Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan daşary ýurtlarda raýatlaryň bank kartlaryndan 500 dollar nagtlaşdyrylmagyna rugsat berer, ýöne hemmä däl


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň hökümeti pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda karantinde galýan raýatlaryna olaryň türkmen banklaryndan berlen halkara bank kartlaryndan 500 dollar möçberinde pul nagtlaşdyrmagyna rugsat bermegi planlaşdyrýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy hödürlenýän täze mümkinçiligiň diňe daşary ýurtlarda bilim alýan studentlere degişli boljagyny habar berýär.

“Daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan talyplaryň karantini bilen baglylykda, Türkmenistanyň hökümeti 500 dollara çenli walýuta nagtlaşdyrmaga rugsat berjege meňzeýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji maýda habar berdi.

Aşgabadyň banklarynyň birindäki “Western Union” pul geçirim hyzmatynyň bir işgäri anonim şertde bu maglumaty teswirläp, daşary ýurtlarda karantinde galýan türkmenistanly studentler üçin 500 dollar möçberinde pul nagtlaşdyrmak mümkinçiligine rugsat berilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

21-nji maýda “Gündogar” saýty Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň bir işgärine salgylanyp, 500 dollara çenli artdyrylýan konwertasiýa limitiniň daşary ýurtlarda gysga möhletli galýan raýatlara we türkmenistanly syýahatçylara degişlidigini, onuň daşary döwletlerde uzak möhletli esasda ýaşaýan raýatlara, şol sanda migrantlara we studentlere degişli däldigini habar berdi.

Ýöne Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň işgäriniň köpçülige ýetiren maglumatynda täze limitiň degişli möhleti aýdylmaýar, onuň gündelikmi, hepdelikmi ýa-da aýlyk möçberdigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Türkmenistanda indi dört ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurtda walýutanyň resmi bahasy bilen onuň “gara bazardaky” nyrhynyň arasynda uçurym emele geldi.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň manada bolan resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklap gelýär, ýöne beýleki tarapdan gara bazarda manadyň hümmeti onuň resmi bahasynda 5-6 esse pesdir.

Goşa baha ýurt raýatlarynyň durmuşyna, telekeçileriň işine oňaýsyz täsir etdi. “Türkmenistanyň hronikasynyň” soňky habaryna görä, türkmen işewürleri bilen iş salyşýan rus telekeçileri hem walýutanyň Türkmenistandaky goşa bahasyndan şikaýat edýär.

22-nji maýda habarçymyz Aşgabatda dollaryň gara bazarda 23 manat 10 teňňeden satyn alnyp, 23 manat 50 teňňeden satylýandygyny habar berdi.

Global koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara hereketiň çäklendirilmegi daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň durmuşyny kynlaşdyrdy.

Habarçymyz häzirki wagtda Türkmenistandan “Western Union” pul geçirim hyzmaty arkaly aprel aýyndan bäri 200 dollar möçberinde maliýe serişdesini daşary ýurtda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatyna ugratmaga rugsat berilýändigini habar berýär.

Golaýda daşary ýurda bu tiz pul geçirim hyzmatynyň üsti bilen 200 dollar iberendigini anonim şertde habarçymyza tassyklan bir aşgabatly munuň üçin zerur resminamalaryň ýerbe-ýer bolmalydygyny sözüne goşdy.

Bellesek, fewral aýynda Mary welaýatynda daşary ýurtlara “Western Union” arkaly iberilýän puluň möçberiniň 50% kemeldilip, 100 dollara çenli düşürilendigi barada hem maglumatlar peýda bolupdy.

Türkmenistandan daşary ýurtlara walýutanyň resmi kursundan ibermäge rugsat berilýän puluň möçberiniň artdyrylmagy baradaky habarlar, golaýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň "wagtlaýyn çäre hökmünde" ýurtda walýuta amallarynyň hereket edýän tertibine gaýtadan seredilmegini talap etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG