Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harasatdan soň Türkmenabatda ýürek-damar diagnozy bilen keselhana ýerleşdirilýän hassalar köpelýär


Illýustrasiýa suraty. Ýoluň gyrasynda duran "Tiz kömek" ulagy. Türkmenabat.
Illýustrasiýa suraty. Ýoluň gyrasynda duran "Tiz kömek" ulagy. Türkmenabat.

Türkmenabatda apreliň ahyrynda gopan harasatdan soň, ýaşaýjylaryň arasynda giň ýaýran çykgynsyzlyk, stres we çäresizlik bilen baglylykda şäher keselhanasyna ýürek-damar keselleri we insult bilen ýerleşdirilýän hassalaryň sany köpeldi. Olaryň arasynda aradan çykýan adamlar, ömürlik ysmaz galýan näsaglar hem bar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir ýerli lukmanyň anonim şertlerde beren maglumatlaryna salgylanyp, şeýle diagnoz bilen keselhana ýerleşdirilýän hassalalaryň köpüsiniň 45-65 ýaş aralygyndaky adamlardygyny habar berýär.

“Hut meniň özüm tupanyň ýetiren zyýany sebäpli stres geçiren we sag tarapy ysmaz galan bir adamy tanaýaryn” diýip, habarçy aýtdy.

“Sagat adam bir ömür işleýär, gazanýar, bina galdyrýar we bir günüň içinde güýçli stres sebäpli ýüregi çydaman maýyp galýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Bularyň hemmesi kynçylykly ýaşaýyş-durmuş şertleri, eklenç aladalary sebäpli bolýar we haçan-da bir günüň içinde hemme zady ýitireniňde, ýürek oňa çydamaýar” diýip, bir hassa anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Bir adam tupanyň ertesi güni syrkawlap, döşünde nähilidir bir näsazlyk duýýar, zäherlenendirin öýdýär, gyssagly lukman çagyrýarlar. Ol bolsa näsaga 2-3 metr aradaşlykdan seredip, birnäçe sorag berýär we hassany hiç ýere kabul edip bilmejekdiklerini aýdyp, ol ýerden gitmek bilen bolýar. Bu ýagdaýdan närazy bolan hassa garyndaşlary, lukmandan iň bolmanda onuň gan basyşyny we beden gyzgynlygyny ölçemegini haýyş edýärler. Ýöne lukman özüniň maskasyzdygyny aýdyp, hassalaryň golaýyna baryp bilmejekdigini aýdýar. Garyndaşlary onuň şeýdip, hassany barlaman gidendigini aýdýarlar. Şol adam ertesi güni aradan çykdy, görüp otursalar insult geçiripdir. Lukmanlar hatda ýönekeý diagnozy hem goýup bilmeýärler, ýogsam bolmasa bu işini bilýän lukman üçin örän ýönekeý ahyryn” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Türkmenabatda ýene bir adam bir meňzeş alamatlar bilen keselhana äkidilýär, ýöne welaýat hassahanasynda lukmanlar ony kabul edip bilmejekdiklerini aýdýarlar. Haçan-da onuň garyndaşlary nägilelik bildirenden soň, lukmanlar hassany reanimasiýa geçirýärler. Onuň ýagdaýlary has-da erbetleşip başlaýar, we ömrüniň soňky minutlarynda garyndaşlaryny onuň ýanyna goýbermeýärler, şeýdip ol şol ýerde aradan çykýar.

“Olaryň ikisi-de 50 ýaşdan sähel ýokary adamlardy” diýip, habarçy aýdýar.

Habarçynyň gürrüňdeş bolan orta ýaşly näsaglarynyň biri Aşgabatda daşary ýurt firmalarynyň birinde işleýän ekeni we aýlyk haklaryny walýutada alýan ekeni, Türkmenabada bolsa dynç alyşa barypdyr:

“Aýlyk haklarynyň döwlet kursundan manatda beriljekdigini eşidip, ol aladalanyp başlaýar. Uly ogly täze jaý salynýan ekeni, tupan olaryň üçeklerini uçurýar. Häkimiýetlerden hem hiç hili kömek bolmansoň, ol adamyň sag tarapy ysmaz bolup galdy” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Ysmaz galan adamlara, oňardygyndan, garyndaşlarynyň özleri kömek edýär. “Olaryň esasan derman çykdajylary bar. Hassahanalarda hiç zat ýok, ogurlaýarlar, döwlet hatda iň zerur dermanlar bilen hem üpjün etmeýär” diýip, bir hassa hossary Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda 27-nji aprelde güýçli tupan turdy. Güýli şemalyň netijesinde ýaşaýyş jaýlary, durmuş infrastrukturalary, oba hojalyk ekinleri uly zyýan çekdi. Onlarça adamyň heläk bolmagyna getiren güýçli howa hadysasy, onuň netijeleri we dikeldiş işlerine berilýän ýardamlar barada türkmen hökümeti henize çenli dil ýarman gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG