Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýa iýun aýynyň başynda ÝB serhetlerini açar


Milan. Kardona demirýol stansiýasynda otla garaşýan ýolagçylar. 4-nji maý, 2020.
Milan. Kardona demirýol stansiýasynda otla garaşýan ýolagçylar. 4-nji maý, 2020.

Italiýa 3-nji iýunda Ýewropa Bileleşiginden, Şengen zonasyndan we Monakodan gelýän syýahatçylar üçin ýurduň serhedinden geçmek baradaky çäklendirmeleri ýatyrar diýip, ýurduň hökümeti habar berýär.

“La Reppublica” gazetiniň maglumatyna görä, bu ýurtlardan gelýänleriň karantin astyna alynmagy zerur bolmaz.

Bu ädim syýahatçylygy dikeltmäge gönükdirilen we iki aý karantinden soň döwletiň ykdysadyýeti gaýtadan işe girizmegine kömek etmeli.

Syýahatçylyk pudagy Italiýanyň jemi içerki önümiň 14,3 göterimini düzýär diýip, habarda aýdylýar.

Italiýa milli derejede hereket çäklendirmelerini girizen ilkinji ýurt boldy. Bu çäre Lombardiýa we Weneto sebitlerinde ýüz beren koronawirus ýokaşmalaryndan soň görüldi.

Indi karantin düzgünleri kem-kemden ýumşadylýar. Içerki hereketlerdäki çäklendirmeler hem 3-nji iýuna çenli aýrylar.

Italiýanyň ÝB we Şengeniň daşyndaky ýurtlar bilen serhetleri azyndan 15-nji iýuna çenli ýapyk bolar. Geljek aýyň ortalarynda Ýewropa komissiýasy daşarky serhetleriň ýapylmagyny uzaltmak ýa-da uzaltmazlyk barada karar berer.

XS
SM
MD
LG