Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan uçup baran çöl çekirtgeleri Özbegistanyň serhetýaka etraplaryna aralaşýar, daýhanlar aladaly


Azatlygyň habarçysy Lebap welaýatyna aralaşan çöl çekirtgeleriniň günorta-günbatar sebitlerden uç alýandygyny habar berdi.

Özbegistanyň Türkmenistan araçägine golaý Buhara, Horezm we Kaşkadarýa welaýatlaryna çekirtge howpy abanýar. Kaşkadarýanyň Nyşan, Güzer we Daýhanabat etraplarynyň daýhanlary maý aýynyň başlarynda goňşy Türkmenistandan uçup gelen çekirtgeleriň öz ekin meýdanlaryna aralaşmagyndan alada galýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy 7-nji maýda habar berdi.

Nyşan etrabynyň ekerançylarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, şu aýyň başlarynda etrabyň ekin meýdanlarynda çekirtgeler peýda bolup başlady.

“Häzirlikçe köp däl, emma howa gyzyp başlasa köpeler. On ýyl ozal derman sepenimizden soň, gidipdiler. Ynha, häzir ýene peýda bolup başlady” diýip, nyşanly daýhan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk bilen gürleşen özbegistanly ekerançylaryň sözlerine görä, ýurduň türkmen serhediniň ýakasynda ýerleşýän Buharanyň Alat hem-de Horezmiň Hazarasp etraplarynyň ekin meýdanlaryna-da çekirtgeler howp salýar.

Horezmli daýhan Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde çekirtgeleriň Türkmenistandan uçup gelýändigi sebäpli olaryň uç alýan ýerinde öňüne geçilmelidigini, ýogsam olara garşy göreşiň netijesiz boljakdygyny aýtdy.

Ondan ozal, 6-njy maýda Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy soňky wagtlarda Kerki etrabynyň ekin meýdanlaryna çekirtgeleriň we beýleki zyýankeşleriň hüjüm edýändigini habar berdi:

"Kerkiniň Çekir, Daşlyk, Mukrýaryk we Lebap daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlaryna, ýetişip oturan bugdaýlara, kartoşkalara we baglara günorta-günbatar sebitden çekirtgeler, mör-möjekler hüjüm edýär. Bu ýagdaý indi iki-üç gün bäri dowam edýär" diýip, habarçy ýurt içinden habar berdi.

"Soňky birnäçe günüň dowamynda ortaça 35 müň gektar ekin meýdany zaýalandy" diýip, lebaply bir daýhan habarçymyza gürrüň berdi.

“Ylmy çeşmelere görä, çekirtgeler günde 70-80 kilometrden 200 kilometre çenli ýol aşyp birnäçe müň kilometre çenli uçup bilýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy ýazýar.

Neşiriň habaryna görä, Kaşkadarýa welaýatynyň resmileri Türkmenistan bilen aradaky serhet çäkleriniň fitosanitariýa ýagdaýy barada türkmen resmileri bilen yzygiderli maglumat alyşýandyklaryny aýdýarlar:

“Türkmenistanyň biziň bilen serhetleşýän Lebap welaýatynda çekirtgeleriň köpelýändigi barada olardan (Türkmenistan tarapyndan) bize resmi hat geldi. Her gün syn edýäris, ýöne serhediň biz tarapynda heniz çekirtgeler onçakly köp däl. Muňa garamazdan, olara garşy pürküji enjamlary we pestisidleri taýýarladyk” diýip, Kaşkadarýa häkimliginiň oba hojalyk resmisi Özbek gullugyna gürrüň berdi.

Sebitde çekirtgeleriň, mör-möjekleriň we beýleki zyýankeşleriň köpelýändigi baradaky habarlar golaýda turan harasatdan soň dowamly ýagan ýagyşlaryň yzýanyna, şol bir wagtyň özünde bahar aýlarynda gök ekinleriň, haşal otlaryň we beýleki ösümlikleriň ösüp çykýan, bugdaýlaryň bokurdaklaýan wagtlaryna gabat gelýär.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Bereketli toprak” oba hojalyk gazetiniň maglumatyna görä, bahar aýlarynda zyýankeşleriň köpelmegi adaty ýagdaý.

“Ýaz paslynda howanyň maýlamagy bilen bugdaýly meýdanlardaky ýaşyl maýsalaryň ösüşi hem çaltlanýar. Şol bir wagtyň özünde bu döwür tebigatdaky mör-möjekleriň ýaşaýşynyň işjeňleşmegine hem oňyn täsir edýär. Biz peýdaly mör-möjeklerden başga-da, zyýanly mör-möjekleriň bardygyny hem unutmaly däldiris” diýip, neşir 4-nji maýda çap eden maglumatynda habar berdi.

Ýöne neşiriň maglumatynda Lebapda peýda bolan çekirtgeler barada agzalmaýar, oňa derek güýzlük bugdaýa zyýan ýetirýän ýasmyk we ondan goranmagyň düzgünleri barada okyjylara maglumat berilýär.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy 4-nji maýda çap eden resmi habarynda, häzirki wagtda beýleki käbir ýurtlar bilen bir hatarda günorta-günbatar Aziýa ýurtlarynda, şol sanda günorta Eýranda çöl çekirtgeleriniň köpelýändigini, olara garşy gözegçilik işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny habar berdi.

Azatlygyň habarçysy Lebap welaýatyna aralaşan çöl çekirtgeleriniň günorta-günbatar sebitlerden uç alýandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG