýokarlanandygyny habar berdiler.

Global koronawirus pandemiýasyna garşy göreş üçin golaýda ÝB-niň berýän köpmillionlyk maliýe ýardamlaryndan mahrum bolan Türkmenistanyň häkimiýetleri wirus bilen baglylykda Owganystandan ozal Eýrana-da ynsanperwer kömegini ugradypdy.

Koronawirusy maslahat etmek üçin 23-nji aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginde prezident Berdimuhamedow haýallaýan global ykdysadyýeti dikeltmek babatynda Türkmenistanyň tejribelerini paýlaşmaga-da isleg bildirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG