Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Çoganlyda angardaky itleri ýok etdiler"


Aşgabadyň etegindäki Çoganlyda zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawodyň giňişliginde ýerleşýän angar, 2017 ý.
Aşgabadyň etegindäki Çoganlyda zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawodyň giňişliginde ýerleşýän angar, 2017 ý.

Aşgabatly haýwanlary goraýjylar Çoganlyda zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawoduň giňişliginde ýerleşen öýsüz haýwanlaryň ýygnanýan angarynda itleriň ýok edilendigini habar berýärler.

"Häkimiýetler angary arassaladylar. Ähli itleri ýok etdiler. Şol ýerde peçler hem bar, zir-zibilleri getirip ýakýarlar, sol sanda goşunda ulanylan ýorgan-düşekleri, köne harby geýimleri ýok edýärler. Indi bolsa ähli görgi-azaplardan geçen öýsüz haýwanlary hem şeýdip ýok etdiler. Territoriýany peşewden we itleriň maslyklaryndan arassaladylar" - diýip, haýwanlary goraýjy aktiwistleriň biri 16-njy martda Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Bu habar bilen baglylykda Aşgabadyň häkimliginden maglumat alyp bolmady.

Habarçylarymyz fewral aýynda turkmen häkimiýetleriniň koronawirusa garşy çärelere girişen wagtynda olaryň Aşgabadyň köçelerinde öýsüz haýwanlary tutmak işini ýene-de güýlendirendigini habar beripdiler.

Haýwanlary awlamak işini ýerine ýetirýän jemagat gulluklaryň işgärleriniň diňe idegsiz haýwanlar bilen çäklenmän, öýde saklanýan itleri we pişikleri tutup alyp gitmegine degişli ýagdaýlaryň enemesi köpçülige mälim bolupdy.

Aşgabadyň etegindäki Çoganlyda zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawodyň giňişliginde ýerleşýän angar paýtagtda we onuň töwereginde tutulýan itleriň we pişikleriň toplanýan ýeke-täk ýeridi.

Aşgabadyň köçelerinde awlanan idegsiz itler nirä barýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:19 0:00

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň öň mälim etmegine görä, Çoganlyda itleriň we pişikleriň toplanýan ýerine haýwanlary goraýjylaryň we meýletinçileriň goýberilmegi 2018-nji ýylyň güýzünde çäklendirilipdi, soň doly ýapylypdy. Muňa garamazdan, tutulan itleri we pişikleri Çoganlydaky ýere alyp barylmagy dowam etdirildi.

Geçen ýylyň başynda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary Çoganlydaky penahanada saklanýan haýwanlary ýok etmek tabşyrygynyň berlendigini habar beripdi. Şonda bu habar köpçülige milim bolup, penahana ýok edilmändi.

Häkimiýetleriň Çoganlydaky penahanada saklanýan haýwanlary ýok etmek planlary baradaky şol habar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda öýsüz haýwanlar üçin "ýörite merkezleşdirilen keselhananyň" we penahananyň dörediljegini yglan etmeginiň yzýanyna gabat gelipdi. Bir ýyldan gowrak wagt geçdi. Emma döwletiň hasabyna guruljakdygy aýdylan, emma soň gurluşygy üçin telekeçilerden hem ilatdan pul toplanan, prezidet Berdimuhamedowyň wada berlen şol penahanasy häzire çenli gurulmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG