Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenabatda ‘protestden soň, häkimiýetler dessine ilata ýardam berip başlady’


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde adamlaryň ýerli häkimiýetleriň tebigy harasatyň netijelerini heniz hem aradan aýyrmaýandygyna we bu ugurda ilata ýardam etmeýändigine nägilelik bildirip protest geçireninden soňra, ýerli häkimiýetler şol günüň özünde harasatyň netijesinde zeper ýeten jaýlary dikeldip we ýerzeminlere ýygnanan suwlary çykaryp başladylar. Bu barada garaşsyz turkmen.news neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, 13-nji maýda Türkmenabat şäheriniň “Železnodorožnyý” atlandyrylýan sebitindäki proteste müňe golaý adam gatnaşypdyr.

Adamlar şäheriň Dänewe we Seýdä tarap uzaýan “Garaşsyzlyk” köçesine çykyp, göni ýoluň üstünde oturypdyrlar. Neşir proteste çykanlaryň aglabasynyň aýallar we çagalar bolandygyny belleýär.

“Erkekler gorkýarlar. Erkekleri göni ýygnaýarlar. Aýallary, esasan hem ýanlarynda çagasy bolanlary, adatça, ellemeýärler” diýip, turkmen.news neşiriniň çeşmeleriniň biri maglumat berdi.

Adamlaryň köçe çykanyndan dört sagat çemesi wagt soňra, sebite Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň, polisiýanyň ofiserleri, ýerli kommunal hojalyk edarasynyň wekilleri, şeýle-de resmiler, şol sanda şäher häkiminiň orunbasary hem gelipdir.

Olar ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryndan habarlydyklaryny, bar bolan meseleleriniň şol günüň özünde çözüljekdigine söz berip, ýygnanan märekeden öýli-öýüne dolanmagyny haýyş edipdirler.

Türkmenistan barada maglumatlary çap edýän “Mertebe” YouTube kanalynda Türkmenabadyň “Železnodorožnyý” raýonyndaky protestdigi aýdylýan gysga wideo ýazgy ýerleşdirildi.

Lebap welaýatyna 27-nji aprelde gelen apy-tupandan we 4-nji maýda ýagan güýçli ýagyndan bäri, sebitlerde suw, tok ýaly birinji derejeli zerur hyzmatlar doly ýola goýulmandy.

13-nji maýda proteste çykan adamlar ýaşaýan sebitlerinde eýýäm iki hepde bäri elektrik üpjünçiliginiň ýokdugyny, kanalizasiýa ulgamlarynyň işlemeýändigi we bu sebäpli lagym suwlarynyň köçeleriň üstünde çaýkanyp durandygyny, ençeme gatly jaýlaryň ýerzeminlerini suwuň basandygyny aýdyp, nägilelik bildirdiler.

Şol günüň özünde sebite lagym we ýerzeminlere ýygnanan suwlary çykarmak üçin ýörite enjamlaşdyrylan ulaglar geldi diýip, turkmen.news belleýär. Emma elektrik üpjünçiligi heniz hem ýola goýulmandyr.

Neşir ýöriteleşdirilen tehnikanyň ýetmezçiligi ýagdaýlary has hem çylşyrymlaşdyrýandygyny nygtaýar. Maglumata görä, häzire çenli şäher assenizatorlary, ilkinji nobatda, ýerli resmileriň we olaryň ene-atalarynyň öýlerine we daça ýerlerine ýygnanan suwlary aýyrmak bilen meşgullanypdyrlar.

Turkmen.news şäherde abatlaýyş işleri bilen meşgullanýan Ýaşaýyş-jaý dolandyryş müdirliginiň işgärleriniň hem ýetmezçilik edýändigine ünsi çekýär. Türkmenabadyň merkezi sebitlerindäki jaýlaryň üçeklerini we diwarlaryny abatlamak işleri bilen diňe birnäçe brigadanyň meşgullanýandygy bellenilýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, ilatyň köçä çykmazyndan ozal, ýaşulular öz meseleleri bilen ýerli döwlet edaralaryna, şol sanda “Garaşsyzlyk” köçesiniň ugrunda ýerleşýän polisiýanyň edarasyna hem ýüz tutupdyrlar. Ol ýerde ýerli häkimligiň wekilleri bilen duşuşygyň guraljakdygyna söz beripdirler. Bu barada eşiden “Železnodorožnyý” sebitiniň ýaşaýjylary we beýleki türkmenabatlylar ir säherden polisiýanyň edarasynyň golaýynda toplanyp başlady diýip, neşir belleýär.

Sebitde aragatnaşyk mümkinçilikleriniň çäkli bolmagyna galýandygyny sebäpli, Azatlyk 13-nji maýdaky Türkmenabatdaky protest we ondan soňky görülýän çäreler barada häzirlikçe goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri Lebap we Mary sebitlerine gelen weýrançylykly, azyndan 35 adamyň ölümine sebäp bolan tebigy harasat barada, aradan üç hepde töweregi wagt geçse-de, bu wagt içinde ençeme hökümet maslahatlary geçirilse-de, häzirki güne çenli dymyşlygy saklamagyny dowam etdirýärler.

Mundan başga-da, harasady we ejir çekenlere döwletiň hemaýatyny resmi derejede tassyklamakdan geçen, resmiler zyýan çekenler üçin ilat arasynda özbaşdak guramalaşdyrylýan ýardamlaryň öňüni baglap, raýat raýdaşlygyny basyp ýatyrýarlar. Howpsuzlyk gulluklary maglumatlary Internete ýerleşdirenleriň türmä basyljakdygy bilen haýbat atýarlar.

Şol bir wagtda, Azatlygyň ýerli çeşmeleri merkezi we ýerli häkimiýetleriň weýrançylykly harasatyň netijeleri bilen göreşmäge gerekli, käbir sebitlerde, umuman, hemaýatyň asla-da edilmeýändigi sebäpli, ýerli ilatyň arasynda nägilelikleriň artýandygyny belleýärler.

“Adamlar ‘döwlet adam üçindir’ diýen şygary dowamly tekrarlaýan türkmen hökümetiniň, ilaty agyr günde ‘öz başlaryňyzy, özüňiz çaraň’ diýen ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz edip goýandygyny aýdyp, nägile bolýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG