Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrowyň koronawirus ýokaşmak gümany astynda Moskwa äkidilendigi aýdylýar


Ramzan Kadyrow

Rus habar gulluklary Kreml tarapyndan goldanýan çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň koronawirus ýokaşmasy gümany astynda saglyk gözegçiliginde galýandygyny habar berýär.

"Interfaks" 21-nji maýda Moskwada bir saglyk çeşmesine salgylanyp, 43 ýaşly Kadyrowa "koronawirusyň ýokaşan bolmagynyň güman edilýändigini” aýtdy.

Garaşsyz online habar gullugy “Baza” Orsýetiň demirgazyk kawkaz sebitinde ýerleşýän Çeçenistanyň awtoritar lideriniň ýiti dem alyş wirusynyň alamatlaryny görkezenden soň, 20-nji maýda Moskwadaky iň oňat klinikalaryň birine uçar bilen äkidilendigi habar berdi.

Neşiriň ýazmagyna görä, pnewmonia diagnozy goýlan çeçen liderine koronawirus ýokaşan bolmagy ähtimal. Resmiler bu habary bada-bat tassyklamadylar.

Kadyrowa wirus ýokaşandygy baradaky habarlar Çeçenistanda we goňşy Dagystanda häkimiýetleriň hepde aýagynda adamlaryň bir ýere toplanmagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäklendirmeleri girizen wagtyna gabat geldi.


Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG