Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda kartoşka, sogan çäkli möçberde satylýar. Bazarlarda alyjylar azalýar, öýlerde ogurlyk wakalary köpelýär


Aşgabadyň "Jennet" bazarynda satylýan kartoşka

Türkmenistan Eýran bilen serhedini ýapandan soň, ýurduň bazarlarynda bu döwletden import edilýän azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagy we gytalmagy dowam edýär.

Bu habarlaryň fonunda, bazarlarda alyjylar azalýar, adamlaryň öýlerindäki azyk önümleriniň, mal-garalarynyň we beýleki senagat harytlarynyň ogurlanmagy bilen bagly wakalar köpelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdan, Lebapdan we Daşoguzdan habar berýärler.

“Lebabyň Türkmenabat şäheriniň Gök bazarynda kartoşka we sogan çäkli möçberde satylýar. Kartoşkanyň 1 kilogramy 10-13 manada barabar bolup, her adam diňe 2 kilogram satyn alyp bilýär. Soganyň 1 kilogramy öň 3-5 manatdan bahalanýardy, häzir 10 manada deň. Sogan hem her ele 1 kilogram satylýar. Adamlar bularyň ikisini-de nobata durup almaly bolýarlar” diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçy 5-nji martda gürrüň berdi.

Habarçy satyjylara salgylanyp, käbir azyk önümleriniň söwdasynyň pesdigini, ýerli sitrus önümleriniň tas 80 prosentiniň tekjelerde durup zaýa bolýandygyny hem aýtdy.

“Harytlaryň bahalary ilatyň girdejisinden gymmat. Şol sebäpli bazarlarda alyjy az” diýip, habarçy belledi.

Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy hem, azyk we senagat harytlarynyň bahalarynyň dessine gymmatlamagy netijesinde bazarlaryň “boşap galandygyny” aýtdy.

“Adamlar esasan kapusta we käşir ýaly harytlary satyn alýarlar” diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan daşoguzly habarçy 5-nji martda gürrüň berdi.

Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtyň “Jennet” bazarynda ownuk kartoşkanyň 1 kilogramynyň 5 manatdan satylýandygyny aýtdy. Ýöne ol bularyň örtüginiň hapadygyny we pil bilen çapylandygyny belläp, hiliniň öwerlikli däldigini aýtdy.

Ýatlatsak, Türkmenistan dünýä ýaýraýan koronawirus bilen bagly goňşy Eýran bilen döwlet serhedini ýapandan soň, 27-nji fewralda Aşgabadyň hususy we döwlete degişli söwda nokatlarynda kartoşka söwda tekjelerinden ýitirim boldy. Şondan soň käbir söwda nokatlarynda onuň bahasy 14-15 manada çenli gymmatlapdy.

Türkmenistan Eýrandan beýleki gök-bakja önümleri bilen bir hatarda kartoşka we sogan import edýär. Bu önümler Türkmenistanyň özünde-de ösdürilip ýetişdirilýän bolsa-da, ýerli önümçiligiň içerki bazarlary doly üpjün etmäge ýetýändigi ýa-da ýetmeýändigi barada statistiki sanlar mälim edilmeýär.

1-nji martda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň bazarlarynda satuwdan aýrylan kartoşkanyň ýaňadandan peýda bolandygyny, emma onuň hiliniň juda ýaramazdygyny habar berdi. Munuň bilen bir wagtda, onuň söwda tekjelerindäki gymmatçylygy dowam etdi.

Bu habarlaryň fonunda, Türkmenistanyň bazarlarynda häkimiýetleriň bahalara gözegçiligi güýçlendirip, gök-bakja önümleriniň nyrhlaryny mejbury arzanlatmak çärelerini güýçlendirendigi mälim boldy.

Emma Azatlygyň habarçylary häkimiýetleriň bu çärelerine garşy satyjylaryň bu harytlaryň aç-açan söwdasyndan gaça durýandygyny aýdyp, regionlarda kartoşkanyň we soganyň gizlin söwdasynyň dörändigini habar berdiler.

Bu habarlaryň fonunda, Azatlyk Radiosynyň Lebap we Daşoguz welaýatlaryndaky iki habarçysy adamlaryň öýlerindäki we howlularyndaky azyk önümleriniň hem-de mal-garalarynyň ogurlanmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigini aýdýar.

“Öýlere girip, iýip bolaýjak ähli zady ogurlaýarlar. Şeýle-de, olar adamlaryň mal-garalaryny hem ogurlaýarlar” diýip, daşoguzly habarçy 5-nji martda beren maglumatynda aýtdy.

Lebaply habarçymyz “ownuk ogurlyklara” welaýatyň Farap, Darganata we Saýat etraplarynda duş gelse bolýandygyny, hususan-da azyk önümleriniň, towuk, geçi ýaly mal-garalaryň we howluda serlen arassa egin-eşikleriň ogurlanýandygyny belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG