Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

S.Berdimuhamedow haýwanlar üçin täze merkezleri açýan mahaly, paýtagtda öýsüz itler we pişikler awlanýar


Serdar Berdimuhamdow
Serdar Berdimuhamdow

Türkmenistanda "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy döredilip, onuň ýolbaşçysy wezipesine prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow saýlanandan sanlyja gün soň, türkmen mediasy bu ugurda täze başlangyçlar, şol sanda öý haýwanlaryny goramak we saklamak üçin täze merkezleriň açylandygy barada habar berýär. Türkmenistanda haýwanlara berilýän üns güýçlendirilýän ýaly bolup görünse-de, paýtagtda öýsüz-öwzarsyz itleriň we pişikleriň rehimsizlik bilen öldürilýändigi barada habarlaryň gelip gowuşmagy heniz dowam edýär.

TDH-nyň maglumatyna görä, 7-nji maýda "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hususy itşynaslar hem-de beýleki hünärmenler gatnaşdy.

Ýatlatsak, bu assosiasiýa 1-nji maýda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen maslahatda döredilip, onuň ýolbaşçysy wezipesine prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow saýlanypdy.

Synçylar tarapyndan soňky ýyllarda ýurtda prezidentden soň ikinji täsirli adama öwrülýändigi aýdylýan Serdar Berdimuhamedow guramanyň alabaýlaryň goralyp saklanylmagy, köpeldilmegi we hasabynyň ýöredilmegi bilen meşgullanjakdygyny hem aýdypdy.

7-nji maýda geçirilen mejlisde bolsa, assosiasiýasynyň welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça bölümleri döredildi hem-de olaryň ýolbaşçylary saýlanyldy. Şeýle-de, ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna welaýatlarda "Türkmen alabaý itleri" merkezleriniň gurluşygy ynanyldy.

"Assosiasiýasynyň nyşany tassyklanyp, onda hemişe wepaly dost we gaýduwsyz goragçy bolan, ýanynda özüňi arkaýyn duýup bolýan alabaýyň şekili ýerleşdirildi" diýlip, resmi habarda aýdylýar.

Penşenbe güni Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň bir künjünde gurlan weterinariýa bejerişhanasynyň we öý haýwanlary saklanylýan toplumyň açylyş dabaralary hem boldy.

Bu "döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkeziniň öý haýwanlarynyň kesellerini ýüze çykarmak we olary bejermek üçin niýetlenen öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendigi" bellenilýär.

Resmi habara görä, haýwanlary wagtlaýyn saklamak üçin bina edilen täze toplum bolsa, Türkmenistandaky döwlet derejesinde döredilen şunuň ýaly edaralaryň ilkinjisidir.

"Bu öý haýwanlaryny: pişikleri, itleri, guşlary we beýlekileri wagtlaýyn saklamak üçin niýetlenen toplumdyr, şeýle hem bu ýerde balyklary saklamak üçin akwarium hem göz öňünde tutulypdyr" diýip, TDH belleýär.

Türkmenistanda alabaý itlerine, şeýle-de öý haýwanlaryna berilýän resmi üns ýa-da it wagyzlary güýçlendirilýän ýaly bolup görünse-de, ýurtda häkimiýetleriň eýesiz it-pişikleri zäherläp, urup öldürilmegi bilen bagly çäreleriniň dowam edýändigi habar berilýär.

8-nji maýda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary we haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistler köçelerdäki itleri hem-de pişikleri rehimsizlik bilen tutýan döwlet ulaglarynyň öňküsi ýaly etrapçalara aýlanýandygyny, ýöne bu çäräniň o diýen aç-açanlyk bilen amala aşyrylmaýandygyny aýtdylar.

"Olar indi bu işi seresaplylyk bilen, köçelerde adamlaryň köp bolmaýan mahalynda amal edýärler. Ýaňy-ýakynda Gaudan etrapçasyndan uly bir ulag gitdi. Onuň içi öldürilen pişiklerden doludy. Häzir angara diňe öldürilen pişikleri eltýärler. Şäheriň köçelerinde itler gaty azaldy, esasan pişikler bar. Şol sebäpli häzir şäheriň çetindäki itleri öldürýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 8-nji maýda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda bu işleri amal edýän döwlet ulaglarynyň belgileri bar bolsa-da, olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Çoganlyda zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawoduň giňişliginde ýerleşýän öýsüz haýwanlaryň ýygnanýan angaryndaky ýagdaýlardan habarly aktiwistler bu ýere wagtal-wagtal diri itleriň we pişikleriň getirilýändigini, ýöne olaryň, surata düşürilenden soňra, öldürilýändigini aýdýarlar.

"Bu işi amal edýänler şeýdip kimdir birine hasabat berýäne meňzeýär" diýip, gizlinlik şertinde maglumat beren haýwanlary gorap çykyş edýän aşgabatly aktiwist 8-nji maýda aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Aşgabadyň häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda öýsüz itleri we pişikleri zäherläp, urup öldürmek çäreleri indi ençeme ýyl bäri dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistler bu barada ençeme wideo we surat iberdiler.

Munuň bilen bir wagtda, ýurtda haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistler hem basyşlara sezewar edilýärler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu barada kelam agyz söz aýtman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG