Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda we Balkanda biometriki pasport almak işleri wagtlaýyn togtadyldy


Türkmenistanyň pasporty.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap we Balkan welaýatlaryndaky bölümleri raýatlara biometriki pasport bermek işlerini wagtlaýyn togtatdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurt içinden habar berýär.

"Şu günler Lebabyň we Balkanyň Döwlet migrasiýa gulluklarynyň öňünde her gün 150-200 adam üýşýär. Ýöne 15-nji maýdan bäri bu ýere barýan adamlara biometriki pasport bermek işleriniň duruzylandygyny aýdýarlar. Gullugyň işgärleri raýatlara daşary ýurtlara sapar etmäge rugsat berýän bu pasportlaryň şu ýylyň oktýabryndan ýa-da 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan berlip başlanjakdygyny aýdýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 22-nji maýda gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, migrasiýa resmileri munuň sebäplerini Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabatdaky edarasynda biometriki pasportlaryň häzirlikçe gutarandygy bilen düşündirýärler.

"Türkmen biometriki pasportlary Ýewropada öndürilýär. Dünýäde häzirki ýagdaýlar sebäpli täze pasportlar gelip gowuşmady" diýip, habarçy migrasiýa resmileriniň biriniň raýatlara aýdan sözüni sitirledi.

Habarçy bu ýagdaýyň indi azyndan 8 aý bäri biometriki pasport almak üçin nobatlarynyň ýetmegine garaşýan adamlaryň arasynda nägileligiň döremegine sebäp bolýandygyny hem aýtdy.

"Şu günler migrasiya gulluklarynyň öňüne üýşýän adamlar munuň adalatsyzdygyny aýdýarlar. Migrasiýa resmileri bolsa, häzirki wagt daşary ýurtlara çykyp, sapar edip bolmaýandygyny belleýärler we "howlukmaň, daşary döwletlere gatnawlar dikedilýänçä, siziň zagran pasport meseläňizi çözeris" diýip, adamlary köşeşdirýärler" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy raýatlara biometriki pasport bermek işleriniň wagtlaýyn duruzylandygy barada Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap we Balkan welaýatlaryndaky bölümlerinden, şeýle-de Aşgabatdaky edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda üç ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmegi bilen, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we türkmen hökümetine ýakyn ynamdar çeşmeleriň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň sany görnetin artdy.

Türkmen raýatlarynyň hususan-da Russiýa, Türkiýe, Gazagystan, Kipr ýaly ýurtlara we arap döwletlerine iş gözleginde gitmäge, uzak möhletli ýa-da hemişelik göçüp gitmäge ýykgyn edýändigi aýdylýar.

Munuň bilen bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary raýatlaryň biometriki pasportlary almak bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň ýitileşendigini indi bir ýyla golaý wagt bäri habar berip gelýärler.

Pasport almaga arza tabşyrmak üçin ençeme aýa çekýän uly nobatlar bilen bir wagtda, dokumentleriň taýýarlanmagy we berilmegi hem ençeme aýa çekýär. Käbir halatlarda dokumentler sebäbi düşündirilmezden, asla berilmeýär diýip, şy ýylyň fewral aýynda Azatlygyň habarçysy Aşgabatdan habar berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň resmileri bu prosesiň näme sebäpden ençeme aýa çekýändigi barada resmi düşündiriş bermän gelýärler. Ýöne türkmenistanlylaryň käbiri munuň sebäplerini "pasport çykartmakdaky korrupsiýa”, synçylaryň ençemesi bolsa "raýatlaryň daşary ýurtlara gitmeginiň öňüni almak üçin görülýän çäreler" diýip düşündirýärler.

Türkmenistanyň hökümeti hemişelik ýa-da uzak möhletli esasda daşary ýurtlara göçen raýatlaryň sany barada takyk maglumatlary mälim etmeýär.

Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetine ýakyn ygtybarly çeşmeleriniň beren maglumatlaryna görä, soňky 10 ýyla golaý wagtyň dowamynda 2 milliona golaý adam ýurdy terk etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG