Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurda barýan raýatlaryň Aşgabatda ýollary baglanýan wagty, häkimiýet bilen halkyň arasynda araçylar para bilen “ýol açýar”


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň halkara aeroportunda garaşýan adamlar.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň halkara aeroportunda garaşýan adamlar.

Türkmenistanyň migrasiýa häkimiýetleriniň ýurtdan dürli sebäpler, şol sanda iş gözleginde Aşgabadyň halkara aeroportundan daşary ýurtlara çykmak isleýän raýatlardan “araçylaryň üsti bilen” para talap edýändikleri barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde tutulmazlygyny soran bir okyjymyz 17-nji fewralda Azatlyk Radiosyna iberen hatynda duşenbe güni Aşgabadyň aeroportundan Stambula uçan bir türkmenistanly aýalyň türkmen migrasiýasyna $3500 möçberinde para berendigini aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, mundan ozal agzalýan aýal maşgala pasportynda bar bolan Türkiýe döwletiniň heniz wagty dolmadyk zähmet wizasyna garamazdan, hiç hili düşündirişsiz, türkmen häkimiýetleri tarapyndan Aşgabatdan goýberilmändir.

Ol aýal maşgala Stambula gonandan soň, onuň bilen telefonda gürleşendigini aýdan okyjymyz: “Bu gün oňa hiç hili gep-gürrüňsiz uçmaga rugsat berdiler” diýdi, ozal ýoly petiklenen raýatyň ýurtdan çykmak üçin migrasiýa işgärlerine araçylaryň üsti bilen $3500 möçberinde para berendigini aýtdy.

Ol Aşgabadyň aeroportunda migrasiýa işgärleri bilen ýurtdan para berip çykmak isleýän raýatlaryň arasynda “para söwdasyny” ýola goýýan araçylaryň hereket edýändigini mälim etdi.

Okyjy öz hatynda ýurtdan çykmak üçin migrasiýa häkimiýetlerine, olaryň araçylarynyň üsti bilen, uly möçberde para bermäge mejbur bolýan ençeme türkmenistanlynyň “gynançly tejribelerinden” özüniň habarlydygyny mälim etdi.

Ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanda häkimiýetler ýurt raýatlarynyň iş, gazanç gözleginde, ýurduň daşynda, hususan-da Türkiýe we Russiýa ýaly ýurtlara çykmagynyň ýoluny baglamak üçin tagalla edip gelýär.

Türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň hereket azatlyklaryny çäklendirmek, migrant işçileri ýoldan saklamak praktikalaryny has ýygjam ulanyp başlandygy beýleki garaşsyz neşirlerde çykýan maglumatlarda hem tassyk bolýar.

15-nji fewralda turkmen.news neşiri Aşgabadyň halkara aeroportunda Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň ýolagçylary düşündiriş bermezden reýslerden alyp galýandygyny habar berdi.

“13-nji fewralda “Türkmenhowaýollarynyň” T5901 gatnawly Stambula barýan uçaryndan 20 töweregi adamy düşürdiler” diýip, neşir ýazýar.

Onuň maglumatlaryna görä, reýsden alnan ýolagçylaryň tas ählisine “başlygy görmek üçin” onuň kabinetine barmaklyk tabşyrylypdyr.

Ýurtdan çykmagy gadagan edilenleriň “gara sanawyndan” azyndan 2 müň dollardan başlaýan para bilen çykyp bolýandygyny turkmen.news habar berýär.

“Hatda aeroportuň özünde-de reýsden düşürilenleri gözläp, aňry-bäri aýlanyp ýören araçylar bar. Olar görkezilen summa bilen “meseläni çözüp bermegi” teklip edýär, ýöne hiç kim kepil geçip bilmeýär” diýip, neşir maglumat berýär.

Türkiýe, iki ýurduň arasyndaky syýahat ýeňillikleri we dil umumylygy sebäpli, soňky on ýyllykda türkmen migrantlarynyň iň kän giden ýurdy hasaplanýar.

Geçen aýyň ortalarynda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri hem, Aşgabatdan Stambula barýan türkmen uçaryndan 20 töweregi biletli ýolagçynyň düşürilendigini habar berdi.

9-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary Lebap welaýatynda häkimiýet wekilleriniň türkmen migrant ýakynlary bilen duşuşyp, olardan Türkiýedäki bikanun migrant dogan-garyndaşlaryny yza dolamagy talap edip başlandygyny habar beripdi.

Döwlet mediasy türkmenistanly migrantlaryň ýurduň içindäki we daşyndaky problemalary barada maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG