Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harasat: Polisiýa maliýe kömegini paýlatmaýar, telefonlary barlaýar


Lebapda ilat weýrançylykly harasatyň netijeleri bilen birlikde, ýiti azyk gytçylygy we maliýe ýetmezçiligi bilen hem ýüzbe-ýüz boldy.
Lebapda ilat weýrançylykly harasatyň netijeleri bilen birlikde, ýiti azyk gytçylygy we maliýe ýetmezçiligi bilen hem ýüzbe-ýüz boldy.

Türkmen häkimiýetleri Lebapdaky harasatda ejir çekenlere hemaýat hökmünde, daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar tarapyndan meýletin ýagdaýda toplanan pul serişdeleriniň paýlanylmagynyň öňüni almaga synanyşýarlar. Howpsuzlyk gulluklary mätäçligi bolanlara pul serişdelerini paýlamakçy we harasat barada maglumatlar paýlaşmakçy bolýan raýatlara basyş edýärler. Türkmenistan 27-nji aprelde Lebapda gopan güýçli harasat we onuň netijeleri barada iki hepde soň hem dymmagyny dowam etdirýär.

“ABŞ-daky türkmenistanlylar Lebapdaky harasatda ejir çekenlere kömek bolsun diýip, 5 müň dollar töweregi pul topladylar. Maliýe serişdelerini Türkmenistana aşyrmagyň ugruny hem tapdylar” diýip, bu maliýe hemaýatyny toplamak boýunça guramaçylyk işlerine gatnaşan bir türkmenistanly anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ol bu maglumatyň syzyp çykandygyny, netijede Türkmenistandaky howpsuzlyk gulluklarynyň muny anyklap, Lebapdaky pullary paýlamaly raýata basyş edendiklerini aýtdy.

“Maliýe kömeginiň ugradyljak bolýandygy türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň dykgatyna ýetipdir. Olarda pullaryň anyk haýsy adama iberiljek bolýandygy barada hem maglumat bar eken. Howpsuzlyk işgärleri şol adamy soraga çagyryp, eger-de ABŞ-dan ýekeje dollar hem paýlanaýsa, onda onuň türmä basyljakdygy bilen haýbat atdylar” diýip, Azatlyk bilen geçen hepdäniň soňunda söhbetdeş bolan bir türkmenistanly gürrüň berdi.

Bu türkmen häkimiýetleriniň Lebapdaky we Marydaky ejir çeken ilata, şol sanda meýletin görnüşde ýardam bermekçi bolýanlaryň öňüne böwet goýýan ilkinji ýagdaýy däl.

Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, geçen hepde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna harasatdan ejir çekenlere ýardam bermek soraldy. Adamlar muny “uly höwes goldasalar-da”, ýolbaşçylar beriljek kömegiň birleşmäniň ýa-da oňa agza telekeçileriň adyndan däl-de, diňe döwletiň adyndan gowşurylmaga rugsat beriljekdigini duýdurdylar.

Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, türkmen resmileri, öňki ýyllarda hem bolşy ýaly, azyndan 30 adamyň ölümine getiren tebigy hadysa we onuň netijeleri barada dymmagyny dowam etdirýärler. Adam pidaly harasatdan bäri ençeme hökümet mejlisleri geçirilse-de, olarda ejir çeken adamlara nähilidir bir hemaýatyň edilýändigi, ýa-da, umuman, bu ugurda nähilidir bir işleriň göz öňünde tutulýandygy barada häzirki güne çenli hiç zat aýdylmaýar.

Hökümetçi regional bir neşir hadysadan bir hepde soň, harasat barada habar berse-de, ertesi güni bu maglumaty öz websaýtyndan öçürdi.

Bellemeli ýeri, Azatlygyň ýerli habarçylary bu neşiriň derrew jaýlaryň üçekleriniň we elektrik liniýalarynyň bejerilip başlanandygy, gysga wagtda agyz suwunyň, gaz üpjünçiliginiň dikeldilendigi, şäheriň köp böleginde elektrik üpjünçiliginiň dikeldilendigi baradaky habaryny tassyklamadylar.

Häkimiýetleriň dymyşlygynyň arasynda, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy Özbegistanyň bent böwsülmesiniň netijesinde heläkçilik çeken etraplaryna Türkmenistanyň zerur kömegi bermäge, degişli düzümleri dikeltmek üçin enjamlary, işçi güýjüni ibermäge... taýýardygyny aýtdy.

Lebapdaky ilatyň weýrançylykly harasatyň netijeleri bilen birlikde, ýiti azyk gytçylygy we maliýe ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan mahaly, Aşgabat goňşy Owganystana gumanitar kömegini ýollaýandygyny yglan etdi. Owganystanda “Talyban” jeňçileri tarapyndan talanan bu ynsanperwer kömegiň düzüminde azyk-iýmit harytlary, gök we miwe önümleri, towuk ýumurtgasy hem bardy.

Mundan başga-da, ýurduň gündogaryndaky weýrançylykly harasatyň indiki hepdesi, has takygy 5-nji maýda Berdimuhamedow Türkmenistanda öndürilen azyk önümleri, harytlary we materiallary Russiýa muzdsuz ibermek baradaky karara gol çekdi.

Türkmen hökümeti tarapyndan Lebapdaky we Marydaky harasatdan ejir çeken ilata ýeterlik kömegiň berilmeýändigi baradaky maglumatlaryň fonunda, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylar bu sebitleriň ilatyna ýaradam hökmünde pul toplamak boýunça başga-da birnäçe kampaniýalary başlatdylar.

Bu aralykda, Lebapda howpsuzlyk güýçleri harasat baradaky maglumatlaryň syzyp çykmagynyň öňüni almak boýunça hem çärelerini güýçlendirdiler.

Azatlygyň Türkmenabatdaky bir çeşmesi, şu gün, ýagny 11-nji maýda şäheriň ençeme mekdebine duýdansyz ýagdaýda polisiýa işgärleriniň gelip, ýokary klas okuwçylayryň mobil telefonlaryny barlandyklaryny aýdýar.

“Türkmenabadyň 21-nji mekdebinde sapagyň gidip duran pursady polisiýa gelip, okuwçylaryň telefonlaryny ýygnap başlady. Ýetişen okuwçylaryň käbiri telefonlaryny bildirmän penjireden zyňdy. Telefonlary ýygnap, olaryň içindäki maglumatlaryň barlanjakdygyny aýtdylar. Polisiýa harasat baradaky maglumatlary gözleýärdi. Polisiýa şäheriň beýleki mekdeplerine hem aýlandy” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren türkmenabatly bir okuwçy Azatlyga gürrüň berdi.

Resmi Aşgabat weýrançylykly tebigy hadysa we adam ýitgileri barada dymýan wagtynda düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasy 4-nji maýda türkmen häkimiýetlerini tankytlaýan beýanat çap etdi.

XS
SM
MD
LG