Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pandemiýa we harasat wagtynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň "ynsanperwer missiýasy"


Düýbi Aşgabatda ýerleşýän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň "Mekan" köşgi. Aşgabat, 2009-njy ýyl. Arhiwden alnan surat.
Düýbi Aşgabatda ýerleşýän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň "Mekan" köşgi. Aşgabat, 2009-njy ýyl. Arhiwden alnan surat.

Bu gepleşikde daşary ýurtlarda ýaşaýan ençeme türkmen şu günler pandemiýa bilen baglylykda dürli kynçylyklara duçar bolýan wagty, şeýle-de Türkmenistanda ilat harasatdan ejir çekýän mahaly, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň gulluk edýän ynsanperwer maksatlary soraga tutulýar.

Türkmenistanyň hökümeti Owganystanda esasan etniki türkmenleriň ýaşaýan welaýatyna, Farýaba Remezan aýy mynasybetli 30-njy aprelde ynsanperwer kömek ugratdy. Onuň yzýany hökümet 5-nji maýda Russiýa Federasiýasyna Türkmenistanda öndürilen ýerli önümleriň muzdsuz iberilýändigini mälim etdi. Elbetde, Russiýa muzdsuz iberilen dokma we gurluşyk senagatyna degişli, şeýle-de azyk harytlaryndan ybarat 1000 tonna töweregi ýük “ynsanperwer kömek” atlandyrylmady. Hökümetçi bir neşir bu önümleriň Russiýanyň koronawirusdan ejir çekýän Astrahan oblastyna ugradylýandygyny habar berdi. Hem Owganystanyň Farýab welaýatynyň häkimi hem-de Russiýanyň daşary işler ministrligi ýörite beýanat bilen Türkmenistandan ugradylan harytlaryň kabul edilendigini tassykladylar.

Şu ýerde bir ýagdaý öz-özünden äşgär bolýar:

Türkmenistanyň ynsanperwer kömek ugradan Owganystanyň Farýab welaýaty-da, Russiýanyň Astrahan oblasty-da türkmen halkynyň arasynda etniki türkmenleriň ýaşaýan ýerleri hökmünde giňden tanalýar.

Mundan ozal metbugat maglumatlarynda Türkmenistanyň Owganystanyň Farýab welaýatyna hassahana we Russiýanyň Astrahan oblastyna mekdep gurup berendigi habar berildi.

  • Türkmen hökümeti soňky ýardamlar bilen dünýä türkmenlerine, iň azyndan ynsanperwer kömek ugradylan Farýab welaýatyndaky hem-de muzdsuz önüm iberilen Astrahan oblastyndaky etniki türkmenlere gol uzadýarmy?
  • Türkmenistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşigi diýlen bir gurama bar. Onuň syýasy ýa-da ykdysady gün tertibi ýok elbetde, ýöne ynsanperwer bileleşik häzirki wagtda tutuş dünýäde dowam edýän kyn döwürde, pandemiýanyň fonunda, munuň bilen baglylykda düýäniň dürli künjeklerinde köp adam, şol sanda ençeme türkmen iş, eklenç we syýahat bilen bagly kynçylyklara sezewar bolýan wagty, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşigi ynsanperwer maksatlara gulluk edip, dünýä türkmenlerine ýardam bermelimi? Nähili ýardam berip biler?
  • Indi taýagyň ikinji ujuna dolansak, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan dünýä türkmenleri isle Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň tagallalary bilen, isle özbaşdak başlangyçlara eýerip, ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistana, galyberse-de ýaňy-ýakynda harasatdan ejir çeken Lebap we Mary welaýatlarynyň halklaryna nähilidir bir ynsanperwer ýardam iberip bilermi? Taryhda daşary ýurtlarda ýaşaýan dünýä türkmenleriniň Türkmenistana beren nähili ýardamlary bar?
  • Internet giňişligindäki jemgyýetçilige açyk maglumatlarda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň ilkibaşda 90-njy ýyllaryň başlarynda Agzybirlik hereketiniň başlangyçlary bilen döredilendigi barada maglumatlar bar. Bileleşik haçan we nähili maksatlar bilen döredildi?

Şeýle soraglaryň töwereginde Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirdik.

Ony aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz!

Pandemiýa we harasat wagtynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň "ynsanperwer missiýasy"
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00


XS
SM
MD
LG