Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda 'altyn garakçylygy' güýçlenýär, ejir çekenleriň hemmesi polisiýa ýüz tutmaýar


Aşgabat görnüşi

Il içinde "tros" diýlip atlandyrylýan altyn zynjyrlar, aýdylmagyna görä, türkmen aýal-gyzlarynyň esasy baýramçylyk bezegleriniň biri bolup, köçe garakçylarynyň iň arzyly oljasyna öwrülýär.

Türkmenistanda, global pandemiýa we azyk aladalarynyň arasynda, birden diýen ýaly köçe garakçylygy ýygjamlaşmaga başlady, polisiýa talaňçylygyň möçberleriniň birden beýle kesgin ýokarlanmagyndan alada galýar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy talaňçylyklaryň göni köçede, esasan ýanlarynda erkek bolmadyk aýallara hüjüm etmek bilen amala aşyrylýandygyny, ýöne garakçylaryň ýeke barýan erkeklere hem iki, üç bolup hüjüm edýändiklerini habar berdi.

"Aýal-gyzlaryň altyn-kümüş şaý-seplerini, hususan-da olaryň boýunlaryndaky altyn zynjyrlary, ellerindäki sumkalaryny talap alaýarlar, iki-ýeke barýan erkeklere hem topulmakdan gaýtmaýarlar" diýip, habarçy bu hili hüjümleriň köplenç kafeleriň, restoranlaryň golaýynda bolýandygyny sözüne goşdy.


Onuň tassyklamagyna görä, kafeden ýa restorandan içgiliräk çykan erkekler garakçylar üçin "aňsat aw" bolýar, olary urup ýykyp, ýanyndaky pullaryny, telefonlaryny alyp gaçýarlar.

"Artygrak içen ýa biraz keýpini köklän adam daşyndan, aýak basyşyndan hem bildirýär we kafeniň golaýynda garaşyp duran garakçylaryň bada-bat gözüne ilýär, olar onuň yzyna düşýärler" diýip, bu ýagdaýy adynyň aýdylmazlygyny soran polisiýa ofiseri hem tassyk etdi.

Şeýle-de habarçy öz tanyşlarynyň arasynda hem ejir çekenleriň bardygyny gürrüň berdi.

"30 ýaşyndaky tanşym golaýda kafeden çykyp, ýanýol bilen ýöräp, taksi tutmaga ugrapdyr. Sebäbi kafeniň golaýynda taksi tutmak mümkin bolmandyr. Ol çyraly we köp adamly ýerden arasyny açan badyna, iki sany adam üstüne topulýar. Ýöne ol, sport bilen meşgullanansoň, olara gaýtawul bermegi başarypdyr" diýip, habarçy aýtdy.


Başga bir restoranyň golaýynda bolsa, doglan gün üýşmeleňinden çykan ýaşaýjylar şeýle hüjüme sezewar boldy. Ýaş oglanlaryň bir topary ýanlary erkeksiz çykan aýal-gyzlara hüjüm edip, olaryň boýunlaryndaky "tros" diýilýän altyn zynjyrlary goparyp aldylar diýip, habarçy sözüni dowam etdirdi.

Il içinde "tros" diýlip atlandyrylýan altyn zynjyrlar, aýdylmagyna görä, türkmen aýal-gyzlarynyň esasy baýramçylyk bezegleriniň biri bolup, köçe garakçylarynyň iň arzyly oljasyna öwrülýär.

Mundan başga, altyn zynjylary we aýal sumkalaryny 'awlamak' garaňky gatlyşanda we giç agşam, dynç günlerinde ýaşaýyş etrapçalarynda hem ýygjamlaşýar.

Soňky wagtlarda adamlar biraz arkaýynlaşypdy, hatda giç agşamlaryna hem ikiçäk ýa ýekelikde öýlerine dolanyp gelýän adamlary görse bolýardy, indi bu hili adamlary hem "awlap' başladylar, bu häkimiýetleriň ýene çäklendirmeleri artdyrmagyna getirmese ýagşy diýip, habarçy aýtdy.


Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen resminiň we synçylaryň tassyklamagyna görä, häkimiýetler bu ýagdaýdan habarly: ejir çekenleriň belli bir bölegi, hususan-da urlup-ýenjilnler polisiýa ýüz tutýar, emma polisiýa arzyny aýtmakdan çekinýänler-de az däl. Munuň sebäbi adamlaryň polisiýa ynanmazlyklary, olaryň özlerini günäkärlemeklerinden howatyr etmekleri bilen düşündirilýär.

"Polisiýa hem golaýda sähel içen adamy görse, tutup ýa jerime salyp ýördi, olar üçin serhoşyň ýa sagyň parhy ýok, adamlar polisiýadan gyrgy gören serçe ýaly gorkýar" diýip, aşgabatly 55 ýaşly ýaşaýjy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Adatça, Türkmenistanda ýygy-ýygydan guralýan günä geçişlerden soň, işe ýerleşip bilmedik öňki tussaglaryň käbiriniň ownuk ogurlyga ýüz urmagynyň artýandygy habar berilýär.

Emma häzirki hüjümleri bu ýagdaý bilen garyşdyrmaly däl. Sebäbi soňky günä geçiş golaýda boldy, emma köçe talaňçylygy köpçülikleýin hadysa görnüşinde diňe bir hepde ozal başlandy diýip, anonimlik şertinde maglumat beren resmi aýtdy.


Geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistan, Bitaraplyk güni mynasybetli, 528 tussagyň günäsini geçdi. Ondan öň, martda 2028, maýda 764, sentýabrda 868 tussag, türmeden möhletinden ir boşady.

Resmi maglumata görä, 2019-njy ýylda prezidentiň amnistiýasy esasynda 4188 adamyň günäsi geçildi. Şol bir wagtda, günäsi geçilýän tussaglar, olaryň jenaýat maddalary we çeken jezalary hakynda maglumat berilmeýär.

Türkmen mediasynda ýurtdaky jenaýat statistikasy, ozalky tussaglaryň gaýtadan jenaýata baş goşuşlary ýa beýleki detallar barada açyk maglumat çap edilmeýär. Umuman, ýurtdaky jenaýat statistikasy hakynda bolsa, soňky gezek takmynan 2005-nji ýylda, Türkmenistanyň şol wagtky baş prokurory Gurbanbibi Atajanowa bilen şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň arasynda bolan we telewideniýede berlen bir taraply maglumatdan soň, maglumat elýeterliligi ýaramaz bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG