Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýolbaşçylary COVID-19 BMG, Italiýa we Kanada bilen maslahat edýar, güýç edaralary pandemiýa şertinde işlemegi öwrenýär


Aşgabat

Türkmenistan COVID-19 keseliniň ýurt içinde ýokdugyny aýdýan hem bolsa, bu kesele we onuň netijelerine garşy göreş barada halkara jemgyýetçiligi bilen pikir alyşýar. Halkara guramalary Türkmenistana koronawirusa garşy göreş usullaryny öwredýär.

COVID-19 keseline garşy çäreler 20-nji maýda daşary işler ministri Reşit Meredowyň Kanadanyň daşary işler ministri Fransua-Filipp Şampan we Italiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Manlio di Stefano bilen geçiren gepleşiklerinde maslahat edilipdir. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň websaýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň we Kanadanyň resmileriniň söhbetdeşliginde COVID-19 pandemiýasy bilen bagly ýagdaý, onuň ykdysady we sosial täsirleri gozgalyp, sazlaşykly hereketleri etmäge taýýarlyk bildirilipdir.

COVID-19 bilen bagly häzirki ýagdaý Türkmenistanyň daşary işler ministriniň we Italiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Manlio De Stefanonyň arasynda geçirilen wideo konferensiýasynda gozgalypdyr.

Şu günler Aşgabatda Türkmenistanyň we BMG-niň 15-nji aprelde döredilen bilelikdäki işçi toparynyň COVID-19 keseliniň ykdysady täsirleri boýunça duşuşyklar geçirlip, Türkmenistana koronawirus infeksiýasynyň sosial-ykdysady ýagdaýa täsirinden saplanmaga ýardam berip bilmek gysgamöhletleýin çäreler planyna teklipler maslahat edildi. Bu barada ýarymresmi Orient neşri habar berýär.

Maglumata görä, 15-nji iýuna çenli taýýarlanmagy göz öňünde tutulýan bilelikdäki planyň ilat üçin saglygy saklaýyş hyzmatlarynyň hilini we elýeterliligini gowulandyrmak, ilatyň sosial goragyny üpjün etmek, iş orunlary we telekeçiligi goldamak ýaly çäreleri öz içine almagyna garaşylýar.

Mundan öň Türkmenistan COVID-19 pandemiýasynyň netijesinde agyr krizisi başdan geçirýän dünýä ykdysadyýetini dikeltmekde öz tejribesini paýlaşmaga isleg bildiripdi.

"Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda dünýä ykdysadyýetini dikeltmek üçin öz tejribesini paýlaşmaga taýýar" diýip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji aprelde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Gutteriş bilen dünýädäki COVID-19 pandemiýasy barada geçiren telefon söhbetdeşliginde aýdypdyr. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýarlar, şeýle-de onuň ýurtda ýaýramagyna garşy göreş üçin "ählitaraplaýyn taýýarlygyň ýokary derejede" görlendigini aýdýarlar. Döwlet habar serişdeleri global pandemiýa we onuň dünýä ýetirýän täsirleri habar bermeýärler, ýurduň içinde amala aşyrylýan çäreler barada hem maglumat bermeýärler. Türkmenistanyň ilatyna COVID-19 agzamak gadagan edilýär. Türkmen häkimiýetleri koronawirusa degişli gadagançylyklaryň sebäplerine resmi düşündiriş bermeýärler. Türkmenistan BSG-niň pandemiýanyň dowamynda beren sosial distansiýany saklamak we infeksiýadan goranmak üçin maska dakynmak ýaly esasy rekomendasiýalaryny berjaý etmeýär.

Häzirki wagtda halkara guramalary Türkmenistanda koronawirusa garşy göreş boýunça bilim beriji çäreleri geçirýärler. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi Türkmenistanyň güýç edaralary üçin barlag-geçiş punktlarynyň işini guramalaşdyrmak boýunça halkara saglyk düzgünleri barada onlaýn-trening geçirdi.

Türkmen metbugatyna görä, YHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň we BSG-niň Türkmenistandaky edarasy tarapyndan bilelikde guramalaşdyrylan iki günlük çäre 19-njy maýda başlanyp, oňa bu edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler, Saglyk ministrlikleriniň we Serhet, Migrasiýa hem Gümrük gulluklarynyň wekilleri gatnaşypdyr.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG