Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tussaglykdaky belarus bloggerine ýene 15 gün türme tussaglygy berildi


Sergeý Tsihanowskiýniň (Syarhey Tsikhanouski)

Belarusda awgust aýynda geçirilmegi planlaşdyrylýan prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmaga niýetlenen tussaglykdaky belarusly bloggere ýurduň günorta-gündogaryndaky Gomel şäheriniň sudy tarapyndan “rugsat berilmedik köpçülikleýin ýygnanyşyklary gurnamak” diýlip atlandyrylan çäre üçin ýene 15 gün türme tussaglygy berildi.

Sowet etrap kazyýeti bu karary 18-nji maýda yglan etdi, ýöne Sergeý Tsihanowskiýniň (Syarhey Tsikhanouski) anyk haýsy çäräni gurnamakda höküm edilendigini takyklaşdyrmady.

Tsihanowskiý YouTube saýtynda Belarusyň häkimiýetlerine garşy çykýan “Durmuş üçin ýurt” atly meşhur kanalyň eýesidir.

Ol ilkibaşda 6-njy maýda tussag edilip, dekabr aýynda Belarusyň Russiýa bilen integrasiýasyna garşy rugsat berilmedik ýörişlere gatnaşandygy üçin 15 gün türme tussaglygyna höküm edildi.

Tsihanowskiý we onuň YouTube kanalyna ýazylanlar, prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň, koronawirus pandemiýasyna garamazdan, Ýeňiş gününde uly harby parad geçirmek baradaky kararyna garşylyk görkezmek üçin, 9-njy maýda Babruýsk şäherinde “Anti-Parad” diýlip atlandyrylýan ýörişi geçirmegi planlaşdyrýardylar.

15-nji maýda Belarusyň Merkezi saýlaw komissiýasy Tsihanowskiýniň 9-njy awgustda geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgärligi üçin hasaba alyş resminamalaryny ret etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG