Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG we BSG Türkmenistanda medisina usullary boýunça seminar geçirýärler


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

ÝHHG we BSG Türkmenistanda barlag-geçiş nokatlarynyň işini düzgünleşdirmekde ulanyp boljak medisina usullary boýunça seminar geçirýärler.

Türkmenistanyň DIM-niň maglumatyna görä, seminaryň dowamynda ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de BSG-niň Ýewropadaky regiondaky býurosynyň ekspertleri ençeme meseläni, şol sanda halkara medisina-sanitariýa düzgünlerini we olaryň iş ýüzünde ulanylmagyny gozgapdyr.

19-nji maýda başlanan YHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň we BSG-niň Türkmenistandaky edarasy tarapyndan bilelikde guramalaşdyrylan iki günlük çärä bu edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler, Saglyk ministrlikleriniň we Serhet, Migrasiýa hem Gümrük gulluklarynyň wekilleri, şeýle-de Germaniýanyň ilçisi we BSG-niň Ýewropadaky regional býurosynyň bilermenleri gatnaşypdyr.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda COVID-19 ýokdugyny aýdýar. Häzirki wagtda BSG-niň Ýewropadaky regional býurosy Türkmenistandaky ýagdaýy öwrenmek maksatly öz missiýasyny ýollamagy planlaşdyrýar. BSG koronawirusyň ýokdugyny aýdan iki merkezi aziýa ýurduna Täjigistana we Türkmenistana öz bilermenlerini ibermek planlaryny 23-nji aprelde mälim edipdi. Halkara bilermenleriniň Täjigistana sapary dessine başa bardy. Täjigistan gysga wagtda koronawirusdan ýogalanlaryň hasaba alnan sany boýunça Merkezi Aziýada birini ýere çykdy.

BSG-niň Ýewropadaky regional býurosynyň Türkmenistana sapary maslahatlaşylýar. Edaranyň metbugat gullugynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, sapar ylalaşylypdyr, emma logistikanyň çylşyrymlylygy sebäpli "henizem üstünde işlenilmegi talap edýär".

Türkmenistanyň häkimiýetleri heläkçilikli COVID-19 keseliniň öňüni almak üçin taýýarlyklaryň "ählitaraplaýyn" we "ýokary derejede" guramalaşdyrylandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary ýaňy-ýakynda Aşgabadyň aeroportunda ýolagçylaryň gyzgynyny barlamak üçin ýörite guralyň oturdylandygy habar berýärler.

"Aeroportyň ýerli uçar gatnawynyň amala aşyrylýan ýerinde gyzgyny görkezýän guraly oturtdylar. Onuň golaýynda maskasyz we elliksiz lukman we polisiýa işgäri durýar. Öň ýolagçylaryň gyzgynyny el gurallary bilen barlaýardylar", - diýip habarçymyz 20-nji maýda habar berdi.

Habarçylarymyz ýurduň saglyk edaralarynda-da COVID-19 ýaýramazlygyna degişli işleriň geçirilýändigini, hususan-da olaryň işgärleriň türgenleşdirilmegine degişlidigi aýdylýar.

"Nyýazow adyndaky keselhanada işgärler ýakynda ýörite taýýarlanan otagda wirusdan goraýan geýimi geýmegi öwrenýärler. Hemmesi şol bir geýimi geýmeli bolýarlar", - diýip Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar. Şeýle-de, ol paýtagtyň medisina edaralarynyň köpüsinde saglyk işgärleriniň maskasyz we elliksiz işleýändigini aýdýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri uzak wagtlap koronawirusy agzamadylar we ilata bu keseli agzamagy gadagan etdiler.

Habarçylarymyz bu keseli agzamak gadagançylygyndan daşary lukmanlara we ilata COVID-19 keseline mahsus simptomlar barada geplemäge we olary hasaba almaga ýol berilmeýändigini aýdýarlar. Şu günki gün Türkmenistanyň ilaty COVID-19 barada esasan daşary ýurt metbugatyndan, şol sanda il içinde köp görülýän Orsýetiň we Türkiýäniň telekanallaryndan habar alýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG