Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda bir gartaň aýal ýol üstünde pyçaklanyp öldürildi, pullary we altyn şaý-sepleri talandy


Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bir agajyň kölegesinde duran uniformaly adamlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda ilat arasynda ogurlyk we talaňçylyk hadysalarynyň köpelýändigini habar berýärler.

Aşgabadyň 30-njy etrapçasynda 60 ýaşly bir pensioner aýal bankomatdan pul nagtlaşdyrmagynyň yzýany ýol üstünde ilki pyçaklanyp öldürildi soňra talandy. Waka geçen hepdäniň ortalarynda Aba Annaýew (öňki Ostrowskiý) köçesi bilen Reutowa (häzirki Medeniýet) köçesiniň çatrygyna golaý ýerde boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp, pyçaklanandan soň wakanyň bolan ýerinde aradan çykan gartaşan aýalyň üstündäki altyn şaý-sepleriniň, içi pully gapjygynyň, hem-de bank kartynyň talanandygyny habar berýär.

“Birnäçe gün bäri pensiýa hakyny nagtlaşdyryp bilmedik pensioner aýal Ostrowskiý köçesiniň ugrundaky “Türkmenistan” bankynyň bankomatyndan pul nagtlaşdyrandan soň, [yzyna dolanmak üçin] Ostrowskiý köçesinden Reutowa köçesiniň 2-nji saglyk öýi tarapyna öwrülýär. Iki köçäniň çatrygyna daş bolmadyk adamsyz ýerde, umumy ýaşaýyş jaýlaryň gabatlarynda oňa hüjüm edilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.

Onuň bu jenaýat bilen bagly öwrenen maglumatlaryna görä, hüjüm edilen aýal pyçaklanýar we onuň pully gapjygy, bank karty, altyn gulakhalkalary we altyn zynjyry talanýar.

Ýurtdan gowuşýan maglumatlara görä, hususan-da Aşgabadyň köçelerinde gyzyl dakynan zenanlaryň altyn şaý-sepleri, galyberse-de aýallaryň, aýratyn-da azyk dükanlaryndan gaýdyp barýan gartaň aýallaryň içi iýmit önümli sumkalary soňky wagtlarda köçe garakçylarynyň oljasyna öwrülýär.

“Aşgabatda aýallaryň, ilkinji nobatda garry aýallaryň içi döwlet dükanlarynda irden uly nobatlara garaşylyp satyn alnan iýmit önümli sumkalarynyň talanmagy ýygjamlaşdy” diýip, atlandyrylmazlygyny soran paýtagtyň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Mary welaýatyndaky habarçymyz bu regionda ogrularyň soňky wagtlarda awto ulag şaýlaryny nyşana alýandyklaryny habar berýär.

“Baýramaly şäheriniň “Kurortnyý” we “Ýubileýniý” raýonlarynda gije ýaşaýjylaryň awto ulaglarynyň dürli şaýlaryny, ýagny magnitafon, akkumlýator, gapdal aýna we awto ulagyň içinde satyp bolýan zat bar bolsa gapylaryny açyp alýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy golaýda habar berdi.

“Geçen hepdäniň 5-nji güni (öňki ady) Çkalow köçesinde hojalyklaryň howlusyna girip, çagalaryň kolýaskosy, welosiped, suw nasos we ýene näme tapsalar alnypdyr” diýip, bir ýaşaýjy atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady aýdylmaýan ýerli polisiýa işgäriniň beren maglumatlaryna görä, hojalyk harytlarynyň ogurlanmagy bilen baglylykda ogurlykda aýyplanýan bir ýigit saklanypdyr.

Azatlyk Radiosy ogurlykda aýyplanýanyň şahsy maglumatlaryny mälim etmekden saklanýar.

Ogurlyk we talaňçylyk bilen bagly gozgalan jenaýat işleriniň jikme-jiklikleri, olaryň kazyýet we derňew işleri bilen bagly maglumatlar Azatlyk Radiosyna elýeterli däl.

Aýdylmagyna görä, Mary welaýatynyň Türkmengala we Ýolöten etraplarynda-da polisiýa işgärleri ogry gözleýär. Bu çäreleriň çäginde ýollarda motor sürüjileri barlanýar, resminamalary düzüw bolmadyk motorlar jerime duralgalaryna äkidilýär.

Azatlyk Radiosy Aşgabatda gartaşan aýalyň öldürilmegi we soňky wagtlarda artýan ogurlyk hadysalary barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden hem-de Aşgabat şäheriniň polisiýa bölüminden kommentariýa alyp bilmeýär.

22-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň ýene bir habarçysy Aşgabatda soňky wagtlarda köpelýän ogurlyk hadysalary we gyzyl dakynan aýallaryň şaý-sepleriniň talanmagy barada habar beripdi.

Türkmenistanyň güýç gulluklary, howpsuzlyk edaralary bu habarlary teswirlemeýär. Ýurduň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar serişdelerinde, şeýle-de ýarym resmi neşirlerde ýurtda artýan jenaýat hadysalary, ogurlyk we talaňçylyk barada maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG