Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň Migrasia gullugy daşary pasport bermegi yza çekýär


Türkmenistanyň daşary ýurt ('zagran') pasporty

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary daşary ýurt pasportlaryny almakda döreýän kynçylyklar barada habar bermegini dowam etdirýärler. Pasport almaga arza tabşyrmak üçin ençeme aýa çekýän uly nobatlar bilen bir wagtda dokumentleriň taýýarlanmagy we berilmegi hem ençeme aýa çekýär. Käbir halatlarda dokumentler sebäbi düşündirilmezden, asla berilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Migrasiýa gullugynyň daşary ýurt pasportlarynyň berilmegini sebäbi düşündirilmezden yza çekýändigini habar berýär.

​"Türkmen migrasiýa gullugy daşary ýurt pasportlaryny bermegi yza çekýär. Soňky aýlarda edaranyň berýän jogabynda biz başda çagalara, maýyplara we pensionerlere berýäris diýilýär. Emma bu wagta çenli bu topara degişli ägirt uly sanly adama pasport berlip bilnerdi. Emma henize çenli pasportlar berilmeýär" diýip, Azatlygy habarçysy, pasport alyp bilmän ençeme aýlap garaşýan adamlaryň birnäçesine salgylanyp, Aşgabatdan habar berýär.

Onuň sözlerine görä, pasport almak üçin arza tabşyryp, eýýäm 4 aý bäri garaşýan adamlar bar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda daşary ýurt pasportyny almaga uly islegler bar. Pasport almak üçin ýüz tutmak boýunça nobatlara ýazylmak birnäçe aýdan ýarym ýyla çenli wagty talap edip bilýär. Käbir welaýatlarda tomsuň başynda arza tabşyrmak üçin raýatlar dekabryň aýagynda nobata ýazylypdy.

Habarçymyzyň bellemegine görä, daşary ýurt pasportyny almak isleýänleriň köpelendigi sebäpli dörän uly nobatlardan daşary, uzak wagtyň dowamynda pasport almak mümkinçiligi bolmadyk raýatlar hem az däl, olaryň arasynda goşa raýatlygy bolan adamlar bar.

"Meniň tanyşlarymdan dokumentleri kabul etmeýärler. Orsýetiň raýatlygyny 2003-nji ýyldan soň alan goşa raýatlykly adamlar barada gürrüň gidýär" - diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Türkmenistanyň we Orsýetiň arsynda goşa raýatlyk ylalaşygy 10 ýyllap saklanypdy we 2003-nji ýylyň aprel aýynda ýatyrylypdy.

2019-njy ýylyň tomsunda on ýyllyk arakesmeden soň türkmen-orsýet raýatlyklaryna eýe bolan adamlara daşary ýurt pasportyny bermek üçin dokumentlerini kabul edip başlady. Munuň netijesinde tomusda we güýze ençeme adam pasport alyp bildi.

Aşgabatdaky habarçymyzyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda migrasiýa häkimiýetleri goşa raýatlykly adamlara daşary ýurt pasportyny bermekden ýene-de ýüz öwürýär.

"Birnäçe gün mundan öň Orsýetiň raýatlygyna 2008-nji ýyldan bäri eýe bolan bir zenanyň dokumentlerini kabul etmekden ýüz öwürdiler. Ol häkimiýetleriň ähli talaplaryny berjaý etdi, durmuşa çykansoň içerki pasportyny çalyşdy, Orsýetiň daşary ýurt pasportyny täze familiýasyna üýtgetdi. Size pasport bermek üçin bizde hiç hili esas ýok, Orsýetiň raýatlygyndan el çekiň diýdiler" diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyndan düşündiriş almak başartmady.

Türkmenistanda daşary ýurt pasportlaryny almak islegleriniň artmagy ilatyň daşary ýurtlara köpçülikleýin gidýän döwründe ýüze çykdy. Azatlygyň hökümetdäki çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylyň başynda mälim bolan sanlar 10 ýylyň dowamynda 2 milliona golaý adamyň Türkmenistandan gaýdandygy görkezdi.

Mundan daşary, zähmet migrasiýasynyň depgini güýçlenýär. Türkiýe türkmenistanly zähmet migrantlarynyň barýan esasy ýurdy bolup durýar. Türkiýäniň häkimiýetleriniň maglumatlaryna görä, Türkiýä diňe bir 2019-njy fewral aýynda 21 müň türkmenistanly barypdyr we bu san ondan öňki ýyldan tas 30% ýokary bolupdyr.

2019-njy ýylda Türkmenistandan Orsýete hemişelik göçüp gitmek üçin göçme statusyna eýe bolmak isleýänleriň uly nobatlary saklandy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri migrasiýa meselesini agzamaýarlar, şeýle-de ilatyň migrasiýa derejesini, hatda ýurt ilatynyň sanyny resmi derejede yglan etmeýärler.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň Migrasiýa häkimiýetleri ilatyň ýurduň daşyna çykmagyna päsgel bermegini dowam etdirýärler. Günde onlarça adam sebäbi düşündirilmezden halkara reýslerinden, ilkinji nobatda Türkiýä barýan uçardan alnyp galynýar.

Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlaryna eýe bolmak we ýurduň daşyna çykmak boýunça islegleri Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi, işsizligi, azyk gytçylygyny, nyrhlaryň ýokarlanmagyny başdan geçirýän döwründe güýçlenýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG