Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident COVID-19-a garşy göreş planyny makullady, Hazar kenarlaryna 'petiklenme' garaşýar


Wise-premýer Reşit Meredow ýurduň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny üpjün etmek baradaky plany prezidente hödürleýär.
Wise-premýer Reşit Meredow ýurduň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny üpjün etmek baradaky plany prezidente hödürleýär.

Türkmenistan goňşy Eýranda we sebitiň Täjigistandan beýleki ýurtlarynda koronawirus ýokaşmalarynyň pidalarynyň barha köpelýän wagtynda, köpçülik çärelerini, baýramçylyklary, sport ýaryşlaryny çäklendirmedik ýurt bolmak bilen tapawutlandy.

Türkmen hökümeti 15-nji maýda ýurtda ýekeje-de koronawirus näsagynyň hasaba alynmandygyny ýene bir gezek resmi taýdan tassyk etdi we, şol bir wagtda, türkmen mediasynda atlandyrylyşy ýaly, ýiti ýokanç kesele garşy durmagyň planyny makullady.

Wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredow ýurduň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny üpjün etmek baradaky plany prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Hökümet mejlisinde nygtalmagyna görä, Türkmenistanda ilatyň saglygyna howp salyp biljek wehimlere garşy göreşmek üçin ygtybarly binýat döredildi we täze ýiti ýokanç keseliň garşysyna durmagyň mäkäm esasy goýuldy.


TDH Berdimuhamedowyň hödürlenen plany makullandygyny habar berýär.

Döwlet baştutany wise-premýeriň ilatyň saglygy barada edilýän aladalar baradaky gürrüňleriniň üstüni ýetirip, Türkmenistanda bu ugurda gazanan üstünlikleriň, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek we ýok etmek boýunça görlen çäreleriň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýokary bahasyna mynasyp bolandygyny belledi.

Emma muňa garamazdan, ýerli synçylar we daşary ýurtlara saglyk syhatyna çykýan türkmenistanlylar ýerli saglyk hyzmatynyň derejesiniň hiliniň ýyl-ýyldan peselýändigini, lukmanlaryň hünär taýýarlygynyň ýeterlik däldigini aýdýarlar.

Bu ýagdaý adamlaryň bergi-borja girip, Eýran, Türkiýe, Hindistan ýaly dürli ýurtlardan derdine em gözlemegine alyp gelýär diýip, anonimlik şertinde gürleşen raýat aýtdy.


Resmi Aşgabat ýurtda çaga ölüminiň derejesi, eneleriň ölümi, lukmanlaryň ýalňyşlary netijesinde ýogalýan näsaglar, saglyk pudagynda çuň kök urandygy aýdylýan korrupsiýa, daşary ýurtlara saglyk syýahatyna gidýän raýatlaryň möçberi baradaky maglumatlary çap etmeýär.

Türkmenistanyň saglyk pudagyndaky problemalaryň ýitileşmegi ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň iş orunlaryny gazaply kemeltmeginden, sebitlerdäki hassahanalaryň, kiçi saglyk nokatlarynyň ýapylmagyndan uç alýar diýip, synçylar aýdýarlar.

2007-nji ýylda Aşgabatda häkimiýet çalşandan soň, Berdimuhamedow saglyk pudagynda hem uly reformalaryň geçiriljegini wada berdi, täze saglyk desgalary guruldy, olar daşary ýurt enjamlary bilen abzallaşdyryldy.

Emma muňa garamazdan, bilimdäki korrupsiýa, işdäki korrupsiýa meseleleri Berdimuhamedow döwründe has çuňlaşdy, saglyk işgärleriniň aýlyklary, beýleki pudaklarda bolşy ýaly, hünärmenleri para almaga itekleýär.


Häkimiýetler tarapyndan çözülmedik meseleleriň ählisi birleşip, soňky 25 ýylda ýokary saglyk işgärleriniň başga ýurtlara gitmegine getirdi we bu ýagdaý dowam edýär diýip, anonimlik şertinde gürleşen saglyk işgäri Azatlyga gürrüň berdi.

Ozalky saglyk ministriniň prezident bolmagy bilen, bir tarapdan iň döwrebap saglyk desgalarynyň gurulýandygy dogry, ikinji tarapdan halk tebipçiliginiň, dermanlyk ot-çöpleri ulanmagyň, yrymçylygyň döwlet, prezident derejesinde wagyz edilmegi hem adaty bir zada aýlandy diýip, radioynyň sözhbetdeşi aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäni alada goýan koronawirus ýokaşmalarynyň arasynda ýüzärlik tütetmek, unaş içmek, sazak pürüni we külüni ýokanç kesellere garşy ulanmak ýaly çykalgalary öňe sürüp, mediada koronawirus sözüni ulanmakdan saklanmaga çalyşdy.

Şeýle-de, Türkmenistan goňşy Eýranda we sebitiň Täjigistandan beýleki ýurtlarynda koronawirus ýokaşmalarynyň pidalarynyň barha köpelýän wagtynda, köpçülik çärelerini, baýramçylyklary, sport ýaryşlaryny çäklendirmedik ýurt bolmak bilen hem tapawutlandy.


Ozal bu meselede sebitde Aşgabadyň ýeke-täk ýarany bolan Duşenbe, BSG-niň Ýewropa boýunça bilermenleriniň missiýasynyň saparynyň öňüsyrasynda ýurtdaky koronawirus näsaglaryny resmi taýdan hasaba alyp başlady.

Bu missiýa sapar edeninden soň Täjigistanda COVID-19 hassalary hökmünde hasaba alnanlaryň sany 1000 adama golaýlady.

BSG-niň Ýewropa boýunça bilermenleriniň missiýasynyň COVID-19 boýunça Türkmenistana etmeli sapary heniz hem başa barmaýar. Şol bir wagtda garaşsyz mediada Türkmenabatda apreliň aýagynda gopan harasatda ýykylan çadyr lageriniň dikeldilendigi, çadyrlaryň we ýatylýan ýerleriň sanynyň artdyrylandygy hakynda maglumatlar peýda bolýar.

Azatlygyň Lebap welaýatynyň saglyk edaralaryndaky çeşmeleriniň 14-nji maýda beren maglumatyna görä, Türkmenabatdaky karantin astyna alnan adamlaryň köpelmegine garaşylýar.

Ikinji tarapdan, döwlet eýeçiligindäki metbugatda adamlaryň saglygyna abanyp biljek howp barada açyk gürrüň edilmeýär, oňa derek saglyk ministri Nurmuhammet Amannepesow “ilatyň doly derejede immunizasiýalaşdyrylandygyny” ynandyrmaga çalyşýar.

“Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýokanç kesel, şol sanda drakunkulez, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleri ýok edildi” diýip, ol 15-nji maýda hökümet maslahatynda beren hasabatynda aýtdy.


Şol bir wagtda-da, Türkmenistan köpçülik çärelerini, adamlaryň bir ýere köp bolup toplanmagyny dowam etdirmek ýörelgesinden belli bir derejede yza çekilmek kararyna gelene meňzeýär.

Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň şu tomus "Awazada" medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilmegini, Hazar deňzinde suwa düşülmegini çäklendirmek barada beren maslahat-geňeşine salgylanyp, ministr we prezident 15-nji maýda käbir çäklendirmeleriň giriziljekdigini yglan etdi.

Bu çäklendirmeler çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýy, koronawirusyň ösüşiniň ikinji tapgyryna garaşylmagybilen düşündirilýär, ýöne bu ýagdaýyň näme üçin “Awaza” hem-de deňiz kenarlaryna dahylly bolup, beýleki ýerlere dahylsyz bolmagynyň sebäbi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG