Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen studenti tapan sistema ýalňyşy üçin Apple kompaniýasyndan 25 müň lira baýrak aldy


Türkiýäniň Hurriyet gazeti türkmenistanly Almaz Seýidowyň Apple kompaniýasynyň önüminde tapan sistema ýalşyşy üçin 25 müň lira baýrak alandygyny habar berdi.

Türkmenistanly Almaz Seýidow özüniň iPhone telefonuna oýnlary ýüklenjek bolanda sistema ýalňyşyny tapypdyr we bu barada Apple kompaniýasyna habar berip, 25 müň türk lirasy, ýagny $3,5 müň möçberinde baýrak alypdyr.

Türkiýäniň Hurriyet gazetiniň 22-nji maýda habar bermegine görä, 22 ýaşly Seýidow Türkiýä iki ýyl mundan öň baryp, Kastamonu uniwersitetiniň matematika fakultetine okuwa giripdir we okuwyň dowamynda tehnologiýalar bilen gyzyklanyp, Apple kompaniýasynyň önümlerinde sistema ýalňyşlaryny gözläp başlapdyr.

Mundan öňem Seidow Apple kompaniýasynyň önümlerinde ýalňyşlary anyklapdy. Ol öz dostunyň Apple telefonunda tapan ýalňyşy barada kompaniýa beren habary üçin 250 lira pul gazanypdy we şol brendiň telefonlary bilen gyzyklanmasyny dowam etdiripdi.

Bu gezek ýaş ýigit Apple Stordan oýunlary ýüklejek bolanda tapan sistema ýalňyşy barada kompaniýa ýetiren habary üçin, 25 müň lira pula we minnetdarlyk hatyna eýe boldy.

Seýidow boş wagtynda telefondaky oýunlary oýnamagy halaýandygyny aýdýar.

«Men satyn alan iPhone telefonumda oýunlary ýükleýän Apple Store programmasyny ýükledim we onuň ýüklenmegine rugsat berip, sistemadan çykdym. Soňra men oýny işletjek bolup sistema girenimde telefon petiklendi we doňdy. Men ony ýene işletdim we programmanyň gurallaryna seredenimde olaryň ählisi işledilipdir. Men ýene bir gezek synanyşdym, emma başdakysy ýaly ýene-de şol problema döredi, şonda men sistema ýalňyşynyň dörändigine göz ýetirdim. Men Appliň sistema hatasyny tapdym we bu barada habar berdim. Olar maňa ýalňyşyň bolandygyny aýdyp, minnetdarlyk hatyny iberdiler we 25 müň lira pul berdiler. Bu meni örän begendirdi" diýip, Hurriyet gazeti türkmenistanly Almaz Seýidowy sitirleýär.

Seýidow beýleki kompaniýalaryň önümlerindäki ýalňyşlary gözlemek bilen meşgullanmakçy bolýar.

"Men şeýle ýalňyşlaryň Türkmenistanda kimdir-biriniň tapandygyny eşitmedim. Bu meniň üçin buýsanç boldy. Bu gezek men uly ýalňyşlyklary tapanyma we gowy baýrak alanyma örän geň galdym we begendim" diýip, türkmenistanly student Almaz Seýidow aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG