Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirus sebäpli tussaglyk, izolýasiýa, azyk ýetmezçiligi. COVID-19 we Türkmenistan


Çoganlydaky ýokanç keseller hassahanasy, Aşgabat
Çoganlydaky ýokanç keseller hassahanasy, Aşgabat

Türkmen häkimiýetleriniň koronawirusa garşy alyp barýan çäreleriniň netijesinde ýurt ilatynyň hukuklary we mümkinçilikleri has çäklendi. Şu günler türkmenistanlylar koronawirus barada gepländigi üçin yzarlamalara sezewar edilýär, hereket etmekden, gazanç çeşmelerinden mahrum bolýar we azyk ýetmezçiliginden, transport problemasyndan kösenýär. Türkmen häkimiýetleri bolsa, dünýädäki heläkçilikli koronawirus pandemiýasynyň fonunda COVID-19 keselini açyk agzamakdan gaça durýarlar we çäklendirme girizmek bilen oňýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçylary şu günler koronawirus barada gepleýänleriň 10 günlük tussag astyna alynýandygyny habar berýärler.

- Lebap welaýatynyň birnäçe etrabynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri adamlary koronawirusy agzandygy üçin yzarlaýarlar, adamlaryň 10 günlük tussag edilen ýagdaýlary bar. Adamlar gorkýarlar - diýip, habarçymyz 2-nji aprelde Lebapdan gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, regionyň ilatyna öz etraplarynyň daşyna çykmak gadagan edilipdir, welaýatyň çäginde transport gatnawy ýatyrylypdyr.

- Şu gün Türkmenabat we Saýat, Darganata etraplary öz serhetlerini doly ýapdylar, indi hatda saglyk hakyndaky resminamalar bilen hem goňşy etraplara baryp bolmaýar. Ýazgy boýunça oturan ýaşaýyş punktuň daşyna çykmaly däl, transport gatnawy doly ýatyryldy - diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramazlygy üçin 19-njy martda paýtagty ýapdylar, 20-nji martda raýatlaryň welaýatlaryň arasyndaky hereketini belli bolmadyk wagt möhleti bilen çäklendirdiler we raýatlardan ýörite rugsat hatyny hem saglyk hakyndaky resminamany talap etdiler.

Bu berk çäreleri alyp barýan Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawius bilen kesellän ýa-da kesellän bolmakda güman edilýän ýekeje-de adamyň ýokdugyny aýdyp gelýärler. Şol bir wagtda-da karantin zonalaryny döredýärler we şol ýerde ýüzlerçe adamy saklaýarlar.

1-nji aprelde "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri Türkmenabatda karantin zonasyndaky ýagdaýy görkezýän wideony çap etdi.

Maglumata görä, bu ýerde iki hepdelik karantinde daşary ýurtlardan baranlar saklanýar, erkekler ýokanç keseller hassahanasynyň ýanyndaky çadyrlarda, aýallar we çagalar keselhanalarda.

Wideoda çadyrlarda oňaýlyklaryň ýokdugyny, adamlaryň iki gatly krowatlarda, geýimlerini çykarman ýatýandygyny görmek mümkin.

Bu aralykda BMG türkmen hökümeti bilen ýurduň COVID-19 problemasyna taýýarlyk planyny (CPRP) maslahat etdi.

Bu planyň esasy maksadynyň Türkmenistanyň infeksiýa garşy profilaktika we göreşe taýýar bolmagy üçin onuň zerurlyklaryny öwrenmeklige we keseliň tutaşmagynyň sosial-ykdysady netijelerini gowşatmaklyga gönükdirilýändigi aýdylýar. BMG-niň resmi websaýtynda 31-nji martda çap bolan maglumata görä, Türkmenistanyň Saglyk we DIM ministrlikleriniň, Migrasiýa hem transport gulluklarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri proýekt bilen tanyşypdyr we indiki ädimleri oňlapdyr.

Emma, döwlet habar serişdeleri BMG-niň türkmen resmileri bilen geçiren bu maslahat barada dymdylar.

Şu günler ýurduň içinde ilatyň hereket etmek mümkinçilikleri çäklendirlen döwürde azyk önümleri has gytaldy we adam başyna berilýän mukdary esli azaldy.

- Darganata, Saýat etraplarynda un ýetmezçiligi has agyrlaşdy. Indi her adama aýyna iki kile un we üç litr arassalanmadyk pagta ýagyny satýarlar. Saýatda adamlar hatda pula-da un we ýag tapyp bilmeýärler. Çörek gözläp başga etraba gidýän adamlaryň 5000 manat jerimä sezewar edilýän ýagdaýlary boldy. Adamlarda munça pul ýok - diýip, Lebapdaky habarçymyz 2-nji aprelde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, adamlaryň nägilelik bildirip, ýerli häkimiýetlere ýüz tutýan ýagdaýlary köpelýär.

Şu günler Mary welaýatynda transport problemasy güýçlenipdir, taksi sürüjilerini kowýarlar, ýaşaýjylar öýlerine aşmak üçin ulag tapmaýarlar.

"Şäherde gözegçilik güýçlendi. Wokzalyň golaýynda duran taksiçileri kowýarlar, olar etraplara gatnaýarlar, meselem Ýolötene, Türkmengala we Baýramala. Polisiýanyň patrul ulaglary diňe bir taksileri däl, beýleki awtoulaglary, adaty raýatlary hem kowýarlar. Hiç zady düşündirmeýärler, Şäherde işleýän adamlar indi öýlerine nädip aşjagyny bilmeýärler. Şol bir wagtda-da, her kim öz iş ýerinde hökman bolmaly. Döwletiň awtobuslary bolsa agşam sagat 6 çenli işleýärler" - diýip habarçymyz aýdýar.

Aşgabatly haýwanlary goraýjylaryň sözlerine görä, häkimiýetleriň şu günler koronawirusa garşy alyp barýan çäreleri itlere we pişiklere hem täsir ýetiripdir.

"Pişikleri öldürmegiň täze tolkuny başlandy. Täsin bir zäher sepip öldürýärler. Howdan, Parahat 3/2-den habar bar" - diýip aşgabatly haýwanlary goraýjy Azatlyga 2-nji aprelde gürrüň berdi.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary fewral aýynda paýtagtyň jemagat gulluklarynyň işgärlerine koronawirusa garşy çäreleriň çäginde idegsiz itleri we pişikleri ýok etmek tabşyrygynyň berlendigini mälim edipdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG