Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda adamlar ‘häkimiýetlere nägilelik bildirip, proteste çykdy’


Türkmenabatly ýaşaýjylar (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Türkmenabatly ýaşaýjylar (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň raýonlarynyň birinde adamlar nägilelikli proteste çykdylar. Bu barada garaşsyz turkmen.news neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, 13-nji maýda Türkmenabadyň ilat arasynda “Železnodorožnyý” atlandyrylýan sebitiniň ýaşaýjylary, häkimiýetleriň tebigy harasatyň netijelerini heniz hem aradan aýyrmandygyna we bu ugurda ilata ýardam etmeýändigine nägilelik bildirip, köçelere çykypdyr. Neşir bu maglumaty özüniň biri-birinden aýry iki çeşmesine tassyklatmagy başarandygyny aýdýar.

Neşir proteste çykan adamlaryň sany barada anyk maglumatyň ýokdugyny, emma bir çeşmesiniň “köçä çykan märekäniň içinden kynlyk bilen geçendigini” belleýär. Neşiriň ýene bir çeşmesi proteste çykan adamlaryň şäheriň “Garaşsyzlyk” köçesiniň bir bölegini petikländigini hem nygtaýar.

Bu aralykda, Türkmenistan barada maglumatlary çap edýän “Mertebe” YouTube kanalynda Türkmenabadyň “Železnodorožnyý” raýonyndaky protestdigi aýdylýan gysga wideo ýazgy ýerleşdirildi. Onda onlarça adamyň köçä çykyp, toplanyp durandygyny synlasa bolýar. Bu wideonyň ygtybarlylygyny häzirlikçe beýleki çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

Lebap welaýatyna 27-nji aprelde gelen apy-tupandan we 4-nji maýda ýagan güýçli ýagyndan bäri, sebitde, hususanda merkezi Türkmenabat şäherinde suw, tok ýaly beýleki birinji derejeli zerur hyzmatlar bilen birlikde, internet we aragatnaşyk üpjünçiligi hem doly ýola goýulmady.

Aragatnaşyk mümkinçilikleriniň çäkli bolmagyna galýandygyny sebäpli, Azatlyk 13-nji maýdaky Türkmenabatdaky protest baradaky maglumatlary häzirlikçe öz çeşmelerine tassykladyp we bu barada goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Turkmen.news neşiri protestiň netijeleri barada heniz maglumatyň ýokdugyny belleýär.

Ýatladyp geçsek, türkmen häkimiýetleri Lebap we Mary sebitlerine gelen weýrançylykly tebigy harasat barada häzirki güne çenli dymyşlygy saklamak bilen birlikde, sebitlerden munuň bilen baglylykdaky maglumatlaryň syzyp çykmagynyň hem öňüni almaga synanyşýarlar. Howpsuzlyk güýçleri raýatlaryň, şol sanda mekdep okuwçylarynyň mobil telefonlaryny barlap, Internetde wideodyr suratlary ýerleşdiren adamlaryň türmä basyljakdygy bilen haýbat atýarlar.

Azatlygyň Lebapdaky we Marydaky habarçylary merkezi we ýerli häkimiýetleriň, azyndan 35 adamyň ölümine sebäp bolan, bu harasatyň netijelerini aradan aýyrmaga ýardam etmeýändigini, adamlaryň harasatdan ejir çeken jaýlaryny öz hasaplaryna galdyrmaly bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

Türkmenistan Goranmak ministrliginiň düzüminde, şol sanda tebigy häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň täsirlerinden goramaga niýetlenen, Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi bolsa-da, onuň ýurduň gündogar sebitlerinde mundan üç hepde töweregi ozal gopan harasatyň netijeleri bilen göreşmekde nähilidir bir iş alyp barýandygy barada maglumat ýok. Bu barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden hem maglumat alyp bolmady.

Ýörite enjamlaşdyrylan gulluklaryň deregine, türkmen häkimiýetleri Lebap welaýatynyň beýleki etrapdyr şäherleriniň raýatlaryny mejbury ýagdaýda harasatdan soňky arassaçylyk işlerine çekýärler.

“Darganata etrabynda ýaşaýan adamlary tebigy harasatdan soňky hapalary toplamak üçin Farap, Seýdi, Saýat we Türkmenabat şäherlerine mejbury ugradýarlar. Çarwadar geňeşlikleriniň işgärleri, pagtaçy kärendiçiler, mekdeplerdäki işçiler hem hiç hili tölegsiz bu işlere mejbury çekilýär” diýip, Azatlygyň ýerli çeşmelerini biri gürrüň berdi.

Ol mejbury eltilen adamlaryň iýmit bilen üpjün edilmeýändigini, öz ýanlary bilen getiren pullarynyň hem gurandygyny sözüne goşdy.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleri harasady we ejir çekenlere döwletiň hemaýatyny resmi derejede tassyklamakdan geçen, zyýan çekenler üçin ilat arasynda özbaşdak guramalaşdyrylýan ýardamlaryň öňüni baglap, raýat raýdaşlygyny basyp ýatyrýar.

Bir tarapdan, türkmen häkimiýetleri harasatyň weýrançylykly netijelerini aradan aýyrmak üçin telekeçilerden, döwlet edara-kärhanalaryndan maliýe serişdelerini soraýan bolsa, beýleki tarapdan daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň meýletin ýygnan ýardam pullarynyň ejir çeken ilata gowşurylmagyna rugsat bermeýär. Galyberse-de, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň öz ilatynyň harasatyň netijelerinden, azyk ýetmezçiliginden kösenýän pursady, daşary ýurtlara tonnalap gumanitar kömeklerini ýollaýar.

Türkmen häkimiýetleriniň harasatlar barada dymmagyna, ejir çeken ilata gerekli ýardamyň etmeýändigine nägilelik bildirip, daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar hem ençeme protest çäresini geçirdiler.

11-nji maýda Kiprde ýaşaýan türkmen raýatlary, Türkmenistanyň welaýatlarynyň atlary, şeýle-de “Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halka kömek et!!!” ýazgyly plakatlary saklap, tupandan ejir çeken ilata hemaýatyň berilmegini talap etdiler.

Şeýle-de, şu aýyň başynda türkmen raýatlary Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňüne plakatly çykyp, adam pidaly tebigy harasatda ýogalanlara gynanç bildirdiler.

Resmi Aşgabat weýrançylykly tebigy hadysa we adam ýitgileri barada dymýan wagtynda düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasy 4-nji maýda türkmen häkimiýetlerini tankytlaýan beýanat çap etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG